Türkmenistan – Halkara Zähmet Guramasy: Bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirip

Hormatly Prezidentimiziň 23-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyz bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Munuň özi BMG-niň bu abraýly edarasy bilen gatnaşyklaryň ýurdumyz üçin wajyp ähmiýete eýediginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy.

 

Halkara Zähmet Guramasy (HZG) BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi hökmünde zähmet gatnaşyklaryny we durmuş üpjünçilik meselelerini düzgünleşdirýän köptaraplaýyn halkara edaradyr. Ol 1919-njy ýylda Wersal parahatçylyk şertnamasynyň esasynda döredilip, häzirki wagtda BMG-niň düzüminde hereket edýär. Ýurdumyz 1993-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda HZG-niň agzasy bolmak bilen, hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip gelýär. Guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde häzirki wagta çenli döwletimiz onuň 11 sany Konwensiýasyna, şol sanda binýatlyk hasaplanylýan Konwensiýalarynyň ählisine goşuldy. Türkmenistan bu Konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolup, mynasyp zähmeti üpjün etmek we zähmet gatnaşyklarynda ähli taraplaryň hukuklaryny goramak ugrunda netijeli işleri alyp barýar.

Soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň has-da işjeň häsiýete eýe bolandygyny bellemelidiris. Şunda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2023-nji ýyl üçin «Ýol kartasy» kabul edilip, onda bellenen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şonuň yzysüre hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikde alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» kabul edildi. «Ýol kartasynda» mejbury zähmetiň, şol sanda çagalar zähmetiniň öňüni almak boýunça syýasy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hukuk taýdan ähmiýetli çäreleri ulanmak boýunça işleri güýçlendirmek, zähmet hukuklarynyň degişli görkezijilerini ölçemek, maglumatlary toplamak we seljermek boýunça bilim binýadyny döretmek, durmuş hyzmatdaşlary bilen dialoga ýardam bermek ýaly has giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem HZG bilen hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmek ýaly möhüm ugurlar göz öňüne tutuldy.

Syýasy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça çäreleriň çäklerinde HZG-niň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylygyna seljermeler geçirilip, olaryň netijesinde berlen tekliplere laýyklykda mejbury we çaga zähmeti, şeýle hem zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň degişli maddalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle hem milli kanunçylygy halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, on sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýän zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň Sanawyna «Pagta ýygymçy» we «Pagtaçy» hünärleriniň girizilmegi bilen, bu hünärlerde 18 ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagy gadagan edildi.

Ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleriniň, durmuş hyzmatdaşlarynyň we jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça HZG-niň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýerlerde raýatlaryň zähmet hukuklary, mejbury we çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça halkara hukuk kadalary we düzgünleri barada okuw maslahatlary geçirildi.

Bilşimiz ýaly, Halkara Zähmet Guramasy konwensiýalar, teklipler we ýerine ýetirilmeli düzgünleriň ýygyndylary görnüşinde halkara zähmet kadalaryny döretmegiň esasynda işgärleriň hukuklaryny kesgitlemek we goramak, zähmet çekýänleriň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýaly möhüm maksatlary amala aşyrýan halkara gurama bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, «Ýol kartasyndaky» çäreleriň çäklerinde HZG-niň hünärmenleri tarapyndan «Mejbury zähmet hakynda» 29-njy konwensiýanyň 2014-nji ýyldaky Teswirnamasyna, şeýle hem «Senagat we söwda ulgamynda zähmet gözegçiligi baradaky» 81-nji, «Oba hojalygyndaky zähmet gözegçiligi baradaky» 129-njy halkara zähmet konwensiýalaryna goşulmak mümkinçiliklerini öwrenmäge ýardam berýän okuw maslahatlary geçirildi.

HZG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guramanyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolup, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, beýleki guramalaryň wekilleri bilen ýokary derejede duşuşyklary geçirdi. Saparyň dowamynda taraplar geçen döwürde alnyp barlan işleriň netijelerini, gün tertibindäki meseleleri hem-de geljekki meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde, saparyň çäginde Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleriniň hem-de durmuş hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda «tegelek stol» duşuşygy guraldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynda» daşary ýurtlar, halkara guramalar, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ulgamlaýyn meseleleriň göz öňünde tutulmagy ýurdumyzda zähmet kanunçylygyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp kämilleşdirmek boýunça işleriň uzak möhletleýin häsiýetde yzygiderli alnyp baryljakdygyny aýdyň görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümine girýän edaralar bilen hyzmatdaşlygyny ilerletmek ugrunda oňyn daşary syýasaty alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Emir Hakberdiýew,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty

durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmeti

kadalaşdyrmak we zähmet haky müdirliginiň başlygy.

 

“Türkmenistan” gazeti, №27 (31641) 31.01.2026ý.

Okamak
Yza

Şeýle hem okaň