Şu ýylyň 6 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
jemi içerki önümiň ösüş depginiň 6,3 göterime deň bolandygy bellenildi. Eýýäm
birnäçe ýyllaryň dowamynda bolşy ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
şygary bilen taryha giren 2025-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzda
makroykdysady durnuklylygyň saklanmagy, ilkinji nobatda, maksatnamalaýyn esasda
alnyp barylýan ykdysady syýasatyň oňyn netijeleri bolup durýar.
Häzirki döwürde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy
2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan”,
şeýle-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek
boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” rejelenen
görnüşinden ugur alnyp, maýa goýum we innowasiýa özgertmelei amala aşyrylýar.
Bu maksatnamalar entek ulanylmadyk mümkinçilikleri ösüşiň çeşmesine öwürmek
üçin şertleri döredýär. Maksatnamalaýyn çemeleşme döwlet kadalaşdyrylyşynyň
netijeli usullarynyň biri bolup, ol ýakyn, orta we uzak möhletde geljekki ösüş
ugurlarymyzyň takyk hasaplamalara, berk ylmy esaslandyrmalara laýyklykda, orän
oýlanyşykly kesgitlenendigine güwä geçýär. Şunda maksatnamalaýyn ösüşiň durnukly
ösüşi üpjün etmekdäki wajyp orny äşgär bolýar.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi
öndürilen önümiň 9,9 göterime deň bolmagy hereket edýän maksatnamalarda häzirki
ösüş tapgyrynda wajyp bolan anyk meseleleriň çözgüdine gönükdirilen maksatlary
netijeli durmuşa geçirmegiň ýollarynyň, gurallarynyň we serişdeleriniň dogry
kesgitlenilendiginden habar berýär. Hususan-da,
geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň senagat pudagynda
1 göterime, gurluşykda 5,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime,
söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,5 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,6
göterime, daşary söwda dolanyşygynda 2,9 göterime deň bolmagy unuň şeýledigini
aňryýany bilen subut edýär.
Asyl manysynda
ykdysady işiň bir görnüşi hökmünde maýa goýum işiniň girdeji getirmegi
kanunalaýyk ýagdaýdyr. Maýa goýumlary ykdysadyýete gönükdirmek hemişe ileri
tutulýan meseleleriň biri bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda
galýar. Bu onuň täze gymmaty döretmek häsiýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Ol ykdysady ösüşe, tehnologiýalaryň täzelenmegine we işgärleriň hünärleriniň
hiliniň ýokarlanmagyna ýardam bermegi bilen, köpleri özüne çekiji edýär. Şol
sebäpli maýa goýumlar islendik ýurduň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. Maýa
goýumlaryň durmukly ösüşimizi, bagtyýar we abadan geljegimizi üpjün edýän möhüm
şert bolup durýandygy durmuşda subut edilen hakykatdyr. Geljekki ösüşleri
nazarlaýan bu serişdeler, düzgün bolşy ýaly, adamyň durmuşynyň islendik
çygrynda oňyn netijeleri gazanmaga gönükdirilendigi bilen baglanyşyklydyr.
Tejribeden
belli bolşy ýaly, maýa goýumlar ykdysady ösüşiň çeşmesini emele getirýär.
Ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň halkara deňeşdirmesinden görnüşi ýaly, uzak wagtyň
dowamynda durnukly ykdysady ösüşi ortaça 6 göterim derejesinde saklamak üçin
oňa laýyk gelýän maýa goýumlaryň paýyny artdyrmak zerur ykdysady şertleriň biri
hasaplanýar. Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa
goýumlaryň jemi içerki önümdäki paýynyň 17,7 göterime deň bolmagy milli
ykdysadyýetimiziň sagdyn ösüşinden habar berýär. Şunda maýa goýumlaryň diňe bir
jemi möçberiniň artdyrylmagy möhüm görkeziji bolman, eýsem, durmuş we ykdysady
netijelilik olaryň ykdysady maksadalaýyklygynyň özenini düzýär.
Döwletiň bu
çygyrdaky syýasaty ýurduň ykdysadyýetine we onuň pudaklaryna maýa goýumlaryň
zerur derejesini we düzümini üpjün etmek boýunça maksatlaryňdyr çäreleriň
toplumy bolup, bu işe gatnaşýanlaryň, ýagny ilatyň, telekeçileriň we döwletiň
maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunda makroykdysady
durnuklylygy saklamak wezipesi döwletiň paýyna düşýär. Hususan-da, dünýä
ykdysadyýetinde bolup geçýän özgerişlikleriň milli ykdysadyýetimize täsiriniň
artýan şertlerinde her ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşimizi meýilnamalaşdyrmak
maksadalaýyk çemeleşme bolup durýar. Degişli döwürde ösüşi üpjün etjek ugurlar
bilen bir hatarda, maýa goýum ugurlarynyň hem anyk kesgitlenilmegi işleriň
oýlanyşykly guralmagyna mümkinçilik berýär. Şu ýylyň birinji ýarym ýylynda
ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda gazanylan oňyn netijeler muny tassyklaýar. Hasabat
döwründe ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat möçberde düýpli maýa goýumlar
özleşdirildi. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
15,6 göterim köpdür. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 44,8 göteriminiň
önümçilik hem-de 55,2 göteriminiň durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna
gönükdirilmegi “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
we maýa goýum Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan çäreleriň ykdysady we durmuş
netijeliliginden habar berýär.
Maýa goýum
maksatnamasynyň baş maksady durmuş taýdan ösüşi çaltlandyrmak üçin şertleri
döretmekden, şol sanda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, ilaty ýaşaýyş jaýy
bilen üpjün etmekden ybarat bolup, ol ulag, inžener, maglumat-aragatnaşyk,
önümçilik infrastrukturasyny ösdürmegiň hasabyna ykdysady ösüşi üpjün etmek
üçin şertleriň döredilmegini hem öz içine alýar. Mejlisde ýurdumyzyň
welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 269,7 müň inedördül metre
barabar bolan ýaşaýyş jaýlaryň unaylmaga berlendigi bellenildi. Şeýle hem Hökümet
mejlisinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek
boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” rejelenen görnüşi
kabul edildi. Bu resminama laýyklykda, 2025 - 2028-nji ýyllarda durmuş-medeni
maksatly binalary we desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny, inženerçilik ulgamlaryny
gurmak we hereket edýänleriň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Beýle
diýildigi, rejelen görnüşindaki Oba milli
maksatnamasynyň çäklerinde welaýatlaryň şäherlerini we obalaryny
ösdürmek boýunça zerur işleriň dowam etdiriljekdigi, olaryň netijesinde
durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesiniň
ýokarlanmagynyň hem çeşmesini emele getirjekdigini aňladýar. Maksatnamada göz
öňünde tutulýan işler oba ýerlerinde durmuş infrastrukturasynyň güýçli depginde
ösdürilmegine ýardam bermek bilen bir hatarda, oba ilatynyň oňaýly ýaşaýşy üçin
döwlet tarapyndan zerur şertrleriň döredilýändiginiň ýene-de bir
tassyknamasydyr.
Mejlisde
hormatly Prezidentimiziň maýa goýumlaryň çeşmelerini kämilleşdirmek barada
beren tabşyrygy häzirki döwürde ykdysadyýeti täze hil derejesine ýetirmekde
maýa goýumlaryň tutýan orny bilen baglanyşyklydyr. Hususan-da, bazar
gatnaşyklary şertlerinde işewürligiň maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagyna hem
zerurlyk döreýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilýän maýa goýumlarynyň
maliýe serişdeleriniň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň
paýynyň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilmegi ykdysady ösüşi üpjün etmekde
hususy bölegiň ornunyň barha giňeýändigi bilen düşündirip bolar. Geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi boýunça şu ýylyň alty aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini 106,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş
depgini 105,7 göterime deň boldy. Bu görkezijiler hususyýetçilik pudagynda
entek ulanylmadyk mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda bilim dünýäsiniň gapysyny
giňden açjak, ýurdumyzyň işewürlik ulgamynyň ýokary bilimli hünärmenler bilen
üpjün edilmegine ýardam berjek täze ýokary okuw mekdebiniň – Halkara
Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi hem türkmen telekeçiliginiň
taryhynda täze sahypany alamatlandyrýar.
Okamak