«Türkmenistan düýpli özgertmeler ýoluna düşmek bilen, kanunyň rüstemligini, jemgyýetiň iň belent gazananlary hökmünde raýatlaryň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny öz ösüşiniň möhüm ileri tutulýan ugurlarydygyny yglan etdi.»
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň şol taryhy duşuşygynda eden çykyşyndaky: «Ilatyň hukuk medeniýetini we sowatlylygyny ýokarlandyrmak Mejlisiň deputatlarynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul edýän kanunlarynyň mazmunyny düşündirmek boýunça işleri giň gerimli we netijeli amala aşyrmaly» diýen sözleri milli parlamentiň wekilleri bilen birlikde ähli döwlet gullukçylarynyň baş wezipesi bolup orta çykýar. Şu nukdaýnazardan, milli kanunçylygymyzda raýatlaryň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň üpjün edilişi dogrusynda söhbetdeşlik taýýarlanyldy. Çünki döwlet Baştutanymyzyň söhbetdeşlige şygar alnan sözlerinde bellenilişi ýaly, raýatlaryň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygy – jemgyýetiň iň belent gazananlary. Hut şu üstünligi, artykmaçlygy, kanunyň rüstemligini milli Liderimiz döwletimiziň düýpli özgertmeler ýolundaky ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hasaplaýar. Şonuň üçin ykdysady taýdan ýokary netijeliligiň, gülläp ösüşiň, baky bagtyýarlygyň, durnukly rowaçlygyň hatyrasyna raýatlarymyzyň öz kanuny bähbitlerini we borçlaryny, hak-hukuklaryny bilmekleri möhümdir.
Ruslan JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň usulyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary:
- Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, döwlet goldawyna mätäç raýatlarymyzyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, ilatyň iş üpjünçiligini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer durmuş syýasatynyň özenini düzýär. Durmuş syýasatynda amala aşyrylýan özgertmeler, ilkinji nobatda, kanunçylyk binýat bilen berkidilýär. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda», «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk namalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Mysal üçin, 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň üçünji maslahatynda «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 114-nji, 115-nji 120-nji we 122-nji maddalaryna üýtgetmeler girizilip, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar, beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň maýyplary we oňa gatnaşyjylaryň maşgala agzalary, I topar maýyplygy bolan adamlar we onuň bilen ýaşaýan maşgala agzalary suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmak hukuklary berkidildi. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, ösen jemgyýetimiziň ähli taraplaryny öz içine alýan kanunlary işläp taýýarlamak we bar bolan kanunlary kämilleşdirmek boýunça işleriň netijeli alnyp barylýandygyny aňladýar.
«Adalat» gazeti, №16 (1159), 2019-nji ýylyň 19-njy apreli
Yza