YKDYSADY ÖSÜŞIŇ TÄZE BELENTLIKLERINI NAZARLAP

  1. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da pugtalandyrmak, girdejilerini artdyrmak, iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly çäreler täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Ilatyň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanmagy halkyň hal-ýagdaýynyň barha gowulanýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Ol milli ykdysadyýetiň ösen derejesinden habar berýär. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy döwletimizde durmuş ugurly ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.

 

Türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniljek 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynda uly many bar. Geçen 30 ýyl ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň häzirki abadan we durnukly ösüşimizi üpjün edýän esasy möhüm şertleriň birine öwrülendigini görkezdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän durmuş özgertmeleri durmuş ösüşli döwlet hökmündäki ornumyzy pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de amatly şertleri döretjekdigine ynamy berkidýär.

Durmuş syýasaty jemgyýetiň durmuş-ykdysady şertlerini sazlaşdyrmak boýunça döwletiň alyp barýan işidir. Ol islendik döwletiň içerki syýasat ugrunyň möhüm bölegini düzýär. Ilatyň dürli toparlarynyň içinde we olaryň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary saklamak bilen, jemgyýetiň her bir agzasynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegi, ilatyň jemgyýetçilik önümçiligine gatnaşmagy üçin ykdysady höweslendirmeleriň döredilmegini kepillendirmegi bu syýasatyň gurşap alýan meseleleriniň çuňlugyny we geriminiň giňligini görkezýär.

Häzirki zaman jemgyýetinde durmuş syýasatynyň üstüne özara bagly esasy wezipeleriň ikisiniň – goramak we ösdürmek wezipeleriniň ýüklenilmegi jemgyýetçilik ösüşi üpjün etmekde onuň eýeleýän wajyp ornuna şaýatlyk edýär. Bu syýasatyň goramak wezipesi ilatyň ejiz gatlaklaryna durmuş taýdan ýardam bermek arkaly berjaý edilýär. Munuň özi, köplenç ýagdaýda, ilatyň köp böleginiň ätiýaçlandyryş we býujet-salgyt gurallary arkaly gorag giňişligine çekilmegine ýardam berýär. Mysal üçin, ildeşlerimiziň işleýän döwründe hökmany we meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen gurşalmagy pensiýa ýaşynda ýaşaýyş derejesini durnukly saklamak, durmuş-ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek üçin baş şert bolup durýar. Käbir sebäplere görä işlemedik raýatlara, pensiýa ýaşyna ýetende, durmuş kömek pulunyň bellenilmegi ýurdumyzda ynsanperwerlige ýugrulan durmuş syýasatynyň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

Durmuş syýasatynyň aýratyn ugurlarynyň ýene biri hem ösüşleri üpjün etmek bilen baglydyr. Hususan-da, önüm öndürmeýän, ýagny bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ýaly ulgamlarda durmuş taýdan örän ähmiýetli amatlyklary döretmek onuň wajyp meseleleriniň biridir. Bu ulgamlaryň berýän netijesi diňe bir aýry-aýry sarp edijileriň durmuş şertlerinde däl, eýsem, tutuş jemgyýetde hem öz beýanyny tapýar. Durmuş derejesi ýokary bolan maşgalalaryň sany köp boldugyça, döwletlilik esaslarymyz şonça-da pugtalanýar. Munuň şeýledigini şu günki ajaýyp durmuşymyzyň mysalynda görmek bolýar.

Aslynda, islendik döwletde amala aşyrylýan durmuş we ykdysady strategiýanyň ýakyn arabaglanyşygy ykdysady, tehnologiýa, gurluş we beýleki ugurlardaky özgertmeleriň geriminidir hilini kesgitleýär. Durmuş şertleri sarp edilýän maddy we ruhy serişdelerdir. Döwlet ilaty durmuş hyzmatlary bilen näçe köp üpjün etse, şonça-da maddy we ruhy eştretleriň jemgyýetde gyradeň bölünmegine ýardam berýär. Şeýle çemeleşme özüniň düýpli işjeňligi hem-de çeýe häsiýeti bilen tapawutlanyp, döwletiň durmuş ulgamynda bolup geçýän hadysalara goşulyşmagyny üpjün edýär hem-de ýaşaýyş serişdelerini paýlamakda tutýan ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga mümkinçilik döredýär. Häzirki döwürde pensiýalaryň dürli görnüşleriniň bolmagyny adamlaryň durmuşynda gabat gelýän hadysalaryň her dürlüdigi, durmuş töwekgelçilikleriniň sanynyň köpdügi bilen düşündirip bolar. Ýüze çykýan durmuş hadysalarynyň ýaramaz täsirinden goramak ýa-da ony gowşatmak maksady bilen, kanunçylykda pensiýalaryňdyr döwlet kömek pullarynyň birnäçe görnüşleriniň göz öňünde tutulmagy, ýurdumyzyň adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirilýän döwletdigini tassyklaýar. Ilatyň girdeji çeşmeleriniň biri hökmünde her ýylda pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy hemmeleri guwandyryjy ýagdaý bolup, ol halkara giňişlikde ýurdumyzyň durmuş ösüşli döwlet hökmündäki ornuny pugtalandyrýar.

Adam bähbitlerine gönükdirilen bu syýasatyň häsiýeti we mazmuny döwletiň jemgyýetde bolup geçýän durmuş hadysalaryna aralaşmagy bilen kesgitlenýär. Bazar gatnaşyklarynyň giň gerimde ösdürilmegi netijesinde, ilatyň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi bilen bagly birnäçe meseleleriň ýüze çykmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şeýle şertlerde zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy pes bolan käbir ilat toparlaryny, ýagny entek anyk hünäri doly ele almadyk ýaşlary, göwreli we çagaly aýallary, ýaşululary, maýyplary durmuş taýdan goramak möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şunda berjaý edilmegi bazar gatnaşyklaryna başartmaýan wezipeleri ýerine ýetirmek döwletiň paýyna düşýär. Döwlet derejesinde kabul edilýän kararlardyr çözgütler, durmuş maksatly çäreler we toplumlaýyn maksatnamalar ony amala aşyrmagyň gurallary bolup durýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» adam maýasyny ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksadynyň esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenýär. Hojalyk gurluşynda ykdysady syýasatyň ähli serişdeleri şu meseläniň çözülmegine gönükdirilyär. Şeýle syýasatyň jemgyýetiň bähbidine gönükdirilen tapawutly taraplary ilaty iş orunlary we sarp edilen zähmetiň mukdaryna hem-de hiline laýyk gelýän aýlyk iş haklary bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändiginden ybaratdyr.

Ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde ilatyň iş bilen üpjünçilik ugry ileri tutulýar. Ilatyň ykdysady işjeňligini artdyrmak arkaly adamlaryň döredijilik we zähmet mümkinçiliklerini abadançylyga, gülläp ösüşe gönükdirmek, ilatyň zähmete ukyply bölegini iş orunlary bilen doly üpjün etmek, häzirki zaman önümçiliklerini ýola goýmak hem-de telekeçiligi ösdürmek häzirki döwürde iş üpjünçilik çygrynda amala aşyrylýan syýasatyň möhüm ugurlary hasaplanýar.

Bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylýan döwründe zähmet bazarynda döwlet syýasatyny oýlanyşykly alyp barmak we ony döwrüň talaplaryna görä guramak zerurlygy ýüze çykýar. Bu syýasatyň esasy maksady ilatyň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermekden, täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilen ykdysady syýasaty alyp barmakdan ybaratdyr. Ykdysadyýetde iş orunlarynyň sanynyň artdyrylmagy zähmet bazarynda we iş üpjünçilik ulgamynda geljegi uly bolan syýasat hasaplanylýar. Bu syýasat jemi içerki önümiň üznüksiz ösüşini üpjün etmäge, Döwlet býujetiniň girdejiler bölegini artdyrmaga, ilatyň hakyky girdejilerini ýokarlandyrmaga, döwlet, hususy bölek we öý hojalyklary tarapyndan ýerli haryt öndürijileriň önümlerine bolan islegi höweslendirmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga esaslanýar. Täze iş orunlaryny döretmek, şeýle-de bu ugurda ykdysadyýetiň hususy bölegini döwlet tarapyndan höweslendirmek zähmet bazary we iş üpjünçilik çygrynda düýpli meseleleriň biri bolup durýar. Bu ugurda gazanylýan oňyn netijeler ýurduň ykdysady binýadynyň berkliginden habar berýär. 2022-nji ýylda ýurdumyzda 6 müňden gowrak täze iş orny döredilen bolsa, 2023-nji ýylda olaryň sanynyň 11 müň 373-e ýetdi. Munuň özi iş üpjünçilik çygrynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň işjeň we oňyn häsiýete eýedigini görkezýär.

Pul girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagy ýurtda durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigine, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirmek üçin amatly şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär.  Raýatlaryň, maşgalanyň abadan ýaşaýşy köp babatda pul girdejileriniň möçberi bilen göni baglanyşyklydyr. Zähmet haklaryy, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary girdeji çeşmeleriniň esasy görnüşleri bolmak bilen, onuň düzümi jemgyýetde bolup geçýän hadysalara baglylykda üýtgeşmelere sezewar bolýar. Mysal üçin, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi onuň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyna itergi berýär, ýagny emläkden ýa-da telekeçilik işinden alynýan girdejiler onuň üstüni ýetirýär. Bazar gatnaşyklarynyň giňden ösdürilmegi zähmet haklaryny ýokarlandyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini artdyrmak, peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmak ýaly wezipeleriniň ähmiýetini artdyrýar. Ýurdumyzda bu şertleriň üpjün edilmegi durmuş-ykdysady ösüşde mundan beýläk-de ýokary netijeleri gazanylmagyna mümkinçilik berýär.


2008-2023-nji ýyllarda Türkmenistanda

ortaça zähmet hakynyň ösüşi

(2007-nji ýyla garanyňda, %-de)

 DIAGRAMMA 1








2008-2024-nji ýyllarda Türkmenistanda

pensiýalary, döwlet kömek pullaryny tölemäge gönükdirilen maliýe serişdeleriniň ösüşi

(2007-nji ýyla garanyňda, %-de)

DIAGRAMMA 2


 

  

 

Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak 

ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň

baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.


«Türkmenistan» gazeti, №8  (31277) 09.01.2025ý


Yza

Şeýle hem okaň