2018-nji ýylyň 2-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi. Bu resminamalar häzirki döwürde ýurdumyzyň zähmet bazarynda kemala gelen ýagdaýy nazara alyp, aýratyn demografik topar hökmünde häsiýetlendirilýän ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunda bu meseleleri çözmekde göz öňünde tutulan ykdysady, guramaçylyk we hukuk gurallary ýaşlary işe ýerleşdirmek ulgamynyň netijeli hereket etmegine ýardam berer.
Ýaşlary işe ýerleşdirmek bilen bagly meseleler dünýä ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde onuň derwaýyslygynyň has-da artmagy diňe bir ýurduň çäklerinde kemala gelen demografik, ykdysady we durmuş häsiýetli sebäpler bilen şertlendirilmän, eýsem ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik meselesine bellibir derejede daşarky sebäpler hem öz täsirini ýetirýär. Hususan-da, dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda işçi güýjüni globallaşmagyň, şeýle-de maglumat ulgamynda bolup geçýän düýpli öwrülişikleriň getiren netijelerine uýgunlaşdyrmak meselesi ähli ýurtlara häsiýetlidir. Şunda her döwletiň öz ykdysady strategiýasynda işçi güýjüni täze ýagdaýlara uýgunlaşdyrmak boýunça uzakmöhletleýin häsiýetli işleri amala aşyrmaga çalyşmagy, hususan-da, ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyndan ugur alyp, işçi güýjüni hünär taýdan taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, işe ýerleşdirmek boýunça goşmaça çäreleriň amala aşyrylmagy zerur bolup durýar.
Häzirki döwürde ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi bilen bagly meselelere ünsüň has-da güýçlenmegi olaryň oňyn çözgüdiniň ýurtda zähmet potensialyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigi, şeýle-de ýurtda ykdysady ösüşi üpjün edýändigi bilen hem ähmiýetlidir. Halkara Zähmet guramasynyň berýän bahalaryna görä, dünýäde ýaşlaryň işsizlik derejesiniň 2 esse peselen ýagdaýynda jemi içerki önümiň dünýä möçberiniň 5-7% artjakdygy bellenilýär. Bu maglumatlar ýaşlaryň diňe bir ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde ägirt uly dörediji güýç bolup durýandygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem ýurduň geljekki ösüş ugrunyň hut şu meseleleriň häzirki döwürde çözüliş aýratynlyklaryna bagly bolup durýandygyna hem şaýatlyk edýär.
Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi bilen milli ykdysadyýetimizde bolup geçýän düzümleýin özgertmeler zähmet we iş bilen meşgullyk çygyrlaryndaýaşlaryň zähmet bazarynyň täze talaplaryna taýýarlyk derejesi bilen bagly meseleleriň ähmiýetini artdyrýar. Bu ýagdaý ýaşlar babatynda döwlet tarapyndan özboluşly toplumlaýyn çäreleriň işlenilmegini we amala aşyrylmagyny talap edýär. Şunda şeýle çäreleriň diňe bir ýaşlaryň iş üpjünçiligi bilen baglanyşykly kepillikleriň berilmeginiň däl, eýsem bu demografik toparyň häzirki zaman ykdysady ýagdaýlara uýgunlaşmagyna goldaw berilmeginiň hem göz öňünde tutulmagy möhüm hasaplanýar. Şu meseleleriň kabul edilen täze maksatnamada öz aýdyň beýanyny tapandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.
Bu maksatnamanyň esasy maksady ýaş hünärmenleriň iş üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýlaryny düýpli seljermekden, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlarymyzy iş bilen üpjün etmekden, olary kärhanalara, guramalara we edaralara, şeýle hem hojalyklara berkitmekden, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Zähmet gatnaşyklaryna degişlilikde döwlet tarapyndan alnyp barylýan durmuş syýasaty diňe bir täze iş orunlaryny döretmek, ilaty iş bilen üpjün etmek bilen bagly bolman, eýsem, işçi güýçleriniň hilini ýokarlandyrmak, hünär taýdan taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, işgärleri saýlamak we hakyna tutmak üçin oňaýly şertleriň döredilmegini hem öz içine alýar. Şeýle çemeleşme ýaşlaryň iş üpjünçiligine hem häsiýetlidir.
Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň mazmuny ýaşlary işe ýerleşdirmek babatynda amala aşyrylmagy meýilnamalaşdyrylýan işleriň birnäçe aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
Birinjiden, meýilnamada ýaşlaryň zähmet bazaryna uýgunlaşmagyna ýardam berýän institutlaryň, ýagny bilim, maşgala, iş üpjünçiligi we hünär almak bilen bagly ulgamlaryň işini sazlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmak we işe ýerleşdirmek meseleleri özara baglanyşykly meseleler bolup, olary sazlaşdyrmagyň mehanizmi döredilen ýagdaýynda ýaşlar zähmet bazarynyň netijeli hereket edýändigini daşary ýurt tejribesi görkezýär. Bu mesele ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşi üçin hem möhüm bolup durýar. Dürli ulgamlaryň arasynda şeýle sazlaşygy üpjün etmekde döwletleriň öz hakyky demografik, durmuş-ykdysady ýagdaýlaryndan ugur almagy we oňa gabat gelýän çemeleşmäni ulanmagy hökmany ýagdaýdyr. Häzirki döwürde bu ugurda ulanylýan çemeleşmeleriň dürli-dürlüdigine garamazdan, olaryn arasynda bir umumylygy tapawutlandyryp bolýar: soňky döwürde dünýä tejribesinde ýaşlary iş bilen üpjün etmek babatynda köp maýa goýum serişdelerini talap edýän täze iş orunlaryny döretmeklige däl-de, eýsem, işgäriň potensialyny ösdürmeklige we olary ykdysadyýetiň hakyky talaplaryna uýgunlaşdyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Şunda zähmet resurslaryny, adam potensialyny bilimi we hünäri ösdürmek arkaly ýokarlandyrmak ýurtda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň netijeliligini kesgitleýän görkeziji bolup durýar.
Ikinjiden, ýaşlaryň dürli toparlarynyň, ýagny önümçilikde zähmet çekýänleriň, iş gözleýänleriň, uçurymlaryň, orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň, harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän ýaşlaryň meýilnama boýunça anyk çäreler bilen gurşalyp alnandygy aýratyn bellärliklidir. Hususan-da, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlar, umumybilim berýän mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, uçurymlary hem-de önümçilikde zähmet çekýän, harby gullukdaky ýaşlar bilen hünäre ugrukdyrma işlerini geçirmek, iş gözleýän ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze önümçilikleri, işiň görnüşlerini we iş orunlaryny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamak, şeýle-de iş gözleýän ýaşlaryň zähmet bazaryndaky bäsleşik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, olary işçi hünärleri boýunça hünär taýdan taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuwlary guramak meýilnamalaşdyrylýar. Bu toplumlaýyn çäreler ahyrky netijede dürli durmuş ýagdaýlary bolan ýaşlary işe ýerleşdirmek meselesiniň oňyn çözülmegine itergi berjekdigini aňladýar.
Üçünjiden, ýaşlar zähmet bazarynda kemala gelen hakyky ýagdaýa baha bermek üçin onuň subýektleri baradaky maglumatlary ýygnamak, yzygiderli seljermek, olaryň esasynda geljekki ösüş meýilleri çaklamak zerur bolup durýar. Şol sebäpli ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary hünär mekdepleriniň uçurymlaryň işe ýerleşdirilişi barada maglumatlary girizmek üçin döwlet statistik hasabatlylygy kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň orta we ýokary hünär bilimi edaralarynda, şol sanda hususy tertipde okaýan ýaşlaryň hasabyny ýöretmekligiň tertibini kämilleşdirmek, işçi güýjüniň seçimleýin gözegçiligini geçirmek bilen bagly meýilnamada göz öňünde tutulan çäreler ýaşlaryň işe ýerleşdirilişiniň monitoringini geçirmäge mümkinçilik berýär.
Dördünjiden, ýaşlar zähmet bazarynyň netijeli işlemegini gazanmak wezipesinden ugur alyp, onuň dürli toparlaryny, hususan-da, iş gözleýän ýaş raýatlary iş bilen üpjün etmek, hünär bilimini bermek we hünäre ugrukdyrmak üçin dürli pudaklaryň işlerini sazlaşdyrmagyň ähmiýeti artýar. Şunuň bilen baglylykda bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýaş hünärmenleriň işe ýerleşdirilmegi bilen bagly dürli düzümleriň utgaşykly işlemegini gazanmak möhüm wezipeleriň biridir. Bu wezipe Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 18-nji awgustynda çykaran 319 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara toparyň paýyna düşýär. Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmegiň meselelerini kadalaşdyrmak, milli kanunçylygy seljermek, bu ulgamdaky kadalaşdyryş-hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlaryň hasaba alnyşyny kämilleşdirmek ýaly Pudagara toparyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin degişli ministrlikler, pudak edaralary bilen durmuş hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy zerur bolup durýar.
Bu maksatnamanyň çäklerinde boş iş orunlary baradaky maglumatlary ýaşlaryň dykgatyna ýetirmek üçin täze döwrebap usullaryň ulanylmagyna möhüm ähmiýetiň berilmegi zähmet bazarynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň netijeliliginiň artmagyna ýardam berer.