BERKARAR DÖWLETDE ZENAN SARPASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ynsanperwer durmuş syýasatyň netijesinde ýurdumyzda jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hökmünde aýal-gyzlaryň kanuny bähbitleri we hukuklary üpjün edilip, Türkmenistanda zenanlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, ylmy, intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçilikleriň giňelmegi üçin ähli şertler döredildi. Maşgala binýadynyň pugtalandyrylmagy, adamlaryň bagtyýar ýaşamagy üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilmegi, eneligi hem çagalygy goramak döwlet syýasatymyzda ileri tutulýаn wezipeleriň hatarynda bolmagynda galýar. Her ýyl bolsa ýurdumyzyň ýüzlerçe aýal-gyzlary döwlet sylaglaryna – ordenlere we medallara mynasyp bolýarlar.

Ýakynda ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni mynasybetli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda mähriban ene-mamalarymyza, gyzlarymyza we uýalarymyza bagyşlanan baýramçylyk dabaralary geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlaryň bitirýän uly hyzmatlaryny Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmakda asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda Karara gol çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny her ýyl Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Şeýlelik bilen, ýurdumyzyň ähli zenanlaryna we gyzlaryna – edaralaryň, kärhanalaryň zähmetkeşlerinden hem-de hormatly dynç alyşdakylardan tä mekdep okuwçy gyzlaryna we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara çenli Döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Şeýle çäreler Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan hem guraldy.

Häzirki wagtda durmusyň ajaýyp bezegi, halkymyzyň baýdaga deňelýän türkmen gelin-gyzlary jemgyýetiň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler, Watanymyzyň ykdysadyýetine saldamly goşantlaryny goşýarlar. “Gelin-gyzlar döwleti dolandyryş işlerinde, ykdysadyýetde, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, aragatnaşyk, hyzmatlar, medeni-gumanitar ulgamlarda uly işler bitirýärler” diýip, mähriban Prezidentimiz gelin-gyzlaryň maşgalada, öý-içeride, jemgyýetde tutýan görnükli ornuna ýokary baha berýär.

Ýurdumyzyň aýal-gyzlary hem mähriban eneleri öýlerimizdäki parahatçylyk we abadançylyk, hemmetaraplaýyn berýän goldawy, arkaýyn zähmet çekmäge hem-de çagalary terbiýelemäge döreden mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýdýarlar.


Yza

Şeýle hem okaň