Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen halkara maýyplar gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň guramagynda Ministrligiň mejlisler zalynda “Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş syýasatynda maýyplygy bolan adamlary durmuş taýdan goldamak boýunça ýurdymyzda alnyp barylýan işler barasynda” “tegelek stolyň” başynda söhbetdeşlik guraldy. Hormatly Prezidentimiziň maýyplygy bolan raýatlarymyzy goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak baradaky hossarlyk aladalary raýatlarymyzyň kalbynda çuňňur kanagatlanma duýgularyny döredýär. “Tegelek stolyň” başyna ýygnanan wekilleriň arasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Türkmenistanyň Bilim ministrliginden, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinden, Türkmenistanyň Körler we kerler jeýmgyýetinden şeýle hem köpçülikleýin habar beriş gulluklaryndan wekiller bar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary bilen ýurdumyzda maýyplygy bolan raýatlarymyzy goldamak boýunça berilýän ýeňillikler dogrusynda gürrüň edildi, şeýle hem şu ýylyň 14-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan “Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasyny” durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özara pikir alyşma häsiýetinde geçen duşuşykda çykyş edenleriň aýdan pikirleri we teklipleri söhbetdeşlige gatnaşanlar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
“Tegelek stolyň” başyndaky söhbetdeşlik juda ähmiýetliligi we täsirliligi bilen tapawutlandy. Oňa gatnaşyjylar raýatlarynyň aladasyny ähli zatdan ileri tutýan belent başly Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Halkara maýyplar gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýan goramak ministrliginiň garamagyndaky welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ýalňyz gartaşan raýatlara we maýyplara durmuş taýdan hyzmat ediş merkezlerinde hem dowam etdirildi.
Geçirilen çäreleriň dowamynda merkezlerde durmuş taýdan hyzmat edilýän raýatlara baýramçylyk gutlag sözleri aýdylyp, olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Halkara maýyplar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Kӧrler we kerler jemgyýetiniň guramagynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda geçirilen baýramçylyk konserti dabara gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Konsertiň dowamynda jemgyýetiň çeper hӧwesjeňler toparynyň agzalary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym sazlar dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylandy.
Berkarar dӧwletimiziň bagtyýarlyk dӧwründe «Dӧwlet adam üçindir!» diýen şygary ýol-ýӧrelge edinýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan dӧredilip berlen eşretli, bagtyýar durmuşyň gadyr-gymmatyny her ädimde duýup ýaşamaklygy hem-de ähli zatdan ileri tutulýan ynsan saglygyny gorap saklamakda yzygiderli edilýän işleriň bimӧçberdigini dabara gatnaşyjylar uly buýsanç bilen belläp, şonuň bilen baglylykda bu bagtyýarlygyň gӧzbaşynda duran Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň adyna müň kerem alkyş sӧzlerini aýtdylar.