Durnukly ösüş forumy: Aziýa we Ýuwaş ummany sebitlerinde hyzmatdaşlyk

2019-njy ýylyň 27-29-njy marty aralygynda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Maslahatlar Merkezinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) 6-njy Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri üçin Durnukly ösüş forumy geçirildi. Forumyň maksady Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlary tarapyndan iş ýüzünde amala aşyrylmagynda gazanylan tejribäni paýlaşmakdan we netijeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar. Bu iri foruma Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryndan wekiliýetler, sebitde ýerleşýän BMG-niň edaralaryndan we beýleki halkara guramalardan wekiller, jemgyýetçilik birleşiklerinden we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekiller gatnaşdylar. Şeýle hem bu forumyň işine Türkmenistandan wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekili gatnaşdy.

2019-njy ýylyň 27-nji martynda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde ýerleşýän BMG-niň Maslahatlar Merkezinde Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri üçin 6-njy Durnukly ösüş forumynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) wise-prezidenti hanym Kira Kristian D.Azuçena, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Amina J.Mohammed, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary - Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana, UNESCAP-yň agzasy bolup durýan döwletleriň wekiliýetleri hem-de beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda forumyň gün tertibi kabul edildi. Soňra forum “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly Ösüş Maksatlary çygrynda Gün tertibini amala aşyrmak boýunça sebitleýin ösüş mümkinçilikleri”, “Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň inklýuziwligini we deňligini gazanmak üçin adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek” atly mejlislerde işini dowam etdi. Şeýle-de 4-nji, 8-nji, 10-njy, 13-nji we 16-njy Durnukly Ösüş Maksatlaryny içgin öwrenmek boýunça tegelek stol görnüşinde maslahatlar hem guraldy.

Forumyň ikinji gününde “Meýletin Milli Synlar” (MMS) ady bilen mejlis geçirildi. Mejlisde Türkmenistandan wekiliýetiň ýolbaşçysy çykyş etdi. Ol öz çykyşynda häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Meýletin Milli Synyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, bu ugurda BMG-niň edaralary bilen hyzmatdaşlyk hem-de ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň aýratynlyklary barada belläp geçdi. Çykyş gatnaşyjylar tarapyndan gyzyklanma bildirilip diňlenildi. Mejlisiň dowamynda beýleki döwletleriň MMS taýýarlamak boýunça alyp barýan işleri baradaky çykyşlar we Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde MMS taýýarlan ýurtlaryň tejribesi hem diňlenildi. Soňra forum “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň milli, sebit we ählumumy jähetleriniň arabaglanyşygy”, “Sebitleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly mejlisler bilen dowam etdirildi. Bu mejlisler bilen utgaşykly başga-da tegelek stol görnüşinde maslahatlar we birnäçe beýleki çäreler geçirildi. Şeýle çäreleriň hatarynda BMG-niň Maslahatlar Merkeziniň binasynda guralan sergini hem görezmek bolar.

Forumyň üçünji gününde bölümleriň işiniň netijeleri boýunça hasabatlar diňlenildi we gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirildi. Forumyň umumy hasabatynyň taslamasy wekiliýetleriň garamagyna hödürlenildi we kabul edildi. Forumyň umumy hasabatyny BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) ýetmiş bäşinji mejlisine, şeýle hem 2019-njy ýylyň 9-18-nji iýuly aralygynda ABŞ-niň Nýu Ýork şäherinde geçiriljek Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumyna bermeklik göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) 6-njy Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri üçin Durnukly ösüş forumy Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň tejribesini dünýä ýurtlary bilen paýlaşmakda hem-de beýleki ösen döwletleriň bu ugurda gazanan netijelerini öwrenmekde netijeli we ähmiýetli boldy. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!




Yza

Şeýle hem okaň