TÜRKMENISTAN – BMG: PARAHATÇYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assamleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmagy Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze möhüm tapgyryny alamatlandyrdy. Çünki döwlet Baştutanymyzyň bu maslahatda ählumumy meseleler barada ýurdumyzyň garaýyşlary we netijeli başlangyçlary barada çuňňur manyly çykyşy häzirki döwürde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrmakda täze çemeleşmeleriň zerurdygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz bu taryhy çykyşynda 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Abadançylyk şygary astynda geçirmek baradaky teklibi beýan edip, adamzadyň bagtyýar geljegine tarap gitmegiň anyk ýoluny görkezdi. Bu başlangyç ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde, halkara wehimlerine garşy tagallalary birleşdirip göreşmekde, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda anyk çäreleri işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerine işjeň gatnaşmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugry hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu ýöne ýerden däldir. Sebäbi, bir tarapdan, bu Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen baglanyşyklydyr, beyleki bir tarapdan, ol durnukly ösüşiň hökmany şerti hökmünde howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmekden ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda Bitarap Türkmenistan ýaragsyzlanmak, terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň getirilmegine garşy göreşmek, Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýaly meseleler boýunça oňyn işleri amala aşyrýar. Sebit ähmiýetli möhüm taslamalar bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň, elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň netijesinde owgan ugry boýunça täze demir ýoly, Owganystanda durmuş maksatly desgalar guruldy, şeýle hem ynsanperwer ýükleri ibermek we ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary bilimli owgan hünärmenlerini taýýarlamak arkaly ynsanperwer kömek bermek yzygiderli dowam etdirilýär. Munuň özi Owganystany halkara taslamalara doly derejeli hyzmatdaş hökmünde gatnaşmaga, dürli ugurlar boýunça halkara ulag geçelgelerine goşulmaga, parahatçylyk ýagdaýynda Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmäge täze mümkinçilikleri açýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda amala aşyrylýan bu işler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan yzygiderli goldawa eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşynda ýurdumyzyň ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlaryny milli meýilnamalara we durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalara uýgunlaşdyrmaga girişendigini belläp geçdi. «Durnukly ösüş» konsepsiýasy bolsa geljekki nesilleriň isleglerini kanagatlandyrmak mümkinçiligine howp salman, häzirki döwrüň nesilleriniň isleglerini kanagatlandyrmagyň hasabyna öňe gitmegiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hil taýdan gowulandyrmagyň, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň nusgasydyr. Bu ugurda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi täze global strategiýa bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň bu halkara resminamasyny işläp taýýarlamaga gös-göni gatnaşdy. Ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary öz içine alýan ählumumy gün tertibi durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini we wezipeleriň 169-syny öz içine alýar. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyran ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-si, wezipeleriniň 148-si we görkezijileriniň 175-si millileşdirildi. Halkyň abadançylygyny goramak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgesi ösdürmek, ýokary hilli bilimi elýeterli etmek, gender deňligini gazanmak, durnukly infrastruktura döretmek, daşky gurşawy goramak ýaly ählumumy maksatlary öz içine alýan işlerde “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgä eýerilýän ýurdumyzda görnetin guwandyryjy netijeleri gazandy. Döwlet Baştutanymyz Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda amala aşyrylmagy äşgär duýulýan durmuş ugrundan başga-da, Ählumumy gün tertibiniň 6-njy maksady bolan hemmeler üçin suw serişdeleriniň elýeterli bolmagy hem-de rejeli peýdalanylmagy ýaly wezipelere dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi. Hormatly Prezidentimiz, aýratyn hem Merkezi Aziýa sebitiniň suw-energetika meselelerini, birinjiden, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ikinjiden, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen, üçünjiden, halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözmek boýunça garaýyşlaryny hormatly Prezidentimiz beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Aral deňzini halas etmek meselesiniň sebitiň çäklerinden çykýandygyny bellemek möhümdir. Her bir döwletiň öz araçäginiň bardygyna garamazdan tebigatyň çäkleri ýokdur. Şonuň üçin hem döwletler tebigy baýlyklary netijeli we rejeli peýdalanyp, ekologiýa abadançylygyny gazanmak ugrunda jogapkärli çemeleşýärler. Şeýle edilmedik ýagdaýynda bir döwletiň çäginde daşky gurşawa zyýanyň ýetirilmegi milli çäklerden çykyp, sebit derejesindäki, galyberse-de ählumumy häsiýete eýe bolan meselä öwrülip bilýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini BMG-niň alyp barýan işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek baradaky başlangyjy öňe sürýär. Bu ugurda 2018-nji ýylyň 18-nji aprelinde BMG-niň Baş Assamleýasy tarapyndan kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” hakyndaky Kararnama hyzmatdaşlygyň ygtybarly we netijeli hukuk esasyny emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Hazar deňzi barada hem aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekdiler. Hazar deňziniň sebiti  dünýä bileleşiginde örän uly gyzyklanma döredýän geosyýasy sebit bolup durýar. Hazarda köpugurly netijeli hyzmatdaşlyk kenarýaka döwletleriň hemmesi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerine baý bolmagy hem-de Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça esasy ýollaryň kesişýän ýerinde ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Bu günki gün Hazarýaka sebiti iri ulag-üstaşyr we energetika strategik geçelgeleriniň birine öwrülip, maýa goýum, halkara söwda we ykdysady işiň dürli görnüşlerini ösdürmäge amatly mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä üçin açykdyr. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi, amatly geoykdysady ýerleşişi, kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, islendik ykdysady iş üçin amatly maýa goýum şertleriniň we degişli infrastrukturanyň döredilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr.

Durnukly ösüş boýunça ileri tutulýan we derwaýys meseleler babatyndaky Türkmenistanyň oňyn we yzygiderli garaýyşlary häzirki zamanyň bütindünýa ösüşine laýyk gelýar. Şu jähetden, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynda we beýleki iri forumlarynda öňe süren möhüm halkara başlangyçlary halkara gatnaşyklarynyň täze arhitekturasyny kemala getirýär.

Goý, dünýäde ykrar edilen Mlli Liderimiziň ýurdumyzyň ýagty geljeginiň, kuwwatly döwlet bolmagynyň hatyrasyna alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ruslan Jumaýew, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Usulyýet müdirliginiň baş hünärmeni.
16.10.2018 - «Watan» gazeti


Yza

Şeýle hem okaň