KÖPUGURLY ÖSÜŞ ÝOLUNY DOWAM ETDIRIP

KÖPUGURLY ÖSÜŞ ÝOLUNY DOWAM ETDIRIP 

        3-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň  ýanwar-sentýabr aýlarynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterime deň bolandygy bellenildi. Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşiň saklanylýandygyny görkezýän bu makroykdysady görkeziji milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynda we toplumlarynda öndürilen ýokary hilli önümleriň möçberiniň artýandygyna, ýurdumyzda öndürilýän  harytlara  we hyzmatlara içerki bazarlarda bolşy ýaly, dünýä bazarynda hem islegiň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.   

             Zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy – bu häzirki döwürde ykdysadyýeti durnukly we depginli ösdürmegiň ygtybarly ýoly bolup durýar.  Hususan-da, goşulan gymmaty ýokary bolan pudaklaryň ösdürilmegini ileri tutýan strategiýanyň durmuşa geçirilmegi önümiň özüne düşýän gymmatynda zähmetiň mukdarynyň artmagyna ýardam berýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisinde gazanylýan ösüş depgini köp babatda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünliklli dowam etdirilýän diwersifikasiýa syýasatynyň oňyn  netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, täze pudaklary ösdürmek, täze önümçilikleri işe girişmek we ekologik kadalara laýyk gelýän şähergurluşyk işlerini ýaýbaňlandyrmak arkaly ykdysadyýetiň pudaklaýyn diwersifikasiýasyny tizleşdirmek ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi. Esasy makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önüm  - bu kesgitli wagtyň dowamynda ykdysadyýetiň pudaklarynda öndürilen goşulan gymmatyň netijesini aňladýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň üç çärýeginde  senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterim,  gurluşykda 7 göterim ösüşiň gazanylmagy häzirki döwürde pudaklary maksatnamalaýyn esasda ösdürmek çemeleşmesiniň oýlanyşykly ulanylýandygyndan habar berýär. 

            Döwlet býujeti makroykdysady görkezijileriň hatarynda möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Ykdysadyýeti döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň esasy guraly bolmak bilen, Döwlet býujetiniň girdeji bölegini salgytlar we tölegler düzýär,   çykdajy bölegi döwlet çykdajylarynyň möhüm ugurlaryndan ybaratdyr. Häzirki döwürde bu maliýe resminamasynyň jemi çykdajylarynyň ep-esli böleginiň durmuş ulgamyna gönükdirilmegi ýurdumyzyň durmuş derejeli döwlet hökmündäki ornunyň saklanylmagyna ýardam berýär.  2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň dokuz aýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,2 göterim, çykdajy bölegi 96,3 göterim ýerine ýetirildi. 

          Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maýa goýumlara aýratyn orun degişlidir. Geçen dokuz aýyň hasabatyndan görnüşi ýaly, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 8,7 göterim artdy. Bu görkeziji Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaraly belleniljek ýylynda hem ykdysady kuwwatymyzyň mundan beýläk-de berkemegine  ýardam berjek önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň gurluşygynyň dowam etdirilýändigine güwä geçýär. 

        Ykdysadyýetiň her bir pudagynyň jemi içerki önümde paýy bardyr. Hasabat döwründe iň ýokary ösüş ulag-aragatnaşyk pudagynda gazanyldy. Ulag ulgamynyň üznüksiz işi milli ykdysadyýetiň ösüşine amatly täsirini ýetirýär. Pudaklaryň arasyndaky önümçilik-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda we sazlaşdyrmakda uly orny eýeleýän bu ulgamyň ösdürilmegi ýurduň çäklerinde öndüriji güýçleriň gyradeň ýerleşmegini işjeňleşdirýär. Şunda bu ulgamyň yklymlary, döwletleri we sebitleri birleşdiriji häsiýeti ýüze çykýar. Munuň logiki dowamy hökmünde özleşdirilýän täze giňişlikde öndüriji güýçleriň toplumlaýyn ösüşini çaltlandyrmaga hem itergi berýär.  Ykdysady ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti uly bolan bu ulgamyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak we durkuny täzelemek üçin gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi ýylsaýyn artýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylyň  ýanwar-sentýabr aýlarynda ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterim ösüşiň gazanylmagy amala şyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň oňyn netijeleri bolup, bu ulgamda ösüş üçin entek ulanylmadyk mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.  

          Ilatyny azyk bilen, senagaty bolsa çig mal bilen üpjün etmek islendik döwlet üçin strategik ähmiýetli wezipe bolup durýar. Hökümet mejlisinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk pudagynda 5 göterim ösüşiň gazanylandygy bellenildi. Bu oňyn netijeleriň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasynda mümkin bolandygy bellärliklidir. 

         Oba hojalyk pudagyny döwrebap derejede kämilleşdirmegiň zerurlygy onuň çözýän meseleleriniň wajyplygy bilen düşündirilýär. Bu pudakda öndürilýän azyk önümleri diňe bir makroykdysady görkeziji bolan jemi içerki önümiň artmagyna ýardam bermän, eýsem, azyk garaşsyzlygyny hem üpjün edýär. Çünki azyk önümleri ýurduň içinde, ýagny hususy önümçiligiň hasabyna näçe köp öndürildigiçe, şonça-da azyk babatda beýleki döwletlere garaşlylygynyň derejesiniň pes bolýandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu, öz gezeginde, azyk garaşsyzlygynyň baş şert bolup durýandygyny, şol bir wagtda azyk önümleri bilen üpjünçilik derejesiniň azyk howpsuzlygynyň pugtalanmagyna ýardam berýändigini görkezýär. Oba hojalygy diňe bir azyk howpsuzlygyny üpjün edýän we sarp ediş isleglerini kanagatlandyrýan pudak bolman, eýsem, halkara zähmet bölünişigine goşulyşmaga, önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy üçin zerur walýuta serişdelerini we maýa goýumlary çekmäge ukyply düzüm bolmagy ugrunda köp işleriň amala aşyrylýan pudagydyr. Şunuň bilen baglylykda, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň döwlete dahylly däl bölegine aýratyn orun degişlidir. Şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümleriniňki 105 göterime deň boldy. Bu gazanylan sepgitlere milli önüm öndürijilere döwlet tarapyndan berilýän goldawyň oňyn netijeleri hökmünde baha bermek bolar. 

       Milli ykdysadyýetimiziň häzirki ösüşi bahalandyrylanda daşary söwda dolanyşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu möhüm makroykdysady görkeziji beýleki dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary häsiýetlendirýär we onuň netijeleri ýurdumyzyň dünýä bileleşigine goşulyşmagynyň derejesini görkezýär.  

      Eksporty höweslendirmek daşary söwdany ösdürmegiň berk esaslaryny düzýär. Pudaklaryň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmagyň hasabyna ykdysadyýeti diwersifisirlemek hem dünýä tejribesinde öz oňyn netijelerini görkezen ýollaryň biri hasaplanýar. Isleglerden we bar bolan serişdelerden ugur alnyp, ykdysady syýasatda täze pudaklary we ulgamlary  ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilmegi, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda derman senagatynyň, dokma senagatynyň, gurluşyk materiallary senagatynyň, gazhimiýa senagatynyň ösmegine itergi berdi. Eksporta niýetlenen önümleri öndürýän öndürijiler üçin döwlet tarapyndan gümrük, salgyt we karz ýeňilllikleriniň döredilmegi bolsa eksporty  höweslendirýän ykdysady gurallar bolup durýar. Käbir ýagdaýlarda eksportyň diwersifikasiýasyna ykdysadyýetiň diwersifisirlenen görnüşi hökmünde hem garalmagynda uly many bar. Soňky ýyllarda daşary söwdanyň görkezijileriniň depginli artyşy milli ykdysadyýetiň dünýä ykdysadyýetine amatly goşulyşýandygyny häsiýetlendirýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň dokuz aýynda daşary söwda dolanyşygynyň 8,5 göterim ýokarlanmagy muňa şaýatlyk edýär. 

          Beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň ýyl-ýyldan möçberiniň artdyrylmagy eksporty diwersifikasiýalaşdyrmagyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu kanunalaýyk ýagdaý bolup, ol ilki bilen, ykdysady düşünje hökmünde harydyň tebigaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr: haryt alyş-çalyş etmäge niýetlenen bolup, oňa bolan islegi kanagatlandyrmak baş şertdir. Sarp edijileriň täze harytlara we hyzmatlara islegleri bolsa artmak meýline eýedir. Bazaryň islegleri näçe çalt öwrenilip, oňa tiz seslenilse, şonça çaltlykda girdeji almak mümkinçiligi artýar. Bu bazaryň umumy kanuny. Mundan başga-da, daşarky bazarlarda milli harytlarymyz näçe köp ýerlenilse, ýurdumyza altyn pul akymlary şonça-da köp mukdarda gönükdirilýär. Ykdysadyýete eksportdan gelýän girdejileriň artmagy ahyrky sarp edilişiň düzümine we ösüşine hem köp derejede täsir edýär. Netijede, ykdysady kuwwatymyzy pugtalandyrmakda eksportdan gelýän serişdeleriň ähmiýetiniň uludygy äşgär bolýar.  Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň söwda ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşmegi bolsa ulag infrastrukturasyna, täze ugurlar boýunça awtomobil we demir ýollarynyň gurluşygyna köp möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilmegine şert döredýär. 

           Hökümet mejlisde milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek üçin çäreleri görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylyaşdyrmak we senagatlaşdyrmak ugrunda işleriň dowam etdiriljekdigini alamatlandyrýar.  


                                                                                                                                                                                                                                                                               Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak 
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 232  (31541) 16.10.2025ý



Yza

Şeýle hem okaň