WATAN GORAGÇYLARY SARPALANYLÝAR

2019-njy “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerinde berkarar döwletimizde giňden bellenilýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet-sungat işgärleriniň, döredijilik toparlarynyň çykyşlary medeni-köpçülik çärelerine aýratyn öwüşgin çaýyp, halkymyzyň göwünlerini galkyndyrdylar. Şol bir wagtyň özünde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 1941-1945-nji ýyllaryň uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimize hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu dabara Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan guraldy.

1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini şu günki hem geljek nesiller üçin watançylyk mekdebidir. Bu gün olar hormatly Prezidentimize edýän aladalary üçin alkyşlar aýdyp, ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde asylly işleri alyp barýarlar.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, 93 ýaşa gadam basan uruş weterany Guwanç Myratlyýewe hem hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgady gowşuryldy. 1926-njy ýylda doglan Guwanç aganyň häzirki wagtda 9 sany çagasy, 38 sany agtygy, 71 sany çowlugy, 9 sany ýuwlugy bar. Ol asuda asmanyň astynda, parahat döwletimizde ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýdyp, ýaşlarda watansöýüjiligi ösdürmekde gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, 103 ýaşa gadam basan Annasoltan ene hem uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken edermen enelerimiziň biridir. Hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgat gowşurylanda Aksoltan ene bagtyýar döwürde ýaşaýandygyna buýsanjyny beýan edip, gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny alkyş sözleri bilen aýtdy. Şeýle sowgatlar uruşda we tylda gaýduwsyzlyk, merdanalyk, edermenlik görkezen başga-da köp sanly ýaşulylarymyza hem enelerimize gowşuryldy. Olar ýurdumyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň, gülläp ösüşiniň hatyrasyna bimöçber işleri alyp barýan Döwlet Baştutanymyza özleriniň ýürek arzuwlaryny we bimöçber hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşanlar we tylda zähmet çekenler aýratyn sarpalanýar. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlarymyz, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken enelerimiz, hat-da olaryň maşgala agzalary üçin kanunçylykda hemmetaraplaýyn ýeňillikler ulgamy döredildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer durmuş syýasatynda Watan goragçylaryna, merdanalyk mekdebine öwrülen ýaşuly neslimize aýratyn orun berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gursagynda medallardyr-ordenleriň birnäçe hatary bolan ýaşulularymyz biziň mertlik hem edep mekdebimizdir! Tylda edermenlik görkezen kümüş saçly enelerimiz mähremlilik mekdebimizdir!


Yza

Şeýle hem okaň