2019-njy ýylyň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip atlandyrylmagy şu ýylyň adyna kybapdaş işleriň giň möçberiniň durmuşa geçiriljekdigini alamatlandyrýar. Durmuş abadançylygynyň ýokary derejesini üpjün etmek üçin barha rowaçlanýan ykdysady ösüşiň zerurdygy durmuş tejribesinden mälimdir. Rowaçlygy, adam baradaky aladany döwlet syýasatynyň baş wezipesi hökmünde kesgitlän ýurdumyz üçin ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselesi öz wajyplygy bilen tapawutlanýar. Şunda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimize daşary amatsyz şertleriň ýaramaz täsirini nazara almak bilen, ösüşiň täze amatly modelini gözlemek howpsuzlyk nukdaýnazaryndan wajyp hasaplanýar. Hususan-da, dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynda maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän häzirki döwründe ýokary depginli ykdysady ösüşi üpjün etmek çylşyrymly meseleleriň biri bolup, ösüşiň strategik ugurlary dogry kesgitlenende, ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasat öz oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigine 2018-nji ýylda durmuş-ykdysady ösüşimizde gazanylan netijeler aňryýany bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2018-nji ýylda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime deň bolmagy häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden nyşan. Hususan-da, ýurdumyzda diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak syýasatlarynyň düýpli alnyp barylmagy bu esasy makroykdysady görkezijiniň ösüş meýline eýe bolmagyny şertlendiren sebäplerdir. Mundan başga-da, senagatlaşdyrmak syýasaty Türkmenistan döwletini çig mal ugrundan häzirki zaman ýokary tehnologiýaly senagata daýanýan innowasion ugra öwürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Hut şu wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzda häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlarynyň emele getirilmegine, gaýtadan işleýän iri kärhanalaryň döredilmegine uly ähmiýet berýär. Bu, ilkinji nobatda, senagat pudagynyň ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň netijeli we ygtybarly ugry bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr.
2018-nji ýylda eksport edilýän önümleriň 11 milliard 200 million amerikan dollary möçberinde artmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup, bu netijeler 2015-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Şunda jemi içerki önümiň we eksport edilýän önümleriň möçberi milli ykdysady ösüşi häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijiler bolup, olaryň arasynda göni baglanyşygyň bardygyny bellemek zerurdyr. Netijede, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagy milli ykdysadyýetiň dünýä hojalygy bilen baglanyşygynyň derejesini görkezýär. Bu ýagdaý, bir tarapdan, daşary bazarda bäsdeşlige ukyply önümler näçe köp ýerlenilse, ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryndaky ornunyň şonça-da pugtalanýandygyny alamatlandyrýar. Beýleki tarapdan, ol milli ykdysadyýetiň ösüşe ukyplydygynyň aýdyň subutnamasy bolup, eksport mümkinçiliklerimiziň artmagy, ýurdumyza altyn pul akymynyň gelmegini üpjün edýär. Ahyrky netijede, ol importyň ornuny çalyşýan we eksporta gönükdirilen täze önümçilikleri döretmek üçin zerur maddy binýat bolup, goşulan gymmaty ýokary önümçilikleriň sanynyň artmagyna ýardam berýär.
Hökümet mejlisinde geljekki 7 ýyl üçin milli ykdysadyýetiň ösüş ugurlaryny kesgitleýän Prezident maksatnamasynyň kabul edilmegi dünýäde kemala gelen täze şertleri nazara alyp, ykdysadyýeti döwrebap derejede ösdürmäge mümkinçilik berýän täze çemeleşmeleri ulanmagyň esasynda, ýurdumyzyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basandygyndan nyşan. Bu maksatnamada ykdysady we durmuş ulgamlarynda sanly gurşawyň gerimini giňeltmek wezipesiniň strategik ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmeginde uly many bar. Şu ýyldan başlap, ýakyn 7 ýyl üçin ösüşiň täze modelini döretmekde sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilmegi, sanly tehnologiýalara daýanýan bu ulgamda jemlenen ägirt uly mümkinçilikler bilen baglanyşyklydyr. Dünýä ösüşiniň häzirki döwri durmuş-ykdysady şertleriň çalt özgerýändigi, önümçilik faktorynyň netijeli görnüşi hökmünde sanly maglumatlaryň giňden ornaşdyrylýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Türkmenistanyň dünýä hojalygyna amatly goşulyşýan häzirki döwründe önümçiligi döwrebap derejede dolandyrmakda, hyzmatlar bazaryny ösdürmekde köp artykmaçlyklary özünde jemleýän hem-de gündelik durmuş hakykatynyň gowulanmagyna itergi berýän sanly ulgamy ösdürmek strategik ähmiýetli möhüm meseleleriň biridir. Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, ykdysady ulgamda öňegidişlik gazanmak bilimleri, innowasiýalary we sanly maglumatlary giňden ornaşdyrýan ýurtlara başardýar. Şundan ugur alnyp, häzirki döwürde döwlet tarapyndan sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar aralygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Karary ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynda we hyzmatlar bazarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şu döwürde durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan «Sanly Türkmenistan» döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň pudaklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna goşmaça itergi bermek bilen, depginli ykdysady ösüşiň möhüm görkezijisi bolan zähmet öndürijiliginiň orta we uzakmöhletleýin döwürde ýokarlanmagy üçin amatly şertleri döredýär. Hut şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda senagat pudagyny we hyzmatlar bazaryny düzümleýin özgertmek möhüm ugur hökmünde kesgitlendi. Çünki, ilkinji nobatda, senagat pudagynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy goşulan gymmaty ýokary bolan, şeýle-de, ýokary hili bilen tapawutlanýan harytlaryň öndürilmegine ýardam berýär. Ýagny öndürilýän önümiň ýokary hiliniň üpjün edilmegi, öz gezeginde, bäsdeşlige ukyplylygyň esasy görkezijisi bolmak bilen, bu görkeziji onuň daşary bazarlarda tutýan ornunyň ygtybarlylygyny kepillendirýär.
Ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň gowulanmagynda milli ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň ähmiýeti örän uludyr. Geçen hasabat ýylynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýeti döwrebap derejede ösdürmek üçin 40,3 milliard manat möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň işjeň häsiýetlidigine şaýatlyk edýär. Hususan-da, özleşdirilen maýa goýumlarynyň 63,7 göteriminiň önümçilik ähmiýetli desgalaryň, 36,3 göteriminiň durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirilmegi ýurdumyzda abadan ýaşaýşymyzyň maddy binýadyny emele getirýän önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilýändigini alamatlandyrmak bilen, ol täze iş orunlarynyň döredilmegine hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna göni täsirini ýetirýän iş üpjünçiliginiň artmagyna getirýär.
Milli ykdysadyýetiň häzirki ösüşine baha berlende, ýurdumyzda amala aşyrylan maýa goýum taslamalarynyň ýagdaýyny seljermek zerurdyr. Geçen ýylda bahasy 10 milliard amerikan dollaryna barabar bolan 1704 desganyň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda netijeli maýa goýum strategiýasynyň durmuşa geçirilýändigini, döwletiň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny görkezýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenip, her pudagyň öňündegoýlan anyk wezipeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenjekdigine ynamy artdyrýar.
Maýagözel Babaýewa,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
08.02.2019 - «Türkmenistan» gazeti