DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MÖHÜM
UGURLARY
Golaýda, has takygy, 3-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginde jemi içerki önümiň
ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy bellenildi. Hasabat döwründe maksatnamalaýyn
esasda pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginiň makroykdysady
görkezijiniň durnukly saklanylmagyna ýardam berendigi nygtalmaga mynasypdyr.
Häzirki döwürde durnukly
ykdysady ösüşi gazanmak döwlet syýasatynyň baş ugry bolmagynda galýar. Durnukly
ösüş boýunça ileri tutulýan ugurlar we wajyp meseleler ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Durnukly ösüş maksatlaryny
amala aşyrmakda ykdysady ugra uly ähmiýet berilmegi onuň ösüşiň maddy binýady
bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi
diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler ykdysady
netijeliligiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Ykdysady ösüşde, köplenç, duş
gelinýän töwekgelçilikleriň derejesini peseltmekde özünde uly mümkinçilikleri
jemleýän köpugurly ösüş milli ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklara baglylyk
derejesini peseldýär. Şeýle-de diwersifikasiýa syýasaty entek ulanylmadyk içki
mümkinçilikleri ösüşiň çeşmesine öwürmegiň ygtybarly ýoly bolup durýar.
Geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji üç aýynda ösüş depgini gurluşykda 6
göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, oba hojalygynda 2,4
göterime deň boldy. Bu statistiki maglumatlar, öz gezeginde, ýurdumyzda ösüşiň
strategik ugurlarynyň dogry kesgitlenendigine, häzirki döwürde durmuşa
geçirilýän birnäçe döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuş-ykdysady
netijeliliginiň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Şol bir wagtda ykdysady
ösüşiň bu makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetimiziň
diwersifikasiýalaşdyrylmagy netijesinde önümçiligiň ähli görnüşleriniň taýýar
önümi çykarmaga ukybynyň artandygyny, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola
goýlandygyny, şeýle-de innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulýandygyny aýdyň
görkezýär.
Pudaklaryň öndürijilik
kuwwatyny artdyrmakda maýa goýumlara möhüm orun degişlidir. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim ýokarlandy. Bu görkeziji
önümçilik maksatly desgalardyr durmuş ähmiýetli binalaryň birnäçesiniň gurlup
ulanylmaga berilýändiginden, birnäçesiniň bolsa gurluşygynyň dowam
etdirilýändiginden habar berýär.
Döwletimiziň ykdysady
strategiýasynda senagatlaşdyrmak syýasatynyň netijeli alnyp barylmagyna ünsüň
güýçlenmegi ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdaky uly
mümkinçilikler bilen baglanyşyklydyr. Senagatlaşdyrmak syýasaty ösüş ýoluny çig
mal ugrundan häzirki zaman ýokary tehnologiýaly senagata daýanýan innowasion
ugra gönükdirmäge giň mümkinçilikleri döredýändigi bilen ähmiýetlidir. Hut şu
wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzda häzirki zaman senagat önümçilik
ulgamlarynyň emele gelmegine, gaýtadan işleýän iri kärhanalaryň döredilmegine
uly ähmiýet berilýär. Senagat pudagynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün
edilmegi goşulan gymmaty ýokary bolan hem-de ýokary hili bilen tapawutlanýan
harytlaryň öndürilmegine ýardam berýär. Öndürilýän önümiň ýokary hilliligi bolsa,
öz gezeginde, ýurdumyzyň daşarky bazarlarda tutýan ornunyň ygtybarlylygyny
kepillendirýär. Şu ýylyň ýanwar - mart aýlarynda senagat pudagynda 2,4 göterim
ösüşiň gazanylmagy bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginde güwä
geçýär.
Ykdysadyýeti
diwersifikasiýalaşdyrmak çygrynda bellenen maksatlara ýetmek üçin, importy
çalyşýan we eksporta gönükdirilen syýasaty has-da işjeňleşdirmek meseleleri hem
bazar ykdysadyýeti şertlerinde wajypdyr. Eksport mümkinçiliklerimiziň artmagy,
ahyrky netijede, importyň ornuny çalyşýan we eksporta gönükdirilen täze
önümçilikleri döretmek üçin zerur maddy binýat bolup durýar, şeýle-de goşulan
gymmaty döretmäge ukyply bolan önümçilikleriň sanynyň artmagyna ýardam berýär.
2026-njy ýylyň ýanwar - mart
aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda ulgamynda 8,3
göterim ösüş gazanyldy. Bu ýerli öndürijiler tarapyndan bäsdeşlige ukyply
önümleriň köp öndürilendigini aňladýar. Hasabat döwründe bölek satuw haryt
dolanyşygynyň 10,4 göterime deň bolmagy içerki bazaryň barha artýan isleglerini
kanagatlandyrmakda uly sepgitlere ýetilendigini görkezýär. Şu döwürde daşary
söwda dolanyşygynyň 3,7 göterim ýokarlanmagy bolsa milli ykdysadyýetimiziň
dünýä hojalygy bilen baglanyşygynyň derejesini görkezýär.
Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşi jemi
içerki önümde hyzmatlar ulgamynyň paýynyň artmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu
ýagdaýa däp bolan hyzmatlar bilen bir hatarda bilimleri we innowasiýalary
özünde jemleýän maglumat tehnologiýalary bilen bagly hyzmatlaryň ösmegi-de uly
täsirini ýetirýär. Beýle hyzmatlar ýurtlaryň hil taýdan tapawutlanýan ykdysady
ösüşine ýardam berýän ugur bolup durýar. Bular jemi içerki önümiň düzüminde
hyzmatlar ulgamynyň paýynyň ýokarlanmagyna, iş bilen meşgullanýanlaryň sanynyň
artmagyna, hyzmatlaryň halkara söwdasynyň hem ösmegine itergi berýär. Häzirki
döwürde hyzmatlaryň bilim, saglygy goraýyş, dolandyryş, maliýe amallary,
ätiýaçlandyryş, telekommunikasiýalar, maglumat hyzmatlary we sanly hyzmatlar
ýaly görnüşlerine islegler artýar. Bu ösüş meýli ylmyň depginli ösüşi,
ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir. Bu ulgamyň geljekde
giňeldilmegi we jemi içerki önümde onuň paýynyň artdyrylmagy üçin
mümkinçilikler uludyr. Bu ösüş meýliniň hyzmatlar bazarynyň ýokary ösüşini
kesgitlemegi kärhanalardan çeýeligi we maýa goýum serişdeleriniň aýlanyşygynyň
tizliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär.
Mejlisde, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda hyzmatlar ulgamynda 8,3
göterim ösüşiň gazanylandygy bellenildi. Hyzmatlar ulgamynyň jemgyýetiň
ykdysadyýetine we durmuş ulgamyna edýän täsiri onuň ýerine ýetirýän möhüm
wezipeleri bilen baglydyr. Mälim bolşy ýaly, bazar gatnaşyklarynyň giň gerimde
ösdürilmegi eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Munuň netijesinde
emläk eýeleriniň giň gatlagynyň kemala gelmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bolup
geçýän özgertmelere tiz uýgunlaşmak ukyby ýokary bolan hem-de bazaryň
isleglerini gysga wagtda kanagatlandyrmakda özüniň çeýeligi bilen tapawutlanýan
hususyýetçiligiň uly depginde ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň öndürijilik
kuwwatynyň artmagyna itergi berýär. Jemi içerki önümiň artmagy ykdysadyýetiň
diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam edýär, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň
görnüşleriniň giňelmegi hem-de möçberleriniň artmagy ykdysady netijelilikden
habar berýär. Bu ulgamy ösdürmegiň durmuş netijeliligi işgärleriň
girdejileriniň ýokarlanmagynda, iş bilen üpjünçiligiň, şeýle-de ilatyň boş
wagtynyň artmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Hyzmatlar bazarynyň paýynyň artmagy, ilkinji
nobatda, ýokary hünärli işgärleriň sanynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr.
Sarp edişiň ösmegi, ýokary düşewintlilik, özüni tiz ödemek we hyzmatlaryň bir
düzümi hökmünde jemgyýetçilik iýmitiniň maýa goýumlary özüne çekijiligi ilata
hyzmat etmek çygrynda hyzmatlar bazaryny giňeltmegiň ygtybarly guraly bolup
durýar. Maddy eşretler öndürilmeýän hem bolsa, maddy önümçilik üçin esas goýujy
şertleri döretmegi hyzmatlar ulgamyny özüne çekiji edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüş üpjün edilýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy dabaraly belleniljek bu ýylda milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde gazanylýan oňyn netijeler ildeşlerimiziň ýaşaýyş şertleriniň mundan beýläk-de gowulanmagyna, durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.