Ilkinji aýyň jemleri: BEDEW BATLY ÖSÜŞLER BILEN
Her ýylyň şygaryny ýurdumyzyň belent maksatlarydyr wezipelerinden ugur alyp
atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. 2026-njy ýylyň şygarynyň bedew bilen
baglanyşykly bolmagynda uly many bar. «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň
atyňy», «Ataň barka dost gazan, atyň barka ýol gazan», «At – ýigidiň myrady»,
«Düýäň dabany uly, atyň ady», «At basyşyndan belli, är - bakyşyndan» ýaly
atalar sözleri halkymyzyň durmuşynda, hakydasynda behişdi bedewiň eýeleýän
aýratyn ornundan habar berýär. Türkmenlerde at öňegidişligiň, döwletliligiň, ýyndamlygyň
we üstünligiň nyşany hasaplanýar. Ýylyň şygary şu ýylyň hem bedew batly
ösüşlere eýe boljakdygyna ynamy berkidýär. Ösüşiň täze menzillerini nazarlamaga
ruhlandyryjy güýç bolup hyzmat edýän bu şygar her birimiziň eziz Watanymyzyň
halkara at-abraýyna, bagtyýar döwrümize buýsanjymyzy artdyrýar.
Ýanwar aýynda durmuş-ykdysady
ösüşimizde gazanylan oňyn netijeler, hakykatdan-da, ösüşiň bedew badyndan habar
berýär. 6-njy fewralda sanly
ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
at-myradyň mekany” ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işlere seljerme
berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
ýanwar aýynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterime deň bolmagy milli ykdysadyýetimiziň
pudaklarynyň sazlaşykly we durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigine şaýatlyk
edýär.
Hasabat döwründe ösüş depgininiň gurluşykda 6
göterime, söwdada 8,2 göterime, oba hojalygynda 2 göterime deň bolmagy binýady
berkden tutulan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde senagat we hyzmat ediş pudaklarynyň ýokary
depginler bilen ösmegi islendik ýurt üçin kanunalaýyk ýagdaýlaryň biridir.
Dünýä tejribesiniň şaýatlyk etmegine görä, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy
we işgärleriň pudaklar boýunça gaýtadan paýlanylmagy bazar güýçleriniň
täsiri astynda bolup geçen ýagdaýynda milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de öňe
ilerlemegine ýardam berýär. Geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe senagat pudagynda 2
göterim we hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterim ösüş depgininiň gazanylmagy sagdyn
ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigine şaýatlyk edýär.
Bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen
döwlet syýasatynyň çäklerinde maýa
goýumlar babatynda alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýedir. Maýa goýumlar
syýasatynyň ýokary işjeňlik derejesiniň gazanylmagy diňe ykdysadyýetiň
güýçli depginler bilen ösmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, zähmet bazarynda
ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesiniň oňyn çözülmegine hem ýardam berýär. Maliýeleşdirmegiň ähli serişdeleriniň hasabyna
özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 21,3 göterim ýokarlandy. Bu görkeziji maýa goýumlaryň esasy
ugurlarynyň dogry kesgitlenilendigine, hususan-da, olary milli ykdysadyýetimiziň strategik ähmiýetli pudaklarynyň ösdürilmegine
gönükdirilendigine güwä geçýär.
Mejlisde oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, energetika
we gurluşyk pudaklarynda ýokary ösüş depgininiň gazanylandygy barada hem habar
berildi. “Türkmenistany 2026-njy
ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” gurluşyk,
ulag we aragatnaşyk pudaklaryny hem-de nebit-gaz senagatyny ösdürmäge uly
möçberde serişdeleri gönükdirmegiň göz öňünde tutulmagy şu ýylda-da ýokary
ykdysady netijeleriň gazanyljakdygyna ynamy güýçlendirýär
Hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy
ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni-gumanitarynsanperwer
ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmaga hem-de ösdürmäge şert
döretdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda döwrebap ulag infrastrukturasynyň
döredilmegi barha ýygjamlaşýan döwletara gatnaşyklary giňeltdi. Türkmenistanyň
daşary syýasat strategiýasynyň köpugurly amala aşyrylmagy ýurtlary
ýakynlaşdyrýan, halklary dostlaşdyrýan ulag gatnawlarynyň artmagyna getirdi. Ýurdumyzda
dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze ulag ulgamynyň döredilmegi ulag
diplomatiýasyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Gesen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda ulag-aragatnaşyk pudagynda 9,3 göterim
ösüş gazanylmagy häzirki döwürde ulag pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan syýasatyň oňyn netijeleridir. Mejlisde ýollaryň
gurluşygyna we saklanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek barada hormatly
Prezidentimiziň beren tabşyryklary ykdysady kuwwatymyzy artdyrmakda bu ulgamyň tutýan
möhüm ornuny görkezýär.
Ählumumylaşmak
hadysasynyň netijesinde dünýä ýurtlarynyň arasyndaky özarabaglylygyň artmagy häzirki döwürde
söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegine itergi beren sebäpleriň biridir. Dünýä
bileleşiginde öz ornuny pugtalandyrmaga çalyşýan islendik döwletiň üstaşyr ulag
geçelgelerine gyzyklanmalarynyň artmagy öz-özünden düşnüklidir. Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän logistikanyň
köpugurly ösüş strategiýasy ýurdumyzda öndürilen ýa-da beýleki ýurtlarda
öndürilip, üstaşyr geçirilýän önümleri ýewropaly we aziýaly sarp edijilere ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda ulag we
aragatnaşyk pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilmegi onuň bitewi ykdysady toplumyň ähli
subýektleriniň özarabaglanyşygyny üpjün edýändigi bilen baglanyşyklydyr.
Ulag ulgamy ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak boýunça halk hojalygynyň
isleglerini kanagatlandyrmak bilen, harytlary, önümleri we hyzmatlary
öndürijiler bilen sarp edijileriň arasynda baglanyşdyryjy halka bolup hyzmat
edýär. Bu
ýagdaý pudagyň durmuş-ykdysady ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Maddy pudaklaryň önümlerini daşamak, olary daşary ýurt
bazarlaryna çykarmak, beýleki ýurtlardan ugradylýan ýükleri üstaşyr geçirmek
ýaly amallaryň ýerine ýetirilmegi ulag ulgamynyň strategik ähmiýetiniň
uludygyndan habar berýär. Türkmen
döwletiniň bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge we olaryň hilini ýokarlandyrmaga
gönükdirilen diwersifikasiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bu pudagyň çalt
depginlerde ösdürilmegine itergi berdi. Ýurdumyzyň Ýewropa we Aziýa
yklymlarynyň çatrygynda, ýagny geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşişinden netijeli
peýdalanylmagy soňky döwürde bu yklymlaryň döwletleriniň arasynda
söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolmagyna, ýük dolanyşygynyň we
ýolagçy gatnadylyşynyň möçberiniň artmagyna getirdi. Bu ýagdaý täze
halkara ulag geçelgelerini döretmek meselesine halkara gyzyklanmany artdyrdy. Türkmenistanyň
amatly geografik ýerleşişiniň ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli taraplary juda
uludyr.
Häzirki döwürde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän täze
ulag taslamalary ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik ukybynyň artmagyna oňyn
täsirini ýetirer. Täze ulag ugurlarynyň gurulmagy ykdysady we durmuş taýdan
örän bähbitlidir. Iş orunlarynyň, täze ilatly nokatlaryň döredilmegi, ulag
infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi we netijede, ýaşaýyş şertleriniň
gowulanmagy pudagyň ykdysady
netijeliligini görkezýär.
Energetika ulgamy türkmen ykdysadyýetiniň strategik ähmiýetli möhüm
pudaklarynyň biri bolup, häzirki ol ykdysadyýetimiziň dowamly ösüşine saldamly goşandyny goşýar.
Ägirt uly nebit we gaz gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň halkara energetika
strategiýasynyň esasy maksady durnukly, howpsuz we uzakmöhletleýin esasda köpugurly energetika
ulgamyny ösdürmek arkaly dünýä bazarlaryna çykmakdan ybaratdyr. Türkmenistan
daşary söwda-ykdysady gatnaşyklarda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgesinden
ugur alýar, ýagny energetiki çig maly eksport edijiler, şeýle-de ony sarp edijiler üçin
bähbitli bolmalydyr. Türkmen energiýa geçirijilerini dünýä bazarlaryna çykarmak bilen
baglanyşykly taslamalary amala aşyrmak çäresi döwletara we sebitara
söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirýän goşmaça şert hökmünde çykyş edýär. Häzirki bu möhüm ähmiýetli pudagy
ösdürmek üçin döwlet tarapyndan düýpli maýa goýumlaryň gönükdirilmegi,
ýerli hem-de daşary ýurt maya serişdeleriniň özleşdirilmegi döwrebap önümçilik we durmuş infrastrukturasyny döretmäge, ilaty ýagtylyk, ýylylyk bilen
üpjün etmäge, täze iş orunlaryny köpeltmäge, sebitde hem-de onuň çäklerinden daşarda umumy syýasy-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmaga mümkinçilik
berer.
Okamak