29-njy awgustda şu ýylyň sekiz aýynyň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam
arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde jemi içerki önümiň ösüş
depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy bellenildi. Bu makroykdysady görkeziji
ykdysady ösüşiň durnukly saklanylýandygyna şaýatlyk etmek bilen, ýurdumyzda
hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň
oňyn netijesidir.
Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini saklamak
boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler ähli pudakda ýokary netijeleriň
gazanylmagyna ýardam berýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň pudaklarynyň sazlaşykly
ösüşini üpjün etmek ýurtda amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň wajyp
wezipeleriniň biridir. Şunda ýurtda kemala gelen demografik, durmuş we ykdysady
şertler bilen bir hatarda, onuň geografik ýerleşişi, tebigy baýlyklaryň gorlary
hem ykdysadyýeti ösdürmegiň milli nusgasynyň mazmunyna aýratynlyk berýär. Ykdysady
ulgamy dolandyrmakda ulanylýan çemeleşmeler bolsa bu nusganyň häsiýetini
kesgitleýär.
Ykdysadyýeti ösdürmegiň milli nusgasyny üstünlikli
amala aşyrmak üçin dürli gurallardan, serişdelerden we çemeleşmelerden
peýdalanylýar. Maksatnamalaýyn çemeleşme ykdysady ösüşi tizleşdirmegiň netijeli
serişdeleriniň biri bolup durýar. Häzirki döwürde sebitleri we pudaklary
ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalaryň giň toplumy diňe bir olarda
ösüşi üpjün etmäge däl, eýsem, olaryň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary ýola
goýmaga, netijede, has ýokary depginli ösüşi gazanmaga hem itergi berýär. Hut
şeýle özara baglanyşygyň gazanylmagy şu ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, senagat pudagynda 1,5 göterim,
gurluşykda 7 göterim, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11 göterim, söwdada 9,8
göterim, oba hojalygynda 4,9 göterim, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterim ösüşiň
üpjün edilmegine ýardam berdi. Jemi içerki önümde ulag we aragatnaşygyň, söwdanyň,
hyzmatlaryň beýleki görnüşleriniň paýy hem ýokarlanýar. Munuň özi, bir
tarapdan, ýurdumyzda hyzmatlar bazarynyň ösdürilýändigini tassyklaýan bolsa,
beýleki tarapdan, ösüş we özgertmeler syýasatynyň üstünliklerini äşgär edýär.
Ykdysady ösüşiň makroykdysady görkezijileri
seljerilende, jemi öndürilen önümiň ösüşine baha bermek zerurdyr. Bu görkeziji,
ilkinji nobatda, kesgitli döwrüň dowamynda ýerli öndürijiler tarapyndan
öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň jemi gymmatyny, ýagny ýerine ýetirilýän
işleriň netijeliligini görkezýär. Şu ýylyň sekiz aýynda, 2024-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 9,9 göterim artmagy ýerli
önümçiligiň kuwwatyndan habar berýär. Mundan başga-da, soňky birnäçe ýyllaryň
dowamynda bu görkezijiniň ýokarlanmagy goşulan gymmata salynýan salgytlary
töleýjileriň sanynyň artýandygyna hem şaýatlyk edýär. Salgytlaryň Döwlet
býujetiniň girdejiler böleginiň esasy çeşmesini emele getirýändigini nazara
alsak, onda jemi öndürilen önümiň depginli ösüşiniň beýleki makroykdysady
görkezijilere hem täsir edýändigine göz ýetirmek bolýar. Bu görkezijiniň
aýratyn baglanyşygyny anyk sanlar bilen tassyklap bolar: hasabat döwründe Döwlet
býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100 göterim, çykdajy böleginiň
meýilnamasy 97,4 göterim ýerine ýetirildi.
Mejlisde bölek satuw haryt dolanyşygynyň, daşary
söwda dolanyşygynyň ösüş meýline eýe bolandygy bellenildi. Bölek satuw haryt
dolanyşygy ilatyň pul girdejilerini harytlara çalyşmak arkaly ýüze çykýan
gatnaşyklardyr. Ol satylan harytlaryň umumy mukdaryny görkezýär. Bu görkeziji şahsy
islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen satyn alynýan harytlardan ybaratdyr.
Şunda girdejileriň esasy böleginiň sarp ediş çykdajylaryna öwrülip, ýene-de
ykdysady ulgama dolanyp gelmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Sarp edilýän harytlaryň umumy
möçberiniň artmagy ilatyň ýaşaýyş derejesini häsiýetlendirýän görkezijileriň
biri bolup, onuň seljermesi maşgalanyň sarp ediş sebediniň düzümini anyklamaga hem
mümkinçilik berýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýanwar –
awgust aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň 13,1 göterim artmagy ilatyň
sarp edişiniň derejesiniň ýokarlanýandygyna güwä geçýär.
Gaýtadan işleýän senagaty we hyzmatlar bazaryny
ösdürmegiň hasabyna ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak häzirki döwürde
amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň
bilen baglylykda, eksportyň düzümini köpugurly ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän
harytlaryň iberilýän ugurlaryny hem artdyrmak “Türkmenistanyň 2021-2030-njy
ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynyň” esasy mazmunyny düzýär. Daşary söwda
ulgamynyň ösdürilmeginde täzeçe çemeleşmeleriň ulanylmagy, ilkinji nobatda,
onuň makroykdysady görkezijilere uly täsirini ýetirýändigi bilen
baglanyşyklydyr. Mysal üçin, “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly öndürilen
önümleriň daşarky bazarlara çykarylmagy ýerli öndürijilerimizi bäsdeşlige
ukyply önümleri has-da köp öndürmäge höweslendirýär. Netijede, ykdysady ösüşiň
netijeliligini görkezýän iki sany görkezijiniň - jemi içerki önümiň we jemi
öndürilen önümiň möçberi artýar. Mundan başga-da, söwda gatnaşyklarynyň oňyn
netijeleri önümçiligiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynda, işgärleriň hünär
başarnyklarynyň ýokarlanmagynda, täze iş orunlarynyň döredilmeginde aýdyň
beýanyny tapýar. Şeýlelikde, daşary söwda ulgamy ýurduň ykdysady we durmuş
taýdan ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Eksportyň köpugurly ösüşi ykdysadyýetiň ýagdaýyny
häsiýetlendirýän görkezijileriň biridir. Mejlisde, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe daşary söwda dolanyşygynyň 5,5 göterim
ýokarlanandygy bellenildi. Bu statistik maglumat sarp edijileriň barha artýan
isleglerini kanagatlandyrýan önümleriň öndürilýändiginden, şeýle hem daşary
söwda gatnaşyklarynyň barha ösdürilýändiginden habar berýär. Söwda sergileriniň,
ýöriteleşdirilen simpoziumlaryň, amaly maslahatlaryň, beýleki ugurdaş çäreleriň
guralmagy, häzirki döwürde Russiýada,
Belarusda, Türkiýede we Hytaýda ýerleşýän ilçihanalaryň ýanynda hereket edýän
söwda öýleriniň alyp barýan işleri döwletara söwda gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegine
ýardam berýär.
Milli ykdysadyýetiň köpugurly ösdürilmeginiň
netijesinde, ýurdumyzyň eksportynyň düzüminde dokma we himiýa senagatlarynyň
önümleriniň möçberi artýar. Hasabat döwründe Dokma senagaty ministrligi boýunça
önüm öndürmegiň ösüş depgini 104,2 göterim üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 116,6 göterime, nah
matalaryň önümçiligi 122,7 göterime, gön önümleriň önümçiligi 116 göterime deň
boldy. Bu maglumatlar eksportyň düzüminde gaýtadan işlenen önümleriň möçberiniň
artýandygyna şaýatlyk etmek bilen, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny mundan
beýläk-de pugtalandyrmakda uly mümkinçilikleriň bardygyny hem tassyklaýar.
Daşary ýurtlara iberilýän haryt toparlarynyň köp görnüşli
we hilli bolmagy ýurdumyzyň daşary söwda
gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Milli ykdysadyýetimize
maýa goýumlaryň köp möçberde çekilmegi, türkmen işewürleriniň eksporta
gönükdirilen we importy çalyşýan önümleri öndürmegi ykdysady ösüşde täze
mümkinçilikleri açýar. Hasabat döwründe düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň,
geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,8 göterim artmagy täze
gurulýan we durky täzelenýän önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň
sanynyň köpelýändigini alamatlandyrýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň önümçilik we söwda
kuwwatyny artdyrmakda türkmen işewürleriniň mümkinçiliklerini has doly açmaga
hem-de ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň
ilaty azyk önümleri bilen yzygider üpjün etmekde ykdysadyýetiň hususy böleginiň
kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada beren tabşyryklary döwrüň
möhüm meselelerini çözmekde telekeçiligiň uly güýç bolup durýandygyna şaýatlyk
edýär. Kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek we olary ösdürmek çäreleriniň
döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenmegi, ilkinji
nobatda, hususy ulgamyň bazaryň çalt üýtgäp
durýan isleglerine gysga wagtda we çeýe seslenmäge ukyplydygy bilen
baglanyşyklydyr. Döwlet tarapyndan döredilýän salgyt we karz ýeňillikleri bolsa
telekeçiligiň uly depginde ösmegine, onuň dürli ugurlarynyň, özbaşdak iş bilen
meşgullanýanlaryň sanynyň köpelmegine ýardam berýär. Türkmenistanda iş bilen
meşgullanýanlaryň 75 göterimine golaýynyň döwlete dahylly däl ulgamda zähmet
çekmegi hususyýetçiligiň döwlet ösüş strategiýasyny amala aşyrmakda
mümkinçilikleriniň uludygyny görkezýär.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 232 (31501) 03.09.2025ý