DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MÄKÄM BINÝADY

8-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere baha berildi we geljekde öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenildi. Dünýä ösüşinde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylyň 3 aýynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 11,1 göterim möçberde bolmagy häzirki döwürde içeri we daşary ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikler, öz gezeginde, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda täze sepgitlere ýetmegiň maddy binýady bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurduň ykdysady ösüşine baha berlende, birnäçe makroykdysady görkezijilerden ugur alynýar. Jemi içerki önüm, iş bilen üpjünçiligiň derejesi, maýa goýumlaryň möçberi, daşary söwda dolanyşygy şeýle häsiýetli görkezijiler bolup durýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň ählisinde durnukly ösüşiň gazanylmagy ýurdumyzda oýlanyşykly alnyp barylýan ykdysady syýasatyň oňyn netijeleridir. Aslynda, mazmuny boýunça islendik syýasat kesgitlenen anyk maksatlaryň we ony üpjün etmek üçin ulanylýan dürli usullardyr gurallaryň jeminden ybarat bolup, dünýä giňişliginde hem-de ýurtda emele gelen durmuş-ykdysady ýagdaýlara dogry baha berilmegi, ýüze çykan meseleleri aradan aýyrmak üçin gurallaryň dogry saýlanmagy bu syýasaty üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti hasaplanýar. Ýylyň ilkinji üç aýynda eziz Watanymyzda gazanylan oňyn durmuş-ykdysady netijeler munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.  

Türkmenistanda diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak syýasatynyň düýpli alnyp barylmagy bu esasy makroykdysady görkezijiniň, ýagny jemi içerki önümiň ösüş meýline eýe bolmagyny şertlendiren sebäpleriň biridir. Ykdysadyýetiň köpugurly  ösdürilmegi ykdysady ulgamyň aýry-aýry pudaklara garaşlylygynyň, netijede,  ykdysady ösüşde bar bolan töwekgelçilikleriň derejesini peseltmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde jemi içerki önümde senagat, ulag we aragatnaşyk, söwda pudaklarynyň paýynyň ýylyň-ýylyna artmagy munuň şeýlediginiň anyk güwäsidir.  Has takygy, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça ösüş depgini daşary söwdada 40,9, aragatnaşyk pudagynda 7,7 göterime barabar boldy. Bu statistiki maglumatlar, öz gezeginde, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen, önümçiligiň hemme görnüşleriniň taýýar önümi çykarmaga ukybynyň artýandygyny, hyzmatlaryň köptaraplaýyn ýola goýulýandygyny, şeýle-de innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.

Şu ýylyň fewral aýyynda kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” önümçiligik pudaklarynyň ösdürilmeginiň geljek 30 ýyl üçin döwürde-de ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenmegi, ilkinji nobatda, senagat pudagynyň ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň netijeli we ygtybarly ugry bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Ykdysadyýetimiziň senagalaşdyrylmagyny üpjün etmekde telekeçilerimiziň gazanýan üstünlikleri hem örän guwandyryjydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 164,5 göterime hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň 108,1 göterime barabar bolmagy ýurdumyzda raýatlarymyzyň telekeçilik  başlangyçlaryna döwlet tarapyndan berilýän köptaraply goldawyň oňyn netijeleri bolup, ol içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmakda bu ulgama möhüm ornuň degişlidigini, hususan-da, ählumumy pandemiýa sebäpli halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäklendirilen şertlerinde ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmekde hususyýetçiler tarapyndan uly tagallalaryň edilýändigini görkezýär.

Makroykdysady görkezijileriň gowulanmagynda milli ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň ähmiýeti örän uludyr. Tejribeden belli bolşy ýaly, ykdysady ösüşde täze hili gazanmak üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri zerur. Munuň üçin jemi içerki önümde maýa goýumlaryň paýyny artdyrmak möhüm şertleriň biri bolup, ol maýa goýumlaryň dürli çeşmelerini oýlanyşykly ulanmagyň hasabyna gazanylýar. “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda” ileri tutulýan ugurlaryň we maliýeleşdirmegiň çeşmeleriniň anyk kesgitlenmegi üstümizdäki ýylda öňde duran wezipeleriň oňyn çözülmegine itergi berýär. Şunda bu maksatnama laýyklykda, işe girizilmegi meýilleşdirilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň sany köp boldugyça, importy çalyşýan, eksporta gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişiniň şonça-da artjakdygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Munuň özi “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgy bilen daşarky bazarlarda mynasyp orun eýelejek milli önümleriň möçberleriniň hem köpeldiljekdigini alamatlandyrýar.  

Geçen döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň 3,9 milliard manada ýa-da jemi içerki önümiň 14,6 göterimine deň bolmagy ýurdumyzda işjeň maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şu döwürde özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 41,7 göterimiň önümçilige, 58,3 göteriminiň bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirilmegi dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda döwlet tarapyndan amal edilýän işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini tassyklaýar.  

Mälim bolşy ýaly, önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi abadan ýaşaýşymyzyň maddy binýadyny emele getirýän önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilýändigini, şunuň bilen birlikde täze iş orunlarynyň döredilýändigini hem aňladýar. Ýurtda maýa goýum syýasatynyň işjeň häsiýete eýe bolmagynyň oňyn netijeleriniň ilatyň iş üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyna getirýändigini-de bellemek zerurdyr. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen şeýle işler  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ganatly jümlesinde hem öz beýany tapýar.  

Geljek 30 ýyla niýetlenen maksatnamada ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ulgamynda bellenen maksatlara ýetmek üçin importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen syýasaty has-da işjeňleşdirmek meseleleri-de bazar ykdysadyýeti şertlerinde öz wajyplygy bilen tapawutlanýar. Şu ýylyň ilkinji 3 aýynda daşary söwdanyň ep-esli artmagynyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýan daşary ykdysady syýasatyň netijesinde mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. Şunda eksportyň düzüminde ýurdumyzda öndürilýän himiýa, nebithimiýa, dokma önümleriniň paýynyň yzygiderli artmagy, bir tarapdan, ýokary hilli milli önümlerimize daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýändiginiň, beýleki tarapdan, çar tarapa uzaýan awtomobil, demir we deňiz ýollarynyň söwda akymlarynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Umuman, agzalan ugurlarda gazanylan ykdysady we durmuş ähmiýetli ösüşler, sözüň doly manysynda, Diýarymyzda ýylyň ilkinji 3 aýynyň oňyn netijelere eýe bolandygyny alamatlandyrýar. 

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
 başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty
.


«Türkmenistan» gazeti, № 93 (30359). 12.04.2022ý.


Yza

Şeýle hem okaň