TÜRKMENISTAN BILEN TURKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA ILATYŇ DURMUŞ GORAGLYLYGY ÇYGRYNDA HYZMATDAŞLYK GIŇELDILÝÄR

2019-njy ýylyň 28-31-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärlerinden ybarat bolan topar ilatyň durmuş goraglylygy çygrynda tejribe alyşmak maksady bilen Turkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde iş saparynda boldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň köp döwletleri bilen dürli ugurlarda işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açýar. Durmuş derejeli ýurt hökmünde Türkmenistan döwleti zähmet we durmuş ulgamlaryny döwrebap derejede özgertmek meselelerine aýratyn ähmiýet bermek bilen, bu möhüm ulgamlara öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrýar. Hususan-da, ýurdumyzda iş üpjünçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak wezipesinden ugur alyp, iş üpjünçilik, zähmet, işgärleriň durmuş goraglylygy bilen baglanyşykly meseleler boýunça türkmen toparynyň Turkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde dost-doganlyk ýörelgelerine eýerip, bu iki döwletiň arasynda ösdürilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklary adam bähbitlerine gönükdirilen bu möhüm meseleler boýunça hem tejribe alyşmak üçin amatly şertleri döredýär.

Iş saparynyň dowamynda türkmen topary Turkiýäniň Maşgala, zähmet we durmuş hyzmatlary ministrliginde, bu ministrligiň Zähmet we durmuş goraglylygy meseleleri boýunça okuw we gözleg Merkezinde («ÇASGEM»), Zähmeti goramak we zähmet howpsuzlygy boýunça Müdiriýetinde («IŞGÜM»), şeýle-de Iş bilen üpjünçilik agentliginde («IŞKÜR») we onuň ýerli bölümlerinde bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdy.

Turkiýe döwletiniň bu edaralarynda guralan duşuşyklarda zähmet kanunçylygynyň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilişi, ilaty işe ýerleşdirmek boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamagyň we amala aşyrmagyň aýratynlyklary, döwlet sektorynda hem-de hususy ulgamda zähmeti goramak we zähmet howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleleriň hukuk taýdan düzgünleşdirilişi, şeýle-de daşary ýurtlarda zähmet çekýän raýatlara berilýän durmuş goldawy we olaryň kanuny hukuklaryny goramak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada giňişleýin maglumatlar berildi. Türkiýäniň Maşgala, zähmet we durmuş hyzmatlary ministrliginiň Iş üpjünçilik boýunça agentliginde türkmen wekiliýeti iş berijileriň iş üpjünçilik edaralary bilen gatnaşyklary dogrusynda, hususan hem, raýatlary işçi hünärleri boýunça taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlara ýollamak, zähmet bazarynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäklerinde okaýanlara maliýe goldawyny bermek, şeýle hem döwlet tarapyndan işsizligiň derejesini peseltmek we işsizleri durmuş taýdan goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, agentligiň etrap bölümleri tarapyndan amala aşyrylýan işler hem-de kärhanada iş orunlarynda hünär öwretmek boýunça okuwlaryň geçirilişi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Ministrligiň işgärleriňden ybarat bolan iş toparynyň Turkiýe Respublikasyna iş sapary netijeli geçip, bu doganlyk ýurduň iş üpjünçilik, zähmet we ilatyň durmuş goraglylygy çygrynda gazanan oňyn netijeleriniň öwrenilmegi ýurdumyzda bu ulgamlaryň işlerini döwrebap derejede ösdürmekde peýdaly tejribe alyşmak boldy.




Yza

Şeýle hem okaň