YKDYSADY WE DURMUŞ ÖSÜŞINIŇ GÖZÝETIMLERI

Şu ýylyň 2-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda ulag düzüminiň täze desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijilik ukybynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň geljekki durnukly ösüşine öz oňyn täsirini ýetirjek bu taryhy waka, gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki döwürde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň «altyn halkasyny» emele getirýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.

«Açyk gapylar» syýasaty Türkmenistanyň pragmatizme ýugrulan daşary ykdysady bähbitleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyna ýardam berýär. Häzirki döwürde aragatnaşyklaryň transmilli ulag ulgamlaryny döretmek ýoly bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we geosyýasy ýagdaýyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak strategik ugurlaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde ulag pudagyna möhüm orun degişli bolup, halkara ulag giňişliginde Türkmenistanyň ykdysady bähbitleriniň durmuşa geçirilmeginde iri ulag taslamalaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ýurdumyzyň amatly geografiki ýerleşişini ykdysady ösüşleriň çeşmesine öwürmek milli Liderimiziň amala aşyrýan içeri we daşary ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan möhüm meseleleriniň biridir.

Dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde ulag kuwwatlyklary sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Her bir döwlet öz geografiki taýdan amatly ýerleşişini we önümçilik mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Ahyrky netijede, bu dürli ugurlarda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli ulag gatnawlarynyň artmagyna, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we syýahatçylygyň uly depginlerde ösmegine itergi berýär. Şu nukdaýnazardan, milli we halkara ähmiýetli ulag maksatnamalary diňe bir olaryň gurluşygyna gatnaşýan döwletler üçin ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, şol ýurtlaryň tutuş jemgyýetçilik ösüşine hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Şol sebäpli häzirki döwürde ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän halkara deňiz portuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň öz amatly geografik ýagdaýyny peýdalanmak bilen, mundan beýläk-de halkara ulag taslamalaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýän döwlet hökmünde öz ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Halkara ulag taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün edýän amatly şertleriň hatarynda halkara ulag taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm şertleriň biri bolup durýan ýurdumyzdaky syýasy durnuklylygy, ulag ulgamynyň ösüşini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary, ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklary, şeýle-de ulag düzüminiň ösüşiniň döwrebap derejesini görkezmek bolar.

Ýurdumyzda döwrebap ulag infrastrukturasynyň döredilmegi barha ýygjamlaşýan döwletara gatnaşyklaryň ösmegine ýardam bermek bilen, ol, hormatly Prezidentimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, «Gadymy döwürlerde biziň döwletimiziň üstünden geçen we häzirki wagtda dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoluna doly laýyk gelýär. Türkmenistan öz amatly geografiki ýagdaýyny peýdalanmak bilen mundan beýläk-de halkara ulag taslamalaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýän döwlet hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar». Täze Halkara deňiz portunyň gurulmagy ulaglaryň beýleki görnüşleriniň hem sazlaşykly ösmegine, bitewi ulgam hökmünde hereket etmegine mümkinçilik berýär. Netijede, bu ulag düzümi taryhyň sahypalarynda öçmejek yz galdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Ýaponiýadan Türkmenbaşa gelýän ýükleri Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherine, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine we Eýranyň Bender-Abbas portuna çykmaga mümkinçilik alýar. Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ösmegine hem mümkinçilik bermek bilen bir hatarda bu iri logistika merkezi ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga şert döredýär. Mundan başga-da ol ýurdumyzy iri üstaşyr merkeze, Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän özboluşly «howa derwezesine» öwürmek bilen, Türkmenistanyň Demirgazyk - Günorta we Gündogar - Günbatar ugurlary boýunça halkara ulag ulgamlarynyň möhüm çatryklarynyň biri hökmünde ornuny tassyklamakda ähmiýeti uludyr. Çünki deňizde ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň ösdürilmegi Merkezi Aziýa we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna doly goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgelerine ünsüň has-da güýçlenmegi geosyýasy we geoykdysady ähmiýetli birnäçe sebäpler bilen düşündirilýär. Täze halkara deňiz portunyň işe girizilmeginiň sebitde syýasy ýagdaýyň has-da gowulanmagyna, möhüm meseleler boýunça Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlyk etmegine ýardam berjekdigi onuň geosyýasy ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Islendik ykdysady gatnaşyklaryň özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny nazara alsak, onda bu logistika merkeziniň söwda-ykdysady, maýa goýum we ulag ugurlarynda diňe sebit möçberinde däl, eýsem yklymlaýyn döwletara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge düýpli itergi berjekdigi öz-özünden düşnükli bolýar. Mundan başga-da, bu ulag-üstaşyr we logistik merkez, Hazar sebitiniň döwletleri bilen bir hatarda, Merkezi Aziýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň hem ykdysady ösüşine öz oňyn täsirini ýetirer. Geografii ýerleşişiniň aýratynlyklaryna laýyklykda, dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň deňze çykalgasynyň bolmazlygy öndürilen önümi eksport etmekde, şeýle-de import amallaryny amala aşyrmakda belli bir kynçylyklary döredýär. Mysal üçin, bilermenleriň berýän bahalaryna görä, ýurduň deňze çykalgasynyň bolmazlygy ulag çykdajylarynyň ortaça 40 göterim ýokarlanmagyna getirýär, şonuň netijesinde daşary söwdanyň möçberi 60 göterime goaý peselýär. Obýektiw şertleriň esasynda döreýän bu ýagdaýyň ýurduň daşary söwda dolanyşygyna amatsyz täsirini peseltmek maksady bilen döwletler özi üçin bähbitli bolan ugurlarda ulag geçelgelerini gurmagyň tarapdarlary bolup çykyş edýär. Şeýlelikde, täze halkara ulag geçelgeleriniň gurulmagyna ýurtlaryň gyzyklanma bildirmegi, ilkinji nobatda, ykdysady sebäpler bilen şertlendirilendir. Ýagny önümiň özüne düşýän gymmatynyň düzüminde ulag çykdajylarynyň uly orun eýelemegi önüm öndürijileriň şol çykdajylary mümkin boldugyça azaltmaga  çalyşmaklaryna getirýär. Statistiki maglumatlara görä, häzirki döwürde ulag çykdajylary önümiň özüne düşýän gymmatynyň 10-15 göterimine barabardyr. Hususan-da, tebigy-howa şertleri ýowuz bolan sebitlerde onuň derejesi 50 göterime çenli artýar. Bu ýagdaý amatly ulag ugurlarynyň döwletleriň ykdysady ösüşine gös-göni täsir edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Barha globallaşýan şertlerde dünýä ýurtlarynyň arasynda ýola goýulýan ykdysady hyzmatdaşlygyň geografiýasynyň has-da giňemegi, hususan-da halkara ýük dolanyşygynyň möçberleriniň yzygider artmagy dürli sebitleri birleşdirýän täze gatnaw ýollarynyň gurulmagyna ykdysady zerurlyk döredýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmekde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna aýratyn üns berilýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şol bir wagtda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň doly kuwwatlylykda işlän ýagdaýynda, 3000-e golaý işgärleri iş bilen üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigi hem guwanarlykly ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu iri logistika merkeziniň ulanylmaga berilmegi diňe bir ykdysady ösüşimizde däl, eýsem, durmuş görkezijileriniň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň döwrebap tehnikalar bilen enjamlaşdyrylmagy, dürli maksatly täze terminallaryň tehniki we tehnologiýa taýdan üpjünçiliginiň ýokary derejesi Hazaryň ekologiýa abadançylygynyň kepili bolup hyzmat edýär.

Türkmen döwletini halkara ulag giňişliginiň möhüm düzüm bölegine öwürmek ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde hormatly Prezidentimize rowaçlyklar hemra bolsun!


25.05.2018 - «Türkmenistan» gazeti


Yza

Şeýle hem okaň