DURNUKLY YKDYSADY ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Golaýda, has takygy, 5-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar – mart aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler ýurdumyzda özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Ilkinji üç aýda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler 2025-nji ýylda hem durnukly ösüşiň saklanylýandygyndan habar berýär.

 

Milli ykdysadyýetiň ösüşini häsiýetlendirmekde makroykdysady görkezijilere aýratyn orun degişli bolup, olar ösüşiň häzirki zaman ýagdaýyna doly göz ýetirmäge, ýüze çykýan meseleleri aýdyňlaşdyrmaga hem-de ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Mejlisde, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji çärýeginde jemi içerki önümiň 6,3 göterim we jemi öndürilen önümiň 9,6 göterim artandygy bellenildi. Bu görkezijileriň ikisi hem ykdysadyýetiň önümçilik we beýleki pudaklaryň ykdysady işleriniň ahyrky netijelerini häsiýetlendirýär. Şunda jemi içerki önüm ýurdumyzyň ähli öndürijileri tarapyndan maddy önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda öndürilen önümleriň jemi gymmatyny aňladýar, onda jemi öndürilen önüm bolsa ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň jemi gymmatyndan ybaratdyr.

Jemi öndürilen önümiň ösüş meýline eýe bolmagy goşulan gymmata salynýan salgyt töleýjileriň sanynyň artmagyna, netijede, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň möçberiniň ýokarlanmagyna getirýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar – mart aýlarynda bu maliýe resminamasynyň girdeji böleginiň meýilnamasy 102 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu maglumatlar milli ykdysadyýetiň sagdyn we durnukly ösüşini häsiýetlendirýär. 

Ykdysadyýet asyl mazmuny boýunça pudaklaryň we ulgamlaryň arasynda ýüze çykýan gatnaşyklary aňlatmak bilen, bu gatnaşyklar näçe sazlaşykly guralan bolsa, onuň ykdysady we durmuş netijeliligi şonça-da ýokary bolýar. Munuň şeýledigini anyk sanlar bilen tassyklap bolar: hasabat döwründe ösüş depgini senagat pudagynda 0,3 göterime, gurluşykda 3,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim ýokarlandy.

Her bir döwlet öz amatly geografik mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Netijede, bu amala aşyrylýan halkara ähmiýetli ulag gatnawlarynyň artmagyna, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklaryň we syýahatçylygyň uly depginlerde ösmegine itergi berýär. Halkara ähmiýetli ulag maksatnamalary diňe bir olara gatnaşýan döwletler üçin ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, şol ýurtlaryň tutuş jemgyýetçilik ösüşine hem öz oňyn täsirini ýetirýär

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ulag-aragatnaşyk pudagynda ösüş depgininiň 11,1 göterime deň bolmagy ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda ulag-aragatnaşyk ulgamyna aýratyn ornuň degişlidigini görkezýär. Ýurduň geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri sebäpli, ulag ulgamyny ösdürmäge zerurlygyň artmagy ählumumylaşma hadysasynyň getirýän netijeleriniň biridir. Ol, ilkinji nobatda, milli harytlaryň amatly ulag geçelgeleri arkaly dünýä bazaryna çykarylmagyna ýardam berýär. Şonuň netijesinde üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberiniň artmagy dürli döwletleriň arasynda özara bähbitli söwda gatnaşyklarynyň geriminiň giňemegine, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine getirýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynda ýurtlaryň arasynda ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesi möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenen. Çünki ýurdumyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň, Gündogaryň we Günbataryň çatrygynda, geografik taýdan amatly ýerleşmegi içerki ösüş üçin, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat edýän möhüm esas hökmünde çykyş edýär. Şu ýylyň 3-4-nji aprelinde Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň amatly geografik ýerleşişiniň mümkinçiliklerini ösüşiň we hyzmatdaşlygyň hatyrasyna ulanmak meselesine, bu sebiti Ýewropa ýurtlary bilen birleşdirjek Hazarüsti ulag geçelgesiniň bähbitli halkara taslamadygyna ünsi çekdi. Bu geçelgäniň sebit we sebitara söwdanyň depginli ösüşine itergi berjekdigi, daşarky bazarlara elýeterliligiň artjakdygy barada bilermenler tarapyndan edilen çaklamalar bolsa onuň geljegi uly bolan taslamadygyna güwä geçýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ulag mümkinçiliklerimiziň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän amatly syýasy giňişligi döredýändigini, dürli halkara ulag taslamalaryny amala aşyrmakda bar bolan töwekgelçilikleriň derejesini peseltmegiň, halkara ulag giňişliginde howpsuzlygy üpjün etmegiň, ulag infrastrukturasyny ösdürmäge niýetlenen daşary ýurt maýa goýum serişdeleriniň kepili bolup çykyş edýändigini bellemek gerek.

Dünýä ykdysadyýetiniň depginli ösýän häzirki şertlerinde döwlet syýasatynda daşary söwda ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmegi, ilkinji nobatda, onuň ýurduň ösüşiniň esasy makroykdysady görkezijilerine oňyn täsirini ýetirýändigi bilen baglanyşyklydyr. Hasabat döwründe daşary söwda dolanyşygynyň 2,9 göterim ýokarlanandygy baradaky maglumatlar ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýlan eksport-import gatnaşyklaryny häsiýetlendirýär. Şunda daşary söwda dolanyşygy  dünýä ýurtlarynyň arasynda amala aşyrylýan haryt dolanyşygyny aňladýan bolsa, bölek satuw haryt dolanyşygy ýurduň içinde harytlaryň sarp edilişiniň görkezijisi bolup çykyş edýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,3 göterime deň bolup, ol satylan harytlaryň umumy mukdaryny görkezýär.

Milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän we ýurtda işewürlik işjeňliginiň artýan şertlerinde daşary söwdanyň mukdar görkezijilerinden hil görkezijilerine geçmek zerurlygy ýüze çykýar. “Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy” hut şu wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Mejlisde hormatly Prezidentimiz söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajyplygyny nygtady. Bu, ilkinji nobatda, elektron söwdanyň sarp edijileriň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda birnäçe artykmaçlyklary döredýändigi bilen baglanyşyklydyr. Ykdysady işiň bu görnüşinde sanly aragatnaşyk serişdelerini ulanmak arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň alyş-çalyş edilmegi söwdanyň bu görnüşini özüne çekiji edýär.

Hususyýetçilere döwlet tarapyndan berilýän goldaw jemi içerki önümiň düzüminde milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň paýynyň artmagyna getirdi. Bu bolsa ýaşaýyş üçin zerur bolan azyk önümlerini öndürmekde hususy telekeçileriniň paýynyň uludygyndan habar berýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depginiň 107,1 göterime deň bolmagy ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde telekeçileriň ornunyň uludygyny görkezýär. Hasabat döwründe birleşmäniň agzalary tarapyndan öndürilen senagat önümleriniň ösüş depgininiň 104,3 göterim bolmagy ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda hem olaryň mynasyp orny eýeleýändiklerini tassyklaýar.  

 

                                                                                                                                                                                                                                                                                              Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak 

ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň

baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.


«Türkmenistan» gazeti, № 96-97  (31366) 19.04.2025ý

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň