ÝAŞLAR BILEN OLARYŇ IŞEWÜRLIK UKYPLARYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýardam bermeginde Türkmenistanda amala aşyrylýan sebitleýin taslamanyň çäklerinde türkmen ýaşlarynda işewürlik pikirleri kemala getirmek, olaryň telekeçilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda ýurdumyzyň iri şäherlerinde we welaýat merkezlerinde «Işewürlik pikirleri döretmek» atly tema boýunça işewürlik okuw treningleri geçirildi. Ýaşlary telekeçilige çekmek, olaryň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça bu işewürlik okuwlaryna Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we onuň ýerlerdäki edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň taslama wekilleri hem-de ýaşlaryň köp sanlysy gatnaşdy.

Şeýle okuwlar we duşuşyklar 2019-nji ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde, 2019-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, 2019-nji ýylyň 31-nji ýanwary – 1-nji fewraly aralygynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde, 2019-nji ýylyň 4-5-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde, 2019-nji ýylyň 7-8-nji fewralynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, 2019-nji ýylyň 11-12-nji fewralynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.

Işewürlik okuwlaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş aýratynlyklary, telekeçilik işini alyp barmak üçin döredilýän şertler we mümkinçilikler, zähmet we iş üpjünçilik çygrynda alnyp barylýan işler babatda türkmen ýaşlaryna gürrüň berildi. Işewürligiň nazary esaslary, işewürlik pikirlerini kemala getirmek we ony durmuşa geçirmek boýunça halkara tejribesi ýaşlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Şunuň bilen bagly işewürlige degişli wideo şekilleriň görkezilmegi, işewürlik pikirleri durmuşa geçirmek boýunça oýunlaryň geçirilmegi, aýry-aýry meseleleri düşündirmek boýunça ýaşlaryň toparlara bölünip işlemegi okuw treninginiň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Işjeň ýagdaýda geçen okuw treninglerine gatnaşan ýaşlar gyzyklandyrýan telekeçilik ugurlary boýunça anyk maglumatlara eýe bolup, özlerinde kemala gelen işewürlik pikirlerini durmuşa geçirmäge bolan ynamynyň güýçlenendigini bellediler. Okuw treninglerine gatnaşyjylar beýleki döwletleriň işewürlik tejribesini öwrenmekde möhüm ädime öwrülen şeýle çäreleri dowam etmegiň möhümdigini nygtap, ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin hemmetaraplaýyn ajaýyp şertleri döredip berýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentine sagbolsun aýtdylar.




Yza

Şeýle hem okaň