6-njy dekabrda şu ýylyň on bir aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy beýan edildi. Durmuş-ykdysady ösüşde gazanylan bu netijeler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň miwesidir.6-njy dekabrda şu ýylyň on bir aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy beýan edildi. Durmuş-ykdysady ösüşde gazanylan bu netijeler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň miwesidir.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda amala aşyrylýan diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň
häzirki çylşyrymly şertlerinde hem milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny
ýokarlandyrmagyň netijeli ugry bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň
çig mal öndürýän ýurtdan innowasion häsiýetli taýýar önümleri öndürýän ýurda
öwrülmeginiň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barlan we häzirki döwürde Arkadagly
Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän diwersifikasiýa syýasatynyň
esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. Bu syýasaty ykdysadyýetinde
ýangyç-energetika pudagynyň tutýan orny uly bolan döwletlerde oýlanyşykly amala
aşyrmak ykdysady howpsuzlyk nukdaýnazardan möhüm bolup durýar.
Häzirki döwür -
dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşýan döwri. Bu ýagdaý ykdysadyýetde, durmuş
çygrynda we ylym-bilim ulgamlarynda birnäçe çagyryşlarynyň ýüze çykmagyny
şertlendirýär. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bu hadysanyň amatsyz
täsirini peseltmegiň we aradan aýyrmagyň netijeli guraly bolup çykyş edýär. Gaýtadan
işleýän senagaty we hyzmatlar bazaryny ösdürmegiň esasynda ykdysadyýetiň
köpugurly ösüşiniň üpjün edilmegi milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine ýardam
berýär. Asyl manysy boýunça ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy
ykdysadyýete harytlary öndürmekden we hyzmatlary ýerine ýetirmekden gelýän
girdeji çeşmeleriniň ugurlarynyň artdyrylmagyny aňladýar. Dünýä tejribesinden
görnüşi ýaly, diwersifikasiýa esasynda ösdürilýän ykdysadyýetler özüniň
durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Çünki ykdysadyýetiň
diwersifikasiýalaşdyrylmagy makroykdysady deňagramlylygy saklamaga päsgel
berýän ol ýa-da beýleki önümçilik we eksport ýöriteleşmesine garaşlylygy
azaldýar, içerki hem-de daşarky amatsyz şertlerde-de ykdysady howpsuzlygy
pugtalandyrýar, täze, tehnologik taýdan has çylşyrymly bolan ýa-da importy
çalyşýan önümleri öndürmek üçin şertleri döredýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň on
bir aýynda durmuş-ykdysady ösüşde gazanylan netijeler hem aňryýany bilen
tassyklaýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen
önümiň möçberiniň 12,1 göterim ýokarlanmagy önümçilikde hem-de hyzmatlar
bazarynda ýurdumyzda jemlenen tebigy, maliýe we zähmet serişdelerinden ýerlikli
peýdalanylandygyndan, ykdysadyýetiň pudaklarynyň arasynda ýola goýlan sazlaşykly
gatnaşyklaryň netijesinde durnukly ösüşiň gazanylandygyndan habar berýär.
Hasabat
döwründe ykdysadyýetiň senagat we oba hojalyk pudaklarynda gazanylan oňyn
netijeler durnukly ösüşi üpjün etmekde ykdysadyýetiň bu binýatlaýyn
pudaklarynyň mümkinçilikleriniň uludygyny görkezýär. Geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, senagatda 2,2 göterim we oba hojalygynda 5,3 göterim
ösüşiň üpjün edilmegi ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakda olara möhüm
ornuň degişlidiginiň aýdyň görkezijisidir.
Milli
ykdysadyýetimizde bazar gatnaşyklarynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy gurluşyk
pudagynda eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagyny şertlendirdi.
Ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde bu pudak möhüm orunlaryň birini
eýelemek bilen, ösüşiň çalt depgini esasly tapawutlanýan häzirki döwürde döwletiň
we hususyýetçileriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrýan täze
usullaryň gözlenilmegini talap edýär. Şeýle bolansoň, gurluşyk pudagynda
ösdürilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlyk iki tarapyň hem bähbitlerini nazara almagyň
netijeli usuly hasaplanýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu
ýylyň ýanwar - noýabr aýlarynda gurluşyk pudagynda 11 göterim ösüşiň üpjün
edilmegi munuň şeýledigini aňryýany bilen subut edýär.
Ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň gowulanmagynda
ulag we aragatnaşyk ulgamyna möhüm orun degişlidir. Mejlisde ýanwar - noýabr
aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 7,1 göterim ösüşiň gazanylandygy nygtaldy. Bu
sanlar ýurdumyzda durnukly
ykdysady ösüşi gazanmakda ulag-logistika pudagyna aýratyn orun degişlidigine
şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýyndan peýdalanyp,
ulag-logistika pudagynyň ösdürilmegi, birinjiden, milli harytlaryň amatly ulag
geçelgeleri arkaly dünýä bazaryna çykarylmagyna ýardam berýändigi, ikinjiden,
üstaşyr ýükleriň artdyrylmagyna we üçünjiden, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň
işjeňleşdirilmegine getirýändigi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda
ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynda döwletleriň arasynda ulag we aragatnaşyk
ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesiniň möhüm ugurlaryň biri
hökmünde kesgitlenmegi onuň yklymlary birleşdirmekde, ykdysadyýeti ösdürmekde
ähmiýetiniň uludygyna güwä geçýär. Çünki ýurdumyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň,
Gündogaryň we Günbataryň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi içerki
ösüş üçin, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat edýän möhüm
esas hökmünde çykyş edýär.
Häzirki zaman ykdysady galkynyşyň esasy aýratynlygy hyzmatlar bazarynyň
depginli ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Bu aýratynlyk ykdysady taýdan ösen
ýurtlarda has-da äşgär duýulýar. Postindustrial jemgyýetde hyzmatlar
ykdysadyýetiň öňdebaryjy ulgamlarynyň biri bolup, ol jemi içerki önümiň
düzüminiň agramly bölegini eýeleýär. Şonuň üçin-de, bu ulgamda beýleki
pudaklardyr ulgamlara garanyňda, iş bilen meşgullanýanlaryň köpelýändigi hem kanunalaýyk
ýagdaýdyr. Ykdysady taýdan ösen döwletlerde iş bilen meşgullanýanlaryň umumy
sanynda hyzmat ediji işgärleriň 60 göterimden 70 göterime çenli bolmagy ykdysady
ösüşi üpjün etmekde bu ulgamyň tutýan möhüm ornuna göz ýetirmäge mümkinçilik
berýär.
Hyzmatlar ulgamy islendik jemgyýetiň ykdysadyýetiniň wajyp düzümini emele
getirmek bilen, ol ilatyň isleglerini üpjün etmekde möhüm orunlaryň birini
eýeleýär. Şu ýylyň ýanwar - noýabr aýlarynda hyzmatlar ulgamynda, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,7 göterim ösüşiň gazanylmagy ýurdumyzda
hyzmatlar bazarynyň geriminiň barha giňeýändiginden habar berýär. Bu ulgamda
işleriň guralyşynyň esasy aýratynlygy hyzmatlary kärhanalar, edaralar,
guramalar, şeýle-de şahsy taraplaryň ýerine ýetirýändigi bilen baglanyşyklydyr.
Hyzmatlar ulgamy ýaşaýyş-jaý, gurluşyk, elektroüpjünçilik, gaz üpjünçiligi,
ýylylyk bilen üpjünçilik, suw üpjünçiligi, ulag hyzmatlary, ätiýaçlandyryş, aragatnaşyk,
bank we söwda hyzmatlary ýaly görnüşler bilen bir hatarda, lukmançylyk, bilim,
hukuk, maliýe, syýahatçylyk, terjime etmek ýaly durmuş häsiýetli hyzmatlary hem
öz içine alýar.
Önümçiligiň çylşyrymlylaşmagy,
ylmy-tehniki ösüşiň täsiriniň güýçlenmegi, şeýle-de ilatyň gündelik sarp
edilýän harytlara bolan islegleriniň günsaýyn artmagy hyzmatlaryň täze
görnüşleriniň ýüze çykmagyna esas döredýän sebäplerdir. Ýokary islegden
peýdalanýan dürli harytlary ýerlemek üçin ösen hyzmatlar ulgamyň bolmagy zerur
şertleriň biri hasaplanýar. Şunda tehnikalaryň we tehnologiýalaryň ösmegi
hyzmatlar bazarynyň depginli ösüşine güýçli itergi berýär, netijede, onuň ykdysadyýetiň
möhüm pudagyna öwrülmegine ýardam berýär. Postindustrial jemgyýetde taýýar
önümleri ýerlemek we guramak bilen bagly dolandyryş işini oýlanyşykly amala
aşyrmak hyzmatlar bazarynda alynýan girdejiniň möçberlerini has-da artdyrmagyň
ygtybarly ýoly bolup durýar.
Döwletimiziň
häzirki ösüş tapgyrynda býujet, maliýe, salgyt, baha, daşary söwda ýaly düzüm
bölekleri ykdysady syýasatyň gurallary bolup çykyş edýär. Bulary ulanmak arkaly,
döwlet öňde goýlan maksatlara ýetýär. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň Döwlet
býujetiniň girdejiler bölegini artdyrmak hem-de dekabr aýynyň 20-ne çenli
zähmet haklaryny doly maliýeleşdirmek bilen bagly beren tabşyryklary halk
barada edilýän aladanyň aýdyň görkezijisidir. Döwlet býujetiniň girdejiler
böleginiň, esasan, salgytlaryň hasabyna emele getirilýändigini nazara alsak,
onda eýeçiligiň dürli görnüşindäki bar bolan kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy
hem-de täze kärnanalaryň döredilmegi salgyt töleýjileriň sanynyň artmagyna
getirýär.
Dürli ugurlarda gazanylan
ykdysady we durmuş ähmiýetli ösüşler hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp
barylýan köpugurly döwlet syýasatynyň oňyn netijelerini berýändigini, şonuň
bilen birlikde, halkymyzyň bagtyýar hem-de bolelin ýaşaýşynyň üpjün
edilýändigini nobatdaky gezek subut edýär.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, №320 (31255) 14.12.2024ý.