Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda dünýä ýurtlarynyň aglabasynda adam maýasyna ykdysady ösüşi çaltlandyrýan, oňa tizlik berýän güýç hökmünde garalmagynda uly many bar. Bu, ilkinji nobatda, saglygyň, bilimleriň, başarnyklaryň we ukyplaryň ýerlikli peýdalanylmagy netijesinde adamyň goşulan gymmaty döretmek häsiýetine eýedigi bilen baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň: «Adam kapitaly ykdysady ösüşleriň baş şerti bolup, jemgyýetiň esasy gymmatlygyny emele getirýär» diýen jümleleri onuň ykdysady öňe ilerlemeleri üpjün etmekde iteriji güýç bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.
Milletiň saglygy islendik ýurduň durmuş ulgamynda ýeten derejesini häsiýetlendirýän hil görkezijileriň biri bolmak bilen, ol döwletiň ykdysady ösüşine hem öz gös-göni täsirini ýetirýändigi bilen ähmiýetlidir. Ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak isleýän ýurtlaryň, adat bolşy ýaly, adam maýasyny ösdürmeklige çalyşmaklary hut şu sebäpler bilen düşündirilýär. Şunda häzirki döwürde bilimler, başarnyklar bilen bir hatarda adam maýasynyň binýatlaýyn düzümleriniň biri hasaplanýan saglygy goramak işine dünýä döwletleriniň ünsleriniň güýçlenmeginiň ýöne ýerden däldigine göz ýetirmek bolýar.
Sebäbi islendik subýektiň ykdysady we durmuş işjeňliginiň binýadynda onuň fiziki we ruhy saglygynyň esasy orun tutýandygy nazara alynsa, onda adam saglygy baradaky aladanyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin ähmiýetiniň ýokarydygy öz-özünden düşnükli bolýar. Has takygy, dünýä ösüşiniň ýönekeý bolmadyk häzirki döwründe ýurdumyzyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda saglyk bilen baglanyşykly sebäpleriň ykdysady we durmuş ähmiýeti has-da artýar. Çünki adam saglygy zähmet potensialynyň möhüm hil görkezijileriniň biri bolmak bilen, milli ykdysady ösüşimiz köp babatda onuň derejesine bagly bolýar. Bu ýagdaý, öz gezeginde, ýurdumyzyň lukmançylyk hyzmatlary bazarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegini, onuň köpugurly ösdürilmegini şertlendirýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi, bir tarapdan, ilatyň ömrüniň dowamlylygynyň has-da ýokarlanmagyna, ahyrky netijede, zähmete ukyply ýaşyň artmagyna getirýär. Beýleki tarapdan, bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler raýatlarymyzyň lukmançylyk hyzmatlaryna bolan elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda bu günki günde gazanylýan oňyn netijeleriň birnäçe şertleriň esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. Hususan-da, ilatyň saglygyny goramak syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny şertlendiren iki sany aýratynlygy görkezmek bolar: birinjiden, akademik, lukmançylyk ylymlarynyň we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, lukman Prezidentimiziň baştutanlygynda halkynyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň oýlanyşykly alnyp barylmagy, ýagny ilatyň ýaşaýyş hilini üpjün etmekde möhüm hasaplanýan bu ulgamyň maksatnamalaýyn esaslarda ösdürilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzda kuwwatly maddy binýadyň döredilendigi hem guwanarlykly ýagdaýdyr. Ikinjiden, adam saglygynyň köptaraply häsiýeti ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny, şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini işjeňleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak bilen bagly meseleleriň utgaşykly çözülmegini şertlendirdi. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Ýewropanyň hem-de beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlyk bu möhüm pudagyň mümkinçiliklerininiň giňden ulanylmagyna ýardam edýär.
Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň çäklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze saglyk maksatly binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, paýtagt şäherimizde we welaýat, etrap merkezlerinde lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan saglyk merkezleriniň gurulmagy, sport mekdepleriniň, stadionlaryň ulanylmaga berilmegi ilatyň ýaşaýyş hiliniň ýokarlanmagyna ýardam berýän şertlerdir. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze şypahananyň, Mary welaýatynda Çagalar hassahanasynyň, Lebap welaýatynda Köpugurly hassahananyň we Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň oňyn netijelerinden nyşan. Hususan-da, häzirki döwürde sebitleriň mümkinçiliklerini ykdysady ösüşlerimiziň çeşmesine öwürmek wezipesinden ugur alnyp, amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny depginli ösdürmeklige uly üns berilýär. Hazarýaka sebitinde «Awaza» şypahanasynyň we akwaparkyň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda açylyp, ulanylmaga berilýän täze saglyk we dynç alyş merkezleriniň hyzmatlaryndan ildeşlerimiziň giňden peýdalanmaklary ilatyň dynç almaga bolan islegleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Häzirki döwürde jemgyýetde abadançylygyň ýokary derejesiniň gazanylmagy, ýagny ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary bolmagy, zähmet rugsadynyň dowamlylygynyň artdyrylmagy işjeň dynç alyş (rekreasion) hyzmatlarynyň giň görnüşleriniň hödürlenmegine şert döredýär. Şunda ýurdumyzda iri maksatnamalary amala aşyrmagyň esasynda döredilýän durmuş-medeni şertler raýatlaryň ruhy islegleriniň ýokary derejede kanagatlandyrylmagyny üpjün etmek bilen, olar milli ykdysadyýetimiziň ösen derejesine hem şaýatlyk edýär.
Milli ykdysadyýetimiziň durmuş ulgamynyň pudaklarynyň arasynda ilatyň işjeň dynç almagy bilen baglanyşykly düzümine möhüm orun degişlidir. Ykdysady taýdan ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy bilen raýatlaryň sarp ediş çykdajylarynyň düzüminde dynç almak we boş wagtyňy guramak bilen baglanyşykly çykdajylaryň paýy artýar. Häzirki döwürde rekreasion hyzmatlaryny sarp etmegiň dünýä möçberinde ýewropa ýurtlarynyň paýy örän uly bolup, ilatyň jemi sarp edýän harytlarynyň we hyzmatlarynyň düzüminde bu hyzmatlaryň paýy Awstriýada – 8,9%, Norwegiýada – 6,7%, Şweýsariýada – 5,6%, Germaniýada – 3,7% deňdir. Şunuň bilen baglylykda häzirki döwürde işjeň dynç almak üçin ýurdumyzda ýeterlik derejede amatly şertleriň döredilendigi aýratyn bellärliklidir. Geografiki ýerleşişi boýunça Türkmenistan dürli landşaftlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, amatly tebigy-howa şertleri, ekologik taýdan arassa Hazar deňziniň kenary bilen tapawutlanýar. Bu şertler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda işjeň dynç alyş toplumynyň ösdürilmegine öz oňyn täsirini edýär.
Işjeň dynç alyş mümkinçilikler özara baglanyşykly bolan tebigy, sport-syýahatçylyk, sagaldyş-bejeriş we durmuş-medeni ulgamlardan ybarat bolup, bu ulgam beýleki pudaklar, ýagny oba hojalygy, azyk senagaty, ulag we aragatnaşyk, söwda we jemgyýetçilik iýmiti bilen içgin aragatnaşykda hereket eden ýagdaýynda bitewülik häsiýetine eýe bolýar. Ýurdumyzda işjeň dynç alyş toplumlaryň döredilmegi we ösdürilmegi diňe bir adam saglygynyň we işe ukyplylygynyň dikeldilmegini şertlendirmän, eýsem, ilatyň medeni-aň bilim islegleriniň kanagatlandyrylmagyna mümkinçilik berýändigi, şeýle-de ilatyň boş wagtyny netijeli guramaga döwlet tarapyndan uly goldaw berilýändigi bilen hem ähmiýetlidir. Mundan başga-da täze desgalaryň işe girizilmegi ilatymyzyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar.