OŇYN YKDYSADY GÖRKEZIJILER - GELJEKKI ÖSÜŞLERIŇ KEPILI

7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-njy ýylda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Bu döwürde ähli ugurlarda ýetilen sepgitler ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2024-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede bolmagy häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan oýlanyşykly ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. 


Häzirki wagtda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi saklamakda maksatnamalaýyn çemeleşmä aýratyn orun degişlidir. Ykdysady ösüşi çaltlandyrmagyň netijeli serişdeleriniň biri hökmünde maksatnamalaýyn ösüş pudaklaryň sazlaşykly ösdürilmegine itergi berdi. Munuň şeýledigini geçen ýylda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylan oňyn netijeler aýdyň görkezýär. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 12,1 göterim artmagy, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden, ykdysadyýetiň pudaklarynda zähmet öndürijiliginiň ýokary derejesiniň gazanylýandygyndan habar berýär. Hususan-da, ýurdumyzda diwersifikasiýa, sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak syýasatlarynyň amala aşyrylmagy bu esasy makroykdysady görkezijiniň ösüş meýline eýe bolmagyny şertlendiren sebäplerdir. Jemi içerki önümiň pudaklaýyn düzümi ýurdumyzda köpugurly ösüşiň üpjün edilýändigini görkezmek bilen, bu ugur milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini saklamagyň hem ygtybarly ýoly bolup durýar. Hasabat döwründe, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, bu görkeziji senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterime, söwdada 10,1 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň bolup, ol ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanandygyna şaýatlyk edýär. 

Ykdysady ösüşi maýa goýum serişdelerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, maýa goýumlaryň goşulan gymmaty döretmekde ähmiýetiniň uludygy bilen baglanyşyklydyr. Maýa goýumlar ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklaryna uzak möhletleýin gönükdirilen maliýe serişdeleri bolup, ol geljekde girdeji almagyň haýryna häzirki döwürde pul serişdeleriniň belli bir möçberinden ýüz öwürmegi aňladýar. Şunda goşulan gymmaty ýokary bolan pudaklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berlip, onuň netijesinde alynýan girdeji diňe bir pul görnüşinde bolman, eýsem, bilimi, ylmy, medeniýeti, saglygy goraýşy ösdürmek arkaly adam maýasynyň hiliniň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýan durmuş häsiýetli utuş hem gazanylýar. 

Ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň gowulanmagynda milli ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň ähmiýetiniň örän uludygyny geçen ýylda gazanylan netijeler aňryýany bilen tassyklaýar. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylda maýa goýumlaryň 9,1 göterim artmagyny maýa goýum işine maksatnamalaýyn çemeleşmäniň oňyn netijeleri hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň kabul edilmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýyllyk maksatnamasynyň maýa goýum Maksatnamasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylmagy maýa goýum serişdeleriniň ykdysady ösüşi çaltlandyrmakda näderejede wajyp orun eýeleýändigini görkezýär. 

Türkmenistanyň gurujylyk kuwwaty barha artdýar. 2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň 86-synyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň işjeň häsiýetlidiginden habar berýär. Oýlanyşykly alnyp barylýan bu syýasatyň netijesinde, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýylyň-ýylyna täze önümçilik desgalary işe girizilýär, täze döwrebap mekdeplerdir çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň, kitaphanalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň birnäçesi halka hyzmat edýär. Ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçilik hem ilatyň durmuşynyň hilini kesgitleýän möhüm görkezijileriň biridir. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmaga aýratyn orun berilýär. Häzirki döwürde raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap şäherçeleri gurmak boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Hökümet mejlisinde geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynyň jemleri boýunça umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berlendigi aýdyldy. Munuň özi adam bähbitlerine gönükdirilen durmuş syýasatynyň dabaralanýandygyndan nyşandyr. 

Türkmenistanyň maýa goýum kuwwaty iri şähergurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmekde aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki döwürde sanly ulgamy ösdürmek boýunça degişli Konsepsiýanyň amala aşyrylmagy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň diňe bir önümçilige hem-de hyzmatlar ulgamyna ornaşdyrylmagyny şertlendirmän, eýsem, “akylly” tehnologiýalara esaslanýan şäher gurşawynyň döredilmegine-de ýardam berýär. Munuň şeýledigini Arkadag şäheriniň mysalynda görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheri täze taryhy döwürde gazanylýan üstünlikleriň nyşany bolup, Türkmenistanyň ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmäge ukyply döwletdigini, halkyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik maksatlary amala aşyrmakda mümkinçilikleriniň uludygyny, ylmy-tehniki ösüşiň täze belentliklerine ynamly barýandygyny bütin dünýä äşgär edýär.

Aslynda, tehnologik täzeleniş zähmet bazaryndaky ýagdaýyň düýpli özgermegine, ýagny täze pudaklarda we «ösüş nokatlarynda» zähmet gorlaryna islegiň artmagyna getirýär. Mundan başga-da, «akylly» tehnologiýalaryň şäher infrastrukturasyna giňden ornaşdyrylmagy işçi güýjüniň başarnyklaryna we ukyplaryna bildirilýän talaplaryň güýçlenmegine getirýär. Hasabat döwründe jemi 5 müň 735 sany täze iş ornunyň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maýa goýum strategiýasynyň oňyn netijeleri bolup, bu görkeziji müňlerçe ildeşlerimiziň iş bilen üpjünçilik ýagdaýynyň gowulanmagyna, maşgalalaryň durmuş derejesiniň artmagyna oňyn täsirini ýetirendigini aňladýar. Şeýle netijeler maýa goýum işleriniň ýokary ykdysady we durmuş netijeliliginden habar berýär. 

Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny kabul etmek hakynda” Karara gol çekmegi ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli işleriň dowam etdiriljekdigini alamatlandyrýar. Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary gönükdirmek, täze karhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp hem diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. 

Görşümiz ýaly, 2025-nji ýyl üçin Maksatnama gurşap alýan möhüm ykdysady we durmuş wezipeleriniň gerimi hem-de möçberi bilen tapawutlanýar: eksport kuwwatymyzy artdyrjak, import garaşlylygymyzy azaltjak önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi ykdysady ýagdaýymyzyň has-da gowulanmagyna, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirýän bolsa, ýurdumyzyň sebitlerinde guruljak ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary halkymyzyň  bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün edjek anyk şertlerdir. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň daşary söwda kuwwatyny artdyrmak we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagyny gazanmak möhüm maksatlaryň biri bolup, bu meseleler bazar ykdysady gatnaşyklarynyň giňden ýaýbaňlanýan şertlerinde öz wajyplygy bilen tapawutlanýar. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberiniň 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolandygy bellenildi. Bu netijeler ýurdumyzyň dünýäde ýüze çykýan amatsyz ýagdaýlara garşy durmak ukybynyň ýokarlanýandygyny, şeýle-de eksportdan gelýän altyn pul akymlarynyň artýandygyny görkezýär. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzyň eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek boýunça beren anyk tabşyryklary hem ýurdumyzyň daşarky bazarlarda tutýan ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. 

Umuman, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler täze ýyla badalga bolup, munuň özi 2025-nji ýylyň hem Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrjak, umumadamzat bähbitli işleriň durmuşa geçiriljek ýyly boljakdygyna ynamy artdyrýar. 

Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak 

ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň

baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.


«Türkmenistan» gazeti, №37  (31306) 12.02.2025ý

 



Yza

Şeýle hem okaň