ÝAŞLARY MALIÝE-YKDYSADY TAÝDAN TERBIÝELEMEK – HÄZIRKI DÖWRÜŇ WAJYP WEZIPESI

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ ALTYN ASYRY” ATLY BÄSLEŞIGINE


«Nesil kämilligi jemgyýetiň kämilligine, jemgyýetiň kämilligi bolsa döwlet berkararlygyna eltýär».

                                                                                                                                                                                                                        Gahryman Arkadagymyzyň

“Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan.


ÝAŞLARY MALIÝE-YKDYSADY TAÝDAN TERBIÝELEMEK – HÄZIRKI DÖWRÜŇ WAJYP WEZIPESI 


maliýe tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, her birimiz banklar, salgyt edaralary, pensiýa ulgamy ýaly dürli maliýe institutlary bilen özara gatnaşyk saklaýarys. Dünýä ykdysadyýetine häsiýetli bolan bu ösüş meýliniň geljekde-de artmak häsiýetine eýe bolmagy maliýe-ykdysady terbiýäni türkmen nesliniň ruhuna we aňyna hökman siňdirmelidigini delillendirýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ilatyňmaliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet berlip, şunda ýaşlaryň, maşgalanyň maliýe abadançylygyny, netijede,  tutuş ýurduň durnukly ösüşini pugtalandyrmak maksat edinilýär.

Türkmen halkynda nesil terbiýesi bilen bagly ýörelgeler asyrlardan–asyrlara geçirilip, kämil derejä ýetirilen. Bu günki gün bolsa türkmeni türkmen edýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, özüňi alyp baryş kadalaryny ýitirmän, olary häzirki döwürde bolup geçýän özgertmelere uýgunlaşdyrmak meselesi döwrüň möhüm çagyryşlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserinde şahsyýetiň kemala gelmeginde uly orun eýeleýän maliýe-ykdysady terbiýä aýratyn  ähmiýet berilmeginde çuň many bar. Dünýä ykdysadyýetinde özgertmeleriň çalt bolup geçýän döwründe ýaş nesle köptaraply terbiýe bermek barada türkmen halkynyň Milli Lideriniň ündewleri uly ähmiýete eýedir. Olar döwletlilik esaslarymyzy mundan beýläk-de berkitmekde ýaşlara hünär öwretmek we terbiýelemek işiniň näderejede wajyp bolup durýandygyny görkezýär. Şunda maliýe sowatlylygynyň derejesini artdyrmak ugrunda ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň şu günki we geljekki ösüşimiz üçin ähmiýeti barada bilimlerimizi artdyrmak häzirki döwrüň talabydyr.

 

 

Ýurduň maliýe durnuklylygyny pugtalandyrmakda maliýe sowatlylygynyň orny

 

Asyl manysynda “sowatlylyk” diýlip adamyň degişli kadalary berjay etmek bilen, okamak, ýazmak we aragatnaşyk saklamak ukyplaryna düşünilýär. Giň manyda ol maglumata düşünmek, pikirlerini anyk beýan etmek, şeýle-de bilimlerini gündelik wezipeleri çözmek üçin ulanmak başarnyklaryny aňladýar.

Soňky döwürde jemgyýetçilik ösüşinde bolup geçýän köpugurly özgertmeler onuň sanly, maliýe we funksional sowatlylyk ýaly görnüşleriniň ýüze çykmagyna itergi berdi. Adamyň aňyna we erkine bagly bolmadyk, ýagny obýektiw häsiýetli ýagdaýlar bilen şertlendirilen hadysalara uýgunlaşmak zerurlygy sowatlylygyň islendik görnüşiniň, öz gezeginde, adamyň pikir edişine täsir edýändigi bilen baglanyşyklydyr. Hususan-da, ol tankydy pikir etmek, maglumaty seljermek we sintez etmek ýaly kognitiw başarnyklaryň ösdürilmegine itergi berýär. Häzirki döwürde iş berijiler tarapyndan hut şu başarnyklara uly isleg bildirilmegi olaryň eýesiniň geljekde hususy işini guramakda ýa-da işe ýerleşmekde bäsdeşlik artykmaçlygyna eýe boljakdygyny alamatlandyrýar.

Maglumatlar jemgyýetiniň ösdürilýän şertlerinde çylşyrymly maglumat goruny gaýtadan işlemek we oňa düşünmek üçin akyl işiniň işjeňleşdirilmegine zerurlyk döreýär. Her günki ýerine ýetirilýän işiň aňy giňeldiji we beýgeldiji serişde bolup durýandygyny nazara alsak, onda haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan, sowatlylygyň esaslaryny ýaşlykdan öwretmek, has takygy, bady gün-günden artýan özgertmelere taýýar bolmak üçin şu günden gamyny iýmek möhümdir.

Aslynda, maliýe sowatlylygy sowatly we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri kabul etmek üçin zerur bolan maliýe çygryndaky bilimleridir başarnyklary aňladýar. Ilatyň maliýe sowatlylygynyň maliýe durnuklylygynyň we ösüşiň girewi bolup durýandygy sebäpli, döwlet derejesinde oňa strategik wezipe hökmünde garalýar. Sowatlylygyň bu görnüşini ösdürmek işini eýýäm mekdepden, mümkin boldugyça, çagalar bagyndan başlamak ykdysady taýdan bähbitli we netijeli hasaplanýar. Binýatlaýyn düşünjeleri özleşdirmäge we geljekde esaslandyrylan maliýe çözgütlerini kabul etmäge ýardam berjek başarnyklary ele almaklary mekdep okuwçylarynyň maliýe taýdan sowatly bolmaklarynyň esaslaryny emele getirýär. Okuw sapaklarynda mugallymlaryň durmuşdan mysal getirmek arkaly bank ulgamy, pul amallary we maliýe bazarynyň beýleki gurallary bilen tanyşdyrmagynyň baş maksady ýaş nesilleriň has kiçi ýaşdan maliýe dünýäsinde özlerini ynamly duýmaklaryny we pul serişdelerini dolandyrmagy öwrenmeklerini üpjün edýär.

 

Ýaşlarda maliýe-ykdysady aňy ösdürmegiň häzirki zaman usullary we ylmy çemeleşmeler

 

Milletiň aň-paýhas derejesini artdyrmak ýurduň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmagyň ygtybarly we netijeli ýoly bolup, ol dürli usullar arkaly ösdürilýär. Aň-düşünjäni ösdürmek we ýokarlandyrmak işiniň ýeňil iş däldigini, munuň üçin köptaraply çemeleşmäniň zerurdygyny, köplenç halatda, onuň bilim bermek we okatmak arkaly gazanylýandygyny bellemek wajypdyr. Şunda okatmagyň usulyýetiniň dogry saýlanylmagynyň köp meseläniň netijeli çözülmegine ýardam berýändigine, ýagny ahyrky netijäni gazanmaga gönükdirilen maksatlaýyn çemeleşme ulanylýan ýagdaýynda netijeli bolýandygyna göz ýetirmek mümkin.

Adam beýnisiniň gurluşy örän çylşyrymly bolup, dünýä ylmy tarapyndan şu güne çenli onuň tebigatyny, işleýiş aýratynlyklaryny, döredijilik häsiýetini we kämilleşdirmegiň ýollaryny öwrenmek boýunça ylmy barlaglaryň giň gerimde alnyp barylýandygyna we oňyn netijeleriň gazanylandygyna garamazdan, bu ugurda kerwen gurap ýetilmeli sepgitlerdir aşmaly menziller entek köpdür. Ýöne ylmyň gazananlaryna we toplanan tejribä daýanyp, bir zady ynamly aýtmak bolar: adam diňe aňyny giňeltmek we akylyna gözegçilik etmek arkaly aň-düşünjesini kämilleşdirip bilýär. Gündogar akyldary Konfusiniň örän jaýdar belleýşi ýaly, “Beýik ussatlyk akyla gözegçilik etmekden başlanýar. Bu hakykata göz ýetirmegiň esasynda özüni özgerdip başaranlar dünýäni özgerdýärler. Haçanda akyl adama gulak asýan hyzmatkär bolanda, tutuş dünýä onuň aýagynyň astynda bolýar.”. Şu nukdaýnazardan, sowatlylygyň islendik görnüşi degişli ugurda ussatlyga ýetmek ugrunda ädilen ilkinji ädimdir.

Tebigat ynsana akyl ýetirmek ukybyny eçilipdir. Akyl ýetirmek – bardygyndan özümiz bihabar bolup, üsti basyrylgy ukyplarymyzyň üstüni açmagyň açary. Adamzat taryhy hakykata bilim, okatmak we tejribe arkaly ýetilýändigine şaýatlyk edýär. Häzirki güne çenli başga netijeli usul oýlanyp tapylan däldir. Durmuşymyzyň dürli taraplaryna degişli maglumat akymynyň dolup-daşýan döwri bilim bermek we okatmak babatynda däp bolan usullara derek has netijeli çemeleşmeleriň ulanylmagyny talap edýär.

Dünýäde durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän şertlerinde bilimleriň möçberini artdyrmaga däl-de, eýsem, adamlaryň aň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Bu ýagdaý islendik durmuş hadysasyna degişlilikde “mukdaryň hile geçmek” häsiýetiniň mahsusdygyny tekrarlaýan dialektik kanunyň biziň günlerimizde-de hökümini ýöredýändiginiň ýene-de bir tassyknamasydyr. Iň geň ýeri-de, häzirki güne çenli ne ylym, ne-de onuň ösüş ugruny kesgitleýn, öňünde täze wezipeleri goýýan we netijeliligini barlaýan tejribe tarapyndan muny başgaça düşündirip bilýän ýa-da bolup geçýän hadysalardyr ahwallaryň içki mazmunyny açyp görkezýän başga kanun döredilen däldir. Şol sebäpli ykdysady ösüşde öňegidişligi gazanmak isleýän ýurtlaryň, ilkinji nobatda, ilatynyň aň-düşünjesini, onuň netijesinde hünär derejesini ýokarlandyrmaga çalyşmaklary adamda jemlenen döredijilik güýçlerini ýüze çykarmagyň netijeli we ygtybarly usullaryň gözlenilmegini şertlendirdi. Bu ugurda alnyp barylýan ylmy gözlegler adam beýnisiniň döredijilik mümkinçiliklerini ösüşiň hatyrasyna ulanmak, ýagny intellektual maýany ykdysady ösüşleriň çeşmesine öwürmek bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde bilermenleriň berýän bahalaryna görä, orta hasapdan adamyň öz beýnisini diňe 10 göterimine çenli ulanýandygy, ylmy açyşlary bilen taryhda yz goýan alymlaryň bolsa pikirleniş kuwwatyny seljermegiň esasynda tebigat taýdan berlen mümkinçilikleriniň, takmynan, 20-25 göterimini ulanandyklary baradaky ylmy netijeler bu nerw ulgamynyň merkezi böleginiň entek üsti açylmadyk syrlarynyň köpdügine güwä geçýär. Bu ugurda alymlar tarapyndan ylmy barlaglaryň dowam etdirilmegi, şeýle-de dünýäde ylymda ýüze çykýan täze ugurlar boýunça ylmy gözlegleri amala aşyrýan zehinli ýaş alymlaryň sanynyň artmagy ýakyn geljekde akyl ýetirmek kuwwatyny artdyrmagyň usullaryny we ýollaryny tapmakda uly işleriň bitiriljekdigine ynamy pugtalandyrýar. STEM bilimi, şeýle-de düýpli düşünjeleri terbiýelemek üçin hyýaly dünýäniň mümkinçiliklerini ulanmak ugrunda gelnen netijeler diňe bir häzirki döwürde adamlaryň akyl ýetiriş ukybyny ösdürmegiň usulyýetiniň kämilleşýändigini aňlatman, eýsem, onuň bu ugurdaky indiki açyşlara we oýlap-tapyşlara badalga boljakdygynyň hem kepilidir. Alymlaryň pikirine görä, täze bilimleri we başarnyklary yzygiderli özleşdirmek, ýagny okamagy we öwrenmegi dowam etdirmek beýniniň sagdynlygyny saklamaga ýardam berýär. Häzirki döwürde köp ösen ýurtlar tarapyndan ykrar edilýän we durmuşa geçirilýän bütin ömrüň dowamynda bilim almak konsepsiýasy hem hut şu ýörelgelerden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, adam maýasynyň hilini ýokarlandyrmagyň ygtybarly we netijeli düzüm bölegi hasaplanýan bilimiň we ylymyň ilkinji basgançagy bolan sowatlylygy artdyrmak bilen bagly meselelere ünsüň güýçlenmegi kanunalaýyk ýagdaý hökmünde öz oňyn netijeleriniň ýurtda maliýe durnuklylygynyň berkemegini üpjün edýändigi taýdan ähmiýetlidir.  

 

Dürli ýaşdaky ilatyň maliýe sowatlylygyny artdyrmagyň ähmiýeti we zerurlygy

 

Bilşimiz ýaly, durmuşda ýa-da jemgyýetçilik ösüşinde bolup geçýän islendik özgerişlik ykdysadyýete öz täsirini ýetirýär. Hojalyk gatnaşyklarynyň ösmegi bilen, adam özara bähbitli alyş-çalyş etmegi, tygşytlamagy we toplamagy öwrenip, maliýe sowatlylygyň iň ýönekeý “harplygyny” döredipdir. Bazar gatnaşyklarynyň giň gerimli ösüşi bolsa maliýe-ykdysady gatnaşyklaryň has çylşyrymlaşmagyna getirmek bilen, oňa gatnaşyjylaryň ykdysady pikirlenişiniň derejesine, maliýe çözgütleriniň kabul edilişine talaby güýçlendirdi.

Umuman, maliýe sowatlylygy maliýe akymlaryny - girdejileri we çykdajylary dolandyrmak, puly sowatly paýlamak, ýagny serişdelere görä ýaşamak we bar bolan maýa serişdelerini dogry köpeltmek başarnyklaryndan ybarat. Başgaça aýdylanda, maliýe sowatlylygynyň ilkinji syry hakykat ýüzünde maýa serişdelerini saklamak we köpeltmek, alynýan girdejini sowatly paýlamak, şeýle-de ähli çykdajylary meýilnamalaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr.

Adat bolşy ýaly, pul serişdelerini dolandyrmakda ýüze çykýan islendik amatsyz ýagdaýlarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin maýa serişdeleriniň gönükdirilmegi, girdejileriň artdyrylmagy ýa-da abadançylyk ýyllarynda ätiýaçlyk gorlarynyň döredilmegi ykdysady kanunalaýyklyklaryň biri. Şunda bu amatsyz ýagdaýlar öňünden çaklap bolmadyk çykdajylar bilen bagly şahsy häsiýetli ýagdaýlar ýa-da bütindünýä çökgünligi, pandemiýa ýaly daşarky şertler bilen şertlendirilen ýagdaýlara dahyllydyr.

Pul bilen gatnaşyklaryň çagalykdan, diýmek, maşgaladan başlanýandygy hemmelere mälim. Maliýe serişdelerini dolandyrmak işiniň kiçi ýaşdan başlap, adamyň tä ömrüniň ahyryna çenli dowam edýändigi sebäpli, ykdysady gatnaşyklaryň barha çylşyrymlaşýan şertlerinde onuň ähmiýeti gün-günden artýar. Bu işleriň oýlanyşykly, sowatly guralmagy maliýe üstünligine getirýär. Akylly-başly çemeleşmäniň ýok ýerinde bolsa, pul ýetmezçiliginden ejir çekýänleriň sanynyň artmagy, netijede, kyn durmuş ýagdaýlarynyň döremegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şol sebäpli köp döwletlerde ykdysadyýet barada ilkinji düşünjeleri bermek işiniň çagalar bagyndan başlanmagy adaty ýagdaý bolup, ösüp gelýän ýaş nesliň maliýe başarnyklaryny ýokarlandyrmagyň has kiçi ýaşdan üstünligi gazanmaga ýardam berýän aňyýeti döredýändigi, netijede, ýurduň şu günki we geljekki ösüşini üpjün etmegiň ygtybarly çeşmesi bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Ilatyň we işewürlik gurşawynyň maliýe taýdan özüni alyp barşyny öwrenmäge ýöriteleşen seljeriş merkeziniň maglumatlaryna görä, dünýäde ilatyň 80 göterimi pul bilen bagly dartgynlylygy başdan geçirýär, 70 göterimi pul serişdelerini nähili sarp edýändiklerini bilmeýär, 60 göterimi bolsa maliýe ätiýaçlyklaryny edinmeýär, munuň netijesinde garaşylmadyk we duýdansyz ýüze çykýan ýagdaýlara taýýarlyksyz bolýar. Durmuşda köp ýüze çykýan bu meseleleriň aňyrsynda maliýe sowatlylygynyň pes derejesiniň ýatandygy äşgär bolýar.  

Häzirki döwürde ilatyň maliýe sowatlylygy ösüşde ileri tutulýan ugur bolup, onuň ýokarlanmagy maliýe medeniýetiniň ösýändiginden habar berýär. Internete elýeterliligiň häzirki derejesi munuň aýdyň güwäsidir. Bilşimiz ýaly, maglumat dünýäsiniň höküm sürýän döwründe adam aňyny hakykat arkaly özüňe çekip bolýar. Häzirki zaman jemgyýetinde dürli ýaşdaky ilata malýe sowatlylygyny öwretmäge uly ähmiýet berilýär. Ilatyň maliýe sowatlylygynyň ösdürilmegine ünsüň güýçlendirilmegini birnäçe sebäpler bilen düşündirip bolar.

1.             Ykdysady şertler. Statistiki maglumatlara görä, ýurdumyzda hyzmatlaryň, şol sanda ylym, bilim, lukmançylyk, bank we maliýe hyzmatlarynyň möçberi artýar. Hyzmatlar bazarynda maddy nygmatlar öndürilmeýän hem bolsa, maddy önümçilik üçin esas goýujy şertleri döredýändigi sebäpli, oňa önümçiligiň bir bölegi hökmünde garalýar. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň maglumat-hyzmat ulgamynyň depginli ösüşi bank we maliýe hyzmatlarynyň görnüşleriniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Maliýe gatnaşyklarynyň ýönekeý bolmadyk şertlerinde ilatyň dürli ýaşdaky toparlarynyň dürli tölegler bilen bagly gatnaşyklardan habarly bolmaklary, olardan baş alyp çykmaklary maliýe howpsuzlygyň bir düzüm bölegini düzýär.

2.             Jemgyýetçilik ähmiýeti. Maliýe meseleleri boýunça garaýyşlarynyň giňeldilmegine hyrydarlygynyň artmagy, maliýe maglumatlaryny dogry teswirlemek başarnygyny ösdürmekde belli bir derejede kynçylyk çekmegi uly ýaşly ilatyň maliýe sowatlylygynyň pes derejesini görkezýär. Uly ýaşlylaryň beýleki ýaş toparlaryndan aýratynlygyny maddy girdejileriniň durnuksyzlygy, oňa eýelik etmek ukybynyň, ýaşaýyş derejesiniň we döwlet tarapyndan berilýän durmuş ýeňillikleri barada habarlylygynyň pes derejesi bilen tapawutlanýar. Bu toparyň ýaş aýratynlygyny göz öňünde tutup, maliýe sowatlylygyny ösdürmek diňe bir olar üçin däl, eýsem, çagalary üçin-de möhüm bolup durýar. Maşgalanyň bitewüligini saklamak we çagalaryny eklemek hem-de okatmak bilen bagly ene-ata borjuny berjaý etmekde bu bilimleriň orny uludyr. Raýatlaryň pes maliýe sowatlylygyny ýeňip geçmek üçin geljekde ösüp gelýän nesliň maliýe başarnyklaryny kemala getirmek meselesi boýunça işleriň işjeňleşdirilmegi bolsa döwrüň talabydyr.

Şahsy maliýe serişdelerini dolandyrmagyň esasynda köplenç, diňe bir pul   däl-de, eýsem duýgularyň we islegleriň durandygy hakykatdyr. Wagtyň geçmegi bilen olar maksada öwrülýärler. Şunda pul olary amala aşyrmagyň serişdesine öwrülýär. Häzirki sarp ediş bilen geljekki meýilnamalaryň arasynda deňeçerligi saklamak üçin akyl ýetirilen özüňi alyp barşy terbiýelemek möhümdir. Şeýle edilmegi hakyky isleglere düşünmäge we ahyrky netijede maliýe strategiýasyny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Kähalatlarda geljegi ýatdan çykaryp, häzirki günüň haýryna saýlawy amala aşyrmak köpimize mahsus häsiýetdir. Sebäbi häzirki wagtda bolup geçýän ýagdaýlar biz üçin has düşnükli, olara göz ýetirip bolýar. Geljek babatynda gorkynyň bolmagy bolsa köpimizi howatyrlandyrýar. Şunda islendik ýagdaýda maliýe meýilnamasyny puja çykarjak töwekgelçilikleriň bardygy äşgär bolýar.

Arzuw-islegleriň çäksiz, serişdeleriniň bolsa çäkli bolmagy olary aň-düşünjeli dolandyrmak meselesini ýüze çykarýar. Puly nädip gazanmak baradaky bilimler, býujeti meýilnamalaşdyrmak başarnygy, girdejileri we çykdajylary hasaplamak, gözegçilik etmek ukyplary pula degişlilikde akyl ýetirilen gatnaşyklar hasaplanylýar. Şol sebäpli ileri tutulýan ugurlary ýa-da has wajyp zatlary tapawutlandyrmak, munuň üçin has möhüm maksatlaryň seljermesini geçirmek zerur bolup durýar.

 

 

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak 
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 64  (31678) 14.03.2026ý

 


Yza

Şeýle hem okaň