2018-nji 30-njy noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň içeri syýasatyna degişli meselelere, hususan hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti we bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.
XX asyryň ikinji ýarymy adamzat durmuşyny düýpli özgerden möhüm wakalaryň döwri hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu özgertmeler bir tarapdan, globallaşma hadysasynyň netijesinde emele gelen senagatlaşma bilen, beýleki bir tarapdan, ylmy-tehniki ösüş bilen baglanyşdyrylýar. Ykdysadyýetiň pudaklarynda, esasan hem elektron önümçiliginde, awiasiýada we kosmonawtikada, mikro we nano tehnologiýalarda, maglumat tehnologiýalarynda düýpli tehnologik açyşlaryň edilmegi ylmy siňňitli harytlaryň önümçiliginiň giňelmegine oňaýly täsir etdi. Netijede bolsa, ylmy-tehniki ösüş ýurduň umumy ykdysady ösüşini çaltlandyrmaga, onuň durnuklylygyny gazanmaga mümkinçilik berdi. Şu nukdaýnazardan, soňky on ýyllyklarda ylmy-tehniki progres täze hil häsiýetlere eýe boldy. Şeýle häsiýetleriň biri hem ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň özara gatnaşygynyň üýtgemegidir. Ylmyň we tehnikanyň özara baglanşykda şeýle depginler bilen ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi halkara ykdysady gatnaşyklaryň täze görnüşini - tehnologiýalaryň halkara alyş-çalşygynyň ýüze çykmagyna itergi berdi. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen bu ýagdaý diňe bir maglumat tehnologiýalarynyň däl-de, eýsem sanly tehnologiýalaryň ösüşini hem güýçlendirdi. Mysal üçin, 2006-njy ýylda dünýäniň maýa goýum bazarynda “BP”, “General Electric”, “Royal Dutch Shell” ýaly iri önüm öndüriji kompaniýalar öňdebaryjylygy eýelän bolsa, 2016-njy ýylda “Apple”, “Alphabet”, “Microsoft” ýaly tehnologik kompaniýalar maýa goýum gurbaty boýunça önüm öndüriji kompaniýalardan öňe geçdiler. Munuň özi eýýam düýpgöter täze tehnologik üýtgeşmeleriň bolup geçýändigini aňladýar. Çünki soňky döwürde alymlar we bilermenler dünýäde «Senagat 4.0» adalgasy arkaly aňlanýan tehnologik gurluşyň kemala gelendigini, has takygy dördünji senagat öwrülişiginiň amala aşyrylýandygyny belleýärler.
Mälim bolşy ýaly, «Ilkinji senagat öwrülişigi ýa-da Beýik senagat öwrülişigi» XVIII asyryň ahyrlaryna XIX asyryň başlarynda ýüze çykýar we bu adalgany XIX asyrda ilkinji bolup fransiýaly syýasy ykdysadyýet nazaryýetiniň wekilleri ulanyp başlaýarlar. Dokma senagaty üçin egirme enjamlarynyň we gazyp alýan senagaty üçin bug hereketlendirijisiniň oýlanyp tapylmagy bu döwrüň möhüm ylmy açyşlarynyň biri boldy. 1970-nji ýyllarda amerikaly alym Dewid Lendis tarapyndan ilkinji gezek ylmy dolanşyga girizilen «Ikinji senagat öwrülişigi» XIX asyryň ahyrlaryny we XX asyryň başlaryny öz içine alýar. Bu döwür metallurgiýa, energetika we himiýa senagatlarynda önümçiligiň konweýer esasynda üznüksiz ýagdaýda ýola goýulmagy girizilip, tehnologik öwrülişik döwri diýlip hem atlandyrylýar. «Üçünji senagat öwrülişigi» XX asyryň ikinji ýarymyny XXI asyryň başky ýyllaryny öz içine alýar. Bu konsepsiýanyň awtory amerikaly alym Jeremi Rifkindir. Bu döwri maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, awtomatlaşdyrylan enjamlaryň we robotlaryň peýdalanylmagy hem-de postindustrial jemgyýetiň kemala gelmegi bilen baglanyşdyrýarlar. «Dördünji senagat öwrülişigi» bolsa, 2010-njy ýyldan soň ýüze çykan tehnologik ýagdaý bolup, sanly ulgamlaryň diňe bir önümçilige däl-de, eýsem durmuş ulgamyna hem aralaşmagyny aňladýar. Şeýlelikde, ylmy-tehniki progresiň ykdysady ösüşiň ýokarlanmagyna oňaýly täsir edýändigi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris.» diýip, Gahryman Prezidentimiz aýratyn belleýär. Munuň özi innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini aňladýar. Şu nukdaýnazaryndan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugurda kanunçylyk binýat hem kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi, «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýylar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi hem ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini ösdürmäge, milli önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, adam maýasyny we «bilimler ykdysadyýetini» ösdürmäge, Türkmenistanyň tehnologiýa we ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Bu merkezde ylmy önümi işläp taýýarlamak, ylmy-barlag işleri geçirmek, dürli pudaklara ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça barlaglary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. «Sanly Türkmenistan» atly döwlet maksatnamasy ykdysadyýetiň ylmy gazanylanlary köp talap edýän pudaklarynda ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyny, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilikde ulanmagyň çaltlandyrylmagyny, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna doly geçmäge ýardam etmekligi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda telelukmançylyk, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly uzak aralykdan maslahat we bilim bermek ýaly goşmaça elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümleri ösdürmeklik hem meýilleşdirilýär. Bu işleri durmuşa geçirmek babatynda Türkmenistanda ähli amatly mümkinçilikler döredilýär. Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça daşary ýurt döwletleri bilen hökümetara toparlar döredilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem işjeňleşdirilýär. Ählumumy Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisinde hem sanly ulgamlar, maglumat tehnologiýalary esasy orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman şertlerinde innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli peýdalanylmagynyň uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, döwletiň gülläp ösmegi üçin binýady üpjün edýän durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz ýagdaýy bolup durýandygyny nygtaýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini, wezipeleriniň 148-sini we görkezijileriniň 175-sini millileşdirdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ählumumy durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ýurdumyzyň oňyn, netijeli we ösüşe ýardam berjek işleri durmuşa geçirýändigini aýdyň görkezýär. Bu resminamanyň mazmuny barada aýdylanda bolsa, ol 7 bapdan ybarat bolup, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, konsepsiýanyň maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär.
Konsepsiýany üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. 1-nji tapgyr (2019-njy ýyl) sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň kesgitlenmegini, Pudagara toparyň döredilmegini, bu ugurda Döwlet maksatnamasynyň we çäreleriň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanmagyny öz içine alýar. 2-nji tapgyrda (2020-2023-nji ýyllar) döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak we işe girizmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, milli maglumat merkezini döretmek hem bellenilýär. 3-nji tapgyrda (2024-2025-nji ýyllar) ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny dowam etmek, önümçiligi dolandyrmagyň innowasion usullarynyň kämilleşdirilmegini gazanmak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanly ulgama geçmegi esasan iki ugry öz içine alýar: birinjiden, sanly resminamalar dolanşygyny ýola goýmak, hususan hem elektron hökümetiň döredilmeginiň esasynda döwletiň içki gurluşlarynyň özara gatnaşyklaryny (G2G – government-to-government), hökümetiň raýat bilen özara gatnaşyklaryny (G2C – government-to-citizen), hökümetiň işewürlik bilen özara gatnaşyklaryny (G2B – government-to-business) ýola goýmak amala aşyrylar. Şunda her bir raýatyň we işewürlik bilen meşgullanýan tarapyň şahsy penjiresi dörediler; ikinjiden, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegindäki edaralaryň, kärhanalaryň we beýlekileriň sanly ulgama birikdirilmegini ýola goýmak. Munuň özi bazar gatnaşyklarynda bäsdeşlige ukyply täze gurallaryň, täze harytlaryň we hyzmatlaryň döremegine, elektron işewürligiň ösmegine, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňemegine, innowasion ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam berer.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek köp möçberde maýa goýumlaryň çekilmegini hem talap edýändigini bellemek gerek. Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda maliýeleşdirmegiň çeşmeleri hem beýan edilýär. Hususan hem býujet we býujetden daşary serişdeler, hususy taraplaryň serişdeleri, çekilen we hemaýatkärleriň serişdeleri, grantlaryň we halkara tehniki kömek taslamalarynyň serişdeleri, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeler Konsepsiýany amala aşyrmagyň maliýe taýdan üpjünçiligini emele getirýär. Türkmenistanyň geoykdysady we geosyýasy nukdaýnazardan amatly ýerleşmegi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi we durnukly syýasy ýagdaýy, tebigy baýlyklarynyň uly gorlarynyň bolmagy, döwrebap kanunçylyk binýadynyň we kepillikleriň döredilmegi ýaly amatly şertler dünýäniň iri maýadarlaryny ylmyň iň täze gazananlaryny hem-de innowasiýalary milli ykdysadyýetimize gönükdirmek meýillerini artdyrýar.
Parasatly Ýurtbaştutanymyz «Däp‑dessurlar we innowasiýalar ösüşiň iki tarapydyr.» diýip belleýär. Dünýä ösüşiniň hazynasyna uly goşant goşan şöhratly ata-babalarymyzyň örän baý medeni mirasyna daýanmak we milli gymmatlyklarymyzy saklap galmak bilen, dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ylmyň hem tehnikanyň ýokary depginde ösmegini üpjün etmegiň möhüm şertlerininiň biri hem ýokary hünärli, ählitaraplaýyn bilimli hünärmenleriň ýeterlik derejede bolmagydyr. Şunuň bilen baglylykda, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribäni ugur edinýän bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ony ösüşiň dünýä derejesine çykarmak möhüm wezipedir. Munuň özi jemgyýetiň intellektual mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagyny, IT hünärmenleriniň taýýarlanmagyny talap edýär.
Milli ykdysadyýetimize sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bolsa, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirmäge, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine, işewür we maýa goýum işjeňligini hem-de döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, maglumat ulgamlaryny kämilleşdirmäge, durmuş pudaklarynda we maliýe ulgamynda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyryp, nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmaga, harajatlaryň we sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyny üpjün etmäge, uzakmöhletleýin durnukly ösüşiň gazanylmagyna we jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.
Şeýlelikde, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi halkymyz üçin ajaýyp mümkinçilikleri we täze şertleri döreder hem-de ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen inklýuziw ösüşini üpjün eder. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýagty ertiriniň hatyrasyna amala aşyrýan işleriniň aýdyň güwäsidir.
Ruslan Jumaýew,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Usulyýet müdirliginiň baş hünärmeni
12.02.2019, 14.02.2019 - «Watan» gazeti