ZÄHMETE SARPA

2017-nji ýylyň 8-nji dekabrynda şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda zähmet işi hakyndaky maglumatlary ýöretmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda” Karara gol çekdi. Bu Karar bilen Zähmet depderçelerini bermegiň, ýöretmegiň we saklamagyň tertibi, Zähmet depderçesiniň nusgasy tassyklandy. 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýän bu Karar zähmet adamlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini üpjün etmäge, olaryň durmuş goraglylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilip,zähmet gatnaşyklary çygrynda kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy babatynda alnyp barylýan işleriň nobatdaky mysaly boldy.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsanperwerlige ýugrulan «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň özenini düzýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda adam ölçegli ykdysady ösüşi üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan iri möçberli işleriň netijesini gündelik durmuşymyzyň ähli ugurlarynda görmek bolýar. Çünki adam baradaky alada döwlet syýasatynyň sütünini emele getirip, işleýän raýatlarymyzyň zähmet hukuklarynyň we bähbitleriniň mundan beýläk-de goralmagyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edilýär.

Häzirki döwürde zähmet bazarynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň häsiýetli aýratynlyklaryny nazara alyp, bu özboluşly bazaryň subýektleri bolan iş beriji bilen işgäriň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmakda döwlete möhüm orun degişlidir. Bu, ilkinji nobatda, zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek wezipesiniň döwletiň paýyna düşýändigi bilen baglanyşyklydyr. Hususan-da, döwletiň zähmet bazaryndaky gatnaşyklary kadalaşdyryjy wezipesi işgärleriň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemekde, zähmetiň amatly şertlerini döretmekde, işgäriň we iş berijiniň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Bazar gatnaşyklarynyň giňden ösdürilýän şertlerinde zähmet bazarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek, şeýle-de işgärleriň, iş berijiniň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň arasynda durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen zähmet gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek bilen bagly meseleler möhüm ähmiýete eýe bolýar. Durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, tutuş ykdysady ulgamda bolup geçýän özgerişikler zähmet gatnaşyklaryna hem öz täsirini ýetirýär. Netijede, zähmet gatnaşyklarynyň täzeçilligi şol bir wagtda zähmet kanunçylygynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýär.

Şu ýylyň 23-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadag Prezidentimiziň zähmet gatnaşyklary babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalary, şol sanda zähmet işi hakyndaky maglumatlary ýöretmegiň tertibini kämilleşdirmek barada beren tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar, şeýle hem işgärleriň zähmet işi hakyndaky maglumatlaryny ýöretmegiň tertibini kämilleşdirmek bilen bagly Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizildi. Has takygy, zähmet depderçäniň meseleleri bilen bagly 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda Zähmet kodeksiniň 30-njy maddasynyň 2-nji bölegine, 293-nji maddasynyň birinji bölegine, 296-njy maddasynyň üçünji bölegine üýtgetmeler girizilip, olary 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmek bellenildi.

Beýan edilenler bilen baglylykda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2017-nji ýylyň 8-nji dekabrynda «Zähmet depderçelerini bermegiň, ýöretmegiň we saklamagyň tertibi hakynda» Karar bilen Zähmet depderçelerini bermegiň, ýöretmegiň we saklamagyň Tertibi hem-de Zähmet depderçesiniň nusgasy tassyklandy.

Zähmet gatnaşyklarynyň ýüze çykmasy hökmünde zähmet şertnamasynyň baglaşylmagy ýa-da onuň hereketiniň bes edilmegi zähmet depderçesinde beýan edilýär. Şu nukdaýnazardan, zähmet depderçesi işgäriň zähmet işi hakyndaky we onuň zähmet ýoly baradaky esasy resminama hasaplanylýar. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, eger iş (gulluk) işgär üçin esasy bolsa, iş beriji kärhanada bäş günden köp işlän her bir işgäre zähmet depderçelerini ýöretmäge borçludyr. Zähmet depderçeleri diňe esasy iş ýeri boýunça ýöredilýär we ilkinji işe girýän adamlara zähmet depderçesi onuň ilkinji işe girýän kärhanasy tarapyndan berilýär we zähmet depderçesine ilkinji ýazgy şol ýerde döwlet dilinde ýazylýar.

Şunuň bilen birlikde möwsümleýin we wagtlaýyn işlerde işleýänler üçin hem zähmet depderçeleriniň ýöredilýändigini bellemek gerek. Şeýle hem işgäriň islegine görä esasy işi bilen utgaşykly işländigi hakyndaky maglumatlary esasy iş ýeri boýunça ýöredilýän zähmet depderçesine girizmek hem göz öňünde tutulýar. Şunda işgäriň utgaşykly işini tassyklaýan resminamanyň bolmagy esasy şertdir.

2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilmegi bellenilen bu tertibe  girizilýän täzelikler barada giňişleýin durlup geçilmegi okyjylarymyza ol baradaky düşünjeleriniň artmagyna mümkinçilik berer. Şunda ilki bilen «Zähmet depderçeleri bilen iş berijini kim üpjün edýär?» we «Ol nähili amala aşyrylýar?» diýen sowallar ýüze çykýar. Täze tertibe laýyklykda zähmet depderçäni ýasatmak, olar bilen iş berijileri üpjün etmek wezipesi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine berkidilýär.

Ýurdumyzda guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň hereket edýändigini göz öňünde tutup, olary zähmet depderçesi bilen üpjün etmek wezipesiniň nähili amala aşyrylýandygy baradaky mesele köpleri gyzyklandyrýar.

Täze kabul edilen resminama laýyklykda zähmet depderçelerini bermek şu tertipde amala aşyrylýar, ýagny:

zähmet depderçeleri bilen üpjün etmäge ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy hökmünde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi zähmet depderçeleri (olaryň içlikleri) bilen üpjün etmegi ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýüztutmalary esasynda amala aşyrýar. Ýagny ministrlikler, pudak edaralary, häkimlikler özleriniň garamagyndaky edaralaryny zähmet depderçeleri bilen üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine ýüz tutýarlar;

döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki şahs bolup durýan iş berijileri hem-de hususy telekeçileri, beýleki şahsy taraplary olaryň sargytlary boýunça ýerleşýän ýerlerindäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary üpjün edýärler.

Karara laýyklykda girizilýän täzelikleriň ýene biri hususy telekeçilikde ýüze çykýan zähmet gatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde hereket edýän kanunçylyga laýyklykda hususy telekeçileriň, olar bilen zähmet gatnaşygynda bolan işgärleriň we öý hojalygynda şertnama esasynda işleýän adamlaryň zähmet depderçeleri salgyt edaralary tarapyndan ýöredilýär. Täze tertibiň güýje girmegi bilen şeýle adamlaryň zähmet depderçelerini resmileşdirmek, ýöretmek we saklamak wezipesi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň etraplardaky, etrap hukukly şäherlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümlerine geçirilýär.

Has takygy, işgärleriň zähmet depderçeleri ýuridiki şahs bolup durýan iş berijileriň özlerinde, hususy telekeçileriň özleriniň zähmet depderçeleri we hususy telekeçi bolup durmaýan fiziki şahslarda işleýän işgärleriň zähmet depderçeleri Ministrligiň ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümlerinde, hususy telekeçiler bilen zähmet gatnaşyklarynda bolan işgärleriň zähmet depderçeleri bolsa, hususy telekeçilerde saklanýar. Bu kada döwlete dahylsyz pudakda işleýän işgärleri durmuş ätiýaçlandyrmasyna giňden çekmäge, iş üpjünçiligine baha bermäge, şeýle hem raýatlary durmuş taýdan goramak işlerini döwrebap alyp barmaga ýardam berer.

Zähmet depderçesiniň täze nusgasynyň girizilmegi bolsa indiki täzeligiň mazmunyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda häzirki döwürde işleýän raýatlaryň adyna resmileşdirilen köne nusgadaky zähmet depderçeleriniň tassyklanan täze nusga çalşyrmaga degişli däldigini, ýöne 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, zähmet şertnamasyny ilkinji gezek baglaşýanlaryň zähmet depderçeleriniň täze nusga esasynda resmileşdirilmäge degişlidigini bellemek zerurdyr.

Zähmet depderçelerini bermegiň, ýöretmegiň we saklamagyň tertibinde ýokarda beýan edilenlerden başga-da zähmet depderçelerini, olaryň içliklerini resmileşdirmegiň, olara maglumatlary ýazmagyň kadalary, zähmet depderçeleriniň resmileşdirmek, saklamak we bermek boýunça taraplaryň hukuklary we borçlary, zähmet depderçelerini we olaryň içliklerini hasaba almagyň we saklamagyň düzgünleri kesgitlenilýär.


20.12.2017 - «Türkmenistan» gazeti


Yza

Şeýle hem okaň