Durmuş ulgamy islendik döwletiň ykdysady we durmuş ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolup, ilkinji nobatda, ol ähli raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ykrar edilen adam mertebesini, azatlygyny we hukuklaryny goramakda bu ulgama möhüm orun degişli bolup, onuň ýörelgeleri we guralyşy jemgyýetde ykrar edilýän gymmatlyklara baglylykda tapawutlanýar. Türkmen milletine mahsus bolan ynsanperwerlik häsiýeti häzirki döwürde alnyp barylýan durmuş özgertmeleriniň mazmunynda hem öz aýdyň beýanyny tapýar we ol döwletlilik esaslarymyzyň mundan beýläk-de berkemegine itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige esaslanýan durmuş syýasaty raýatlarymyzyň ählisini gurşap alýar. Jemgyýetimiziň ynjyk gatlaklarynyň wekillerine döwlet tarapyndan berilýän howandarlyk kömeginiň möçberi we görnüşi halkara giňişliginde ýurdumyzyň adam hukuklarynyň üpjün edilýän ýurdy hökmünde tanalmagyna esas döredýär. latyň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak we durmuş kepilliklerini üpjün etmek Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wezipesine girýär.
Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň zähmete ukypsyz adamlara, maýyplarа, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybaratdyr.
Islendik jemgyýetiň ösen derejesi tutuş ilatyň ýaşaýyş ýagdaýy, hususan-da, ilatyň zähmete bolan hukuklaryny we kepilliklerini üpjün etmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak, şol sanda döwletiň goldawyna mätäç ilat gatlaklarynyň, ýagny çagalaryň, ýaşlaryň, ýaş eneleriň we ýaşuly nesliň wekilleriniň durmuş üpjünçiliginiň döwlet tarapyndan kepillendirilişiniň ýagdaýy bilen kesgitlenýär. Bu kadalar adam hukuklary babatynda BMG tarapyndan kabul edilýän konwensiýalarda we ylalaşyklarda ykrar edilýän binýatlaýyn ýörelgelere daýanmak bilen, raýatlaryň durmuş hukuklarynyň goralmagyny we goldanylmagyny üpjün edýär.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizde durnukly ösüşiň gazanylmagy ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberleriniň ýylyň-ýylyna ýokarlanmagyna, netijede, raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiliginiň pugtalanmagyna ýardam berýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky Kodeksine laýyklykda, döwletimiz tarapyndan aýal maşgalalara çaga doglanda we oňa üç ýaşa çenli seretmek üçin döwlet kömek pullary, pensiýa ýaşyna ýetende pensiýalar ýa-da iş döwri bolmadyk ýagdaýynda durmuş kömek puly bilen üpjün edilýär. Şeýle-de, bu kodekse laýyklykda, çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn kömek puly hem-de çaganyň üç ýaşy dolýança oňa seretmek boýunça kömek puly çaga seredýäniň işleýändigine ýa-da işlemeýändigine garamazdan bellenilýär hem-de tölenilýär.
Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puly çaganyň doglan güni ýagdaýyndaky kesgitlenen möçberde bellenilýär.
Häzir maýyplyk boýunça döwlet kömek pullarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagy Türkmenistanda bu ugurda uly tagallalaryň edilýändigini tassyklaýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlaryň durmuş derejesini üpjün etmek wezipesinden ugur alyp, ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Hususan-da, maýyplygy bolan adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýörite çözgüdiň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda milli Liderimiz «Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda» Karar kabul etdi. Karara laýyklykda, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde, Mary welaýatynyň Mary şäherinde we Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin 1 sany 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirildi. 2017-nji ýylyň dekabrynda bu jaýlaryň dabaraly açylmagy adam baradaky aladanyň Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde bu ugurda gazanylýan üstünlikler durmuş goraglylygyna aýratyn mätäç adamlaryň hukuklaryny goramakda, olara sarpa goýmakda ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigini görkezýär.
Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygyrlaryndaky gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki kadalaşdyryjy namalar arkaly düzgünleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 1-nji maýyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» maýyplygy bolan raýatlaryň zähmet çekmäge bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döretmek, olaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak üçin çäreleri işläp düzmek göz öňünde tutuldy.
Şunuň bilen baglylykda degişli ministrlikler, pudak edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasynyň» taslamasynyň Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa laýyklykda işlenip taýýarlanylandygy hem-de 2016-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.
Maýyplygy bolan adamlaryň iş üpjünçiligi bilen bagly meseleler boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan bu resminama saglyk mümkinçilikleri çäkli adamlaryň durmuş-zähmet hukuklaryny dikeltmäge, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmagyna gönükdirilendigi bilen ähmiýetlidir.
Meýilnamada maýyplygy bolan adamlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny has-da ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Ýagny, maýyplyga getirýän keselleriň öňüni almak we bejermek, maýyplygy bolan adamlaryň telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, olar üçin «durmuş taksi» ulag gullugynyň guralmagyna uly ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen birlikde, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda tassyklanan «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem maýyplygy bolan adamlara we döwletiň goldawyna degişli beýleki adamlara döwlet kepilliklerini bermek bellenen. Bu Kanunda hem-de kabul edilen meýilnamada bellenilişi ýaly, durmuş taýdan goralmaga degişli adamlary, zähmet bazarynda deň şertlerde bäsleşige ukypsyz raýatlary işe kabul eder ýaly, maýyplygy bolan adamlar üçin hem ýörite iş orunlaryny döreder ýaly paý bellemek hem göz öňünde tutulýar.
Paýa laýyklykda işe ýerleşdirilmäge, girdeji çeşmesi bolmadyk durmuş goraglylygyna degişli raýatlara, ýagny, kärhanalaryň ýatyrylmagy ýa-da işiniň bes edilmegi, işgär sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy bilen bagly iş ýerini ýitiren adamlar, maşgalada ýeke-täk ekleýji bolup duran adamlar, bir ýa-da ondan köp kämillik ýaşyna ýetmedik çagany ýeke terbiýeleýän ene-atalar degişli bolýar.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde hem maýyplar üçin olaryň mümkinçiliklerine görä iş bilen üpjünçilik babatynda birnäçe ýeňillikleriň göz öňünde tutulýandygy aýratyn bellärliklidir. Mysal üçin, maýyplygy bolan adamlara zähmet hakyny azaltmazdan iş wagtynyň dowamlylygy gysgaldylyp bilner.
Işgär ilkinji işläp başlan ýylynda esasy rugsady almak üçin zähmet şertnamasynyň baglaşylan gününden başlap üznüksiz on bir aý işländen soň eýe bolýan bolsa, maýyplygy bolan adamlara on bir aý geçmese-de her ýylky esasy rugsat olaryň islegi boýunça berilýär. Şeýle hem, her ýylky esasy rugsat olaryň islegine görä özlerine amatly bolan wagtda berilýär.
Edara-kärhanalarda zähmet çekýän raýatlaryň her ýylky esasy rugsadyň dowamlylygy ýylda otuz senenama güni diýlip bellenilýän bolsa, maýyplygy bolan adamlara her ýylky esasy rugsadyň dowamlylygy kyrk bäş senenama güni bilen bellenilýär.
Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi geljekde biziň ýurdumyzda maýyplygy bolan adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, şonuň bilen birlikde hem olaryň ukyp-başarnyklaryna görä iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň has-da ýokarlanjakdygyny alamatlandyrýar.