WATANY BEÝGELDEN ENE MÄHREMLILIGI

Döwlet Baştutanymyzyň türkmen zenanlaryna, öz käbesi Ogulabat ejä bagyşlanan “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly kitabyny bize peşgeş bermeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Bu kitap biziň her birimiz üçin eziz ynsan - Ene hakynda täsirli hem-de çuňňur pähimli söhbediň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň enelere bagyşlanan “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly kitaby  asyrlaryň dowamynda dörän rowaýatlary, nakyllary, gymmatly maglumatlary özünde jemläp, türkmen halky we giň okyjylar köpçüligi üçin mynasyp sowgada öwrüldi.

Akyldarlaryň biri: “Dünýäde at galdyrmak isleseň, ýa gowy kitap ýaz ýa-da kitap ýazylmagyna mynasyp gowy iş et” diýip nesihat edipdir. Döwleti dolandyrmakda alyp barýan beýik işleri bilen bir hatarda, özüniň ajaýyp eserleri bilen halkymyzyň kalbynda orun alan Gahryman Arkadagymyz bu eserinde bizi ulaldyp ile goşýan, bize köpçülik bilen sypaýy gatnaşyk saklamagy öwredýän mähriban enelerimiziň durmuşda tutýan orunynyň uludygy barada paýhasly jümleleriniň üsti bilen beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň bu kitapda: “Men mähriban käbämiň öňünde özümiň perzentlik borjumyň has uludygyny duýýaryn. Çünki öz il-halkymyň ykbalyna nur çaýýan işleri durmuşa geçirmäge güýçli ymtylyşymyň we yhlasymyň özeninde käbämiň ynamynyň ilkinji orny eýeleýändigine ynanýaryn” diýip bellemek bilen, adamy dünýä inderýän ynsanyň ornunyň ýokarydygyny, şeýle-de eneleriň öz perzentleriniň görnükli adam bolup ýetişmeginde uly orny eýeleýändigini hiş kimiň inkär edip bilmejekdigini belleýär.

Hormatly Prezidentimiz perzent üçin ata-enäniň uly göreldedigini aýtmak bilen, öz käbesiniň asylly zenanlara mahsus bol sypaýylygynyň, edep-ekramynyň, türkmençilik edim-gylymlaryna, däp-dessurlaryna belet bolmagynyň, maşgalany ünsi hem mähir-muhabbeti bilen gurşamagynyň, lebzi halallygynyň hem tükenmez yhlasynyň özboluşly durmuş mekdebine öwrülendigini ýatlap geçýär. Şeýle hem Ogulabat ejäniň töwereginde ýaşaýan uly-kiçi zenanlar üçin hemişe maslahatçydygy, mylakatlylygy, özüneçekijiligi, üýtgeşik mähribanlygy barada ajaýyp ýatlamalary beýan edýär.    

Hormatly  Prezidentimiziň özüniň ajaýyp kitabynda Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny,  maşgala gymmatlyklaryny goramaga gönükdirilen wezipeler we şertler barada durup geçýär. Şeýle hem Ýurdumyzda Ene mähri merkezleriniň döredilmegi, olarda enäniň saglyk ýagdaýynyň kadaly bolmagy, çaganyň sagdyn dünýä inmegi, olaryň saglygynyň goralmagy üçin döredilýän şertler barada, häzirki döwürde bolsa, Ene mähri merkezleriniň “Enä we çaga mähirli gatnaşyk” diýen halkara güwanamasyna eýedigini belleýär.

Maşgala ojagyna wepaly, watançy, zähmetsöýer nesilleri ýetişdirmekde bitirýän işlerini beýan edýän ajaýyp setirleriň mazmunyny özünde jemleýän bu kitap türkmen halkynyň zenanlara goýýan sylag-hormatynyň aýdyň nyşany, islendik adam üçin hem uly durmuş gollanmasy, ýokary ýaşaýyş mekdebidir.

Kitapda hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesiniň ömür ýoly, belent adamkärçilik sypatlary, baý durmuş tejribesi beýan ediýär. Ene gözelligiň, ýaşaýşyň, halallygyň gözbaşydyr. Şeýle mukaddesligi sarpalamagyň beýik nusgasy hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemala gelen şu ajaýyp eserinde jemlenen. Bu gymmatly eser bagtyýarlyk döwrümiziň bagtly enelerine bahasyz serpaý boldy.

Durmuşyň ajaýyp bezegi, halkymyzyň baýdaga deňelýän türkmen gelin-gyzlary jemgyýetiň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler, Watanymyzyň ykdysadyýetine saldamly goşantlaryny goşýarlar. ”Gelin-gyzlar döwleti dolandyryş işlerinde, ykdysadyýetde, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, aragatnaşyk, hyzmatlar, medeni-gumanitar ulgamlarda uly işler bitirýärler” diýip, mähriban Prezidentimiz gelin-gyzlaryň maşgalada, öý-içeride, jemgyýetde tutýan görnükli ornuna ýokary baha berýär. 

Türkmenistan döwletimiziň mähriban eneleri bagtyýar zamananyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen eneler üçin ähli zerur şertler döredilendir. Maşgala binýadynyň pugtalandyrylmagy, adamlary bagtyýar ýaşamagy üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilmegi, eneligi hem çagalygy goramak döwlet syýasatymyzda ileri tutulýаn wezipeleriň hatarynda bolmagynda galýar. Enäni mukaddes derejesinde sarpalamak, eneleri hormatlap-gorap saklamak türkmen halkynyň zandyna siňen asylly häsiýetdir. Milletimiziň bu asylly dessuryndan ugur almak bilen, ýurdumyzda eneler we çagalar üçin maddy ýeňillikleriň köptaraplaýyn ulgamy döredilen. Mähriban Arkadagymyzyň başda durmagynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaryň yzygiderli rowaçlanmagynyň özi halkymyzyň bolelin ýaşamagy ugrunda bitirilýän ägirt uly işleri ilimiziň biragyzdan goldaýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, döwletimiz tarapyndan aýallar çaga doglanda we oňa üç ýaşa çenli seretmek üçin döwlet kömek pullary, pensiýa ýaşyna ýetende pensiýalar ýa-da durmuş kömek puly bilen üpjün edilýär. Kodekse laýyklykda, çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn kömek puly hem-de çaganyň üç ýaşy dolýança oňa seretmek boýunça kömek puly çaga seredýäniň işleýändigine ýa-da işlemeýändigine garamazdan bellenilýär hem-de tölenilýär. Her ýyl gelin-gyzlaryň bahar baýramçylygy bolan 8-nji Mart baýramy ýurdumyzda ählihalk derejesinde bellenip geçilýär. Bu baýram mynasybetli ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň adyndan gelin-gyzlara pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

Hormatly Prezidentimiz 2008-nji ýylyň mart aýynda ata-babalarymyzyň her bir jemgyýetiň sagdyn ösüşini esaslandyrýan ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýmak bilen, «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etdi. Kanuna laýyklykda «Ene mähri» diýen hormatly ady sekizinji we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren enelere pensiýalar we kömek pullary bellenilende hasaplanylýan binýatlyk ululygyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2014-nji ýylyň 8-nji fewralynda gol çekilen «Zenan kalby» ordenini döretmek hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda “Zenan kalby” ordeni bilen döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan aýratyn goşandy we öz işleýän ulgamynda birnäçe ýokary görkezijileri bolan zenanlar sylaglanylýar.

Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň sahawatly saýasynda asuda, abadan, eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýan gelin-gyzlara okamak, maşgala döretmek, zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Abadan, bagtyýar, asuda durmuşymyz üçin türkmen gelin-gyzlarynyň hormatly Prezidentimize aýdýan alkyş-dilegleri çäksizdir. Mähriban enelerimize, gelin gyzlarymyza çäksiz sarpa goýýan, olaryň mertebesini belentde tutmakda, edep- ekramyna, tämiz at-abraýyna, halal ýoluna aýratyn hormat bilen garaýan Gahryman Arkadagymyza köp hoşallyk aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň ylhamy joşgunly, halkymyzyň ykbalyny arşa göterýän ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!


Edebiýatlar:

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Enä tagzym – mukaddeslige tagzym. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018. – 309 s.
  2. Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013. – 254 s.
  3. «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň kanuny. – Aşgabat, 2008.
  4. «Zenan kalby» ordenini döretmek hakynda» Türkmenistanyň kanuny. – Aşgabat, 2014.

Maral Ýaýlyýewa, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zenanlar guramasynyň başlygy
«Maliýe we ykdysadyýet» žurnaly 2018-nji №4



Yza

Şeýle hem okaň