Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Türkmenistan, Aşgabat, «Ýyldyz» myhmanhanasy.
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň «Zähmet we iş üpjünçilik çygrynda syýasatyň işlenip taýýarlanylmagy we durmuşa geçirilmegi boýunça mümkinçilikleriň ýokarlandyrylmagy» atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde zähmet, iş üpjünçilik we zähmet gatnaşyklary meseleleri boýunça BMGÖM-niň halkara bilermenleriniň, Belarus Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we onuň bölümleriniň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stol görnüşinde maslahat geçirildi.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekili maslahaty açyp, tegelek stol görnüşinde guralan maslahata gatnaşyjylara gutlag sözlerini beýan etdi. Maslahatda şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary söz sözledi we ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada aýdyp, durmuş pudagynda üstünlikleriň gazanylýandygy we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini belledi. Soňra inklýuziw iş üpjünçilik meseleleri boýunça BGMÖM-niň Stambul şäherindäki Sebit edarasynyň hünärmeni hanym Wesna-Suteska Bişewa söz berildi we ol maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, maslahatyň işiniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra maslahatyň netijeliligini ýokarlandyrmak we çykyşlaryň gatnaşyjylara peýdaly bolmagyny gazanmak maksady bilen, ýörite slaýdlaryň kömegi bilen taýýarlanan çykyşlara orun berildi. Ilki bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekili çykyş edip, Bagtyýarlyk döwründe Ministrligiň öňünde durýan wezipeler we häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada, şeýle hem durnukly ösüş maksatlarynyň degişli ugur boýunça ýurdumyzda amala aşyrylmagynyň çäreleri, Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýtdy.
Taslamanyň tehniki maslahatçysy Türkmenistanyň zähmet we iş üpjünçilik ulgamyna degişli kanunçylyk namalary barada hem-de «Zähmet we iş üpjünçilik çygrynda syýasatyň işlenip taýýarlanylmagy we durmuşa geçirilmegi boýunça mümkinçilikleriň ýokarlandyrylmagy» atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde alnyp barylýan işleri hem-de wezipeleri beýan etdi we 2019-njy ýylda taslama boýunça meýilleşdirilen işler barada belläp geçdi.
BGMÖM-niň zähmet we iş üpjünçilik boýunça maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça halkara maslahatçysy Sara Ýohanson iş üpjünçilik ulgamynda öňdebaryjy tejribe barada aýdyp, Ýewropa ýurtlarynyň tejribesinde iş üpjünçilik ulgamyny ösdürmekde bilim maksatnamalarynyň, maglumat tehnologiýalaryň orny barada hem çykyşynda nygtap geçdi.
Inklýuziw iş üpjünçilik meseleleri boýunça BGMÖM-niň Stambul şäherindäki Sebit edarasynyň hünärmeni inklýuziw iş üpjünçilik konsepsiýasynyň aýratynlyklary, Balkan ýurtlarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi, iş ýerlerinde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi.
Soňra maslahatda Belarus Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Belarus Respublikasynyň zähmet kanunçylygy, zähmeti goramak we bu boýunça hereket edýän kanunçylyk namalar, hünär kesellerini kesgitlemegiň we zähmet şertlerini gowulandyrmagyň ýollary, Belarus döwletiniň zähmeti goramak, iş ýerlerinde zähmetiň howpsuzlygyny gazanmak boýunça toplan tejribesi, zähmet bazaryny kadalaşdyrmak we bu ugurda ýüze çykýan meseleleri düzgünleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada gürrüň berdiler. Çykyşlaryň dowamynda iş üpjünçilik, maglumatlaşdyrmak, ýaşlar syýasaty barada, şeýle hem döwlet iş üpjünçilik boýunça elektron portalynyň döredilip, ýurtda iş üpjünçilik ulgamynyň kämilleşdirilýändigi barada hem aýratyn bellenildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenlere degişli ugurlary boýunça gyzykly soraglar berildi hem-de zähmet we iş üpjünçilik çygrynda dünýä tejribesi barada gyzykly pikir alyşmalar boldy.
Tegelek stol görnüşinde geçirilen maslahat Durnukly ösüş maksatlarynyň «Barha ilerleýän, hemme zady öz içine alýan we durnukly ykdysady ösüşe, hemmeleriň önümçilikde meşgul bolmaklygyna hem‑de mynasyp işde işlemegine ýardam bermek» atly 8-nji maksadyna laýyk gelýän Türkmenistanda mynasyp zähmet ýörelgelerini ösdürmek we şu esasda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek hem-de ýaşaýşyň hilini we derejesini ýokarlandyrmak boýunça zähmet we iş üpjünçilik çygrynda Türkmenistanda bilelikde alnyp barylýan işleriň netijelidigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Görkezilen maksatlar durmuş-zähmet gurşawyny ösdürmek, ilatyň girdejilerini artdyrmak, iş üpjünçilik ulgamyny giňeltmek, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň hemaýata mätäç raýatlara gönükdirilmegini üpjün etmek, zähmetiň howpsuzlygyny we zähmeti goramak derejesini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistan tarapyndan ýerine ýetirilýän anyk çärelerde özüniň wajyplygyny saklap galýar.
Tegelek stoluň başynda geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar yzygiderli gatnaşyklary saklamaga gyzyklanma bildirdiler, zähmet we iş üpjünçilik çygrynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny bellediler hem-de goýlan wezipelere we maksatlara ýetmek üçin bilelikdäki tagallalaryň netijeli boljakdygyna umyt bildirdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara bilermenler bilen duşuşyklary we maslahatlary geçirmäge döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çäksiz alkyşlar aýtdylar.