Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak hem-de sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlendi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde sanly tehnologiýalar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna yzygiderli ornaşdyrylyp, olaryň döwrebaplaşmagyna kuwwatly itergi berýär. Munuň özi jemgyýetçilik hyzmatlarynyň tizligini, elýeterliligini we aç-açanlygyny üpjün etmek bilen, halkymyza hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrýar. Ykdysadyýetiň ähli ugurlarynyň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen innowasion çözgütler hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orun eýeläp, ýurdumyzyň dünýä hojalyk ulgamyndaky abraýyny has-da belende göterýär. Sanly özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmek bilen birlikde, uzak möhletleýin ösüş üçin ygtybarly şertleri döredýär.
Häzirki wagtda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlary adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna çuňňur aralaşyp, ösüşiň hil taýdan täze tapgyryny emele getirýär. Şeýle tehnologik özgertmeleriň hatarynda emeli aň (emeli intelekt) aýratyn orun eýeleýär. Bu döwrebap tehnologiýa diňe bir önümçiligiň amala aşyrylyşyny kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem zähmet bazarynyň gurluşyna, hünärleriň mazmunyna we işgärlere bildirilýän talaplara hem täze many berýär.
Emeli aň maglumatlary seljermek, netije çykarmak, gaýtalanýan işleri awtomatlaşdyrmak we ýokary takyklygy talap edýän amallary ýerine ýetirmek ýaly mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Emeli aňy işjeň ulanýan edara-kärhanalarda ykdysady ösüşiň depgininiň ýokarlanýandygyny we netijeliligiň artýandygyny dünýä tejribesi görkezýär. Şol bir wagtda, bu tehnologiýanyň zähmet bazaryna ýetirýän täsiri iki taraplaýyn häsiýete eýedir. Emeli aňyň adamzat durmuşyna işjeň aralaşmagy, bir tarapdan, käbir adaty iş orunlarynyň kemelmegine getirýän bolsa, beýleki tarapdan, täze hünärleriň we iş ugurlarynyň döremegine şert döredýär. Hut şu nukdaýnazardan seredilende, emeli aňy ösüşe iterýän mümkinçilik hökmünde kabul etmek aýratyn möhümdir.
Halkara bilermenleriniň geçiren barlaglaryna görä, häzirki wagtda birnäçe hünär toparlarynda ýerine ýetirilýän wezipeleriň ep-esli bölegi awtomatlaşdyrylyp bilner. Mysal üçin, bilermenler tarapyndan geçirilen seljermede emeli aňyň hünärleriň belli bir bölegine doly, käbirine bölekleýin täsirini ýetirip biljekdigi bellenilýär, käbir hünärlere bolsa emeli aňyň göni täsiriniň bolmazlygy mümkin diýlip çaklanylýar. Bilermenleriň pikiriçe, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, maliýe hyzmatlary, söwda, gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly amallar emeli aňyň täsirine has duýgur toparlaryň hataryna girýär. Sebäbi bu ugurlarda maglumatlary gaýtadan işlemek, hasabat taýýarlamak ýa-da müşderiler bilen aragatnaşygy dolandyrmak ýaly sanly görnüşe aňsat geçirilýän işler köp duş gelýär. Şol bir wagtda adamlar bilen göni aragatnaşygy saklamak zerur bolan hünärlerde hem-de döredijilik, strategiýalary işläp taýýarlamak, çylşyrymly tehniki meseleleri çözmek ýaly işlerde adamyň orny uzak wagtlap öz ähmiýetini saklar.
Emeli aňyň ornaşdyrylmagy bilen “geljegiň hünärleri” diýen düşünje barha giň gerim alýar. Häzirki wagtda dünýäde maglumat alymlary (data scientists), maşyn öwreniş inženerleri, algoritm dizaýnerleri, kibergorag hünärmenleri, sanly özgertmeler boýunça geňeşçiler ýaly täze dörän kärlere bolan isleg yzygiderli artýar. Mundan başga-da, emeli aň ulgamlaryny dolandyrýan, olaryň işiniň dogrulygyny barlaýan we etiki kadalaryň berjaý edilmegine gözegçilik edýän hünärmenlere hem zerurlyk ýüze çykýar. Bu bolsa ýaş nesil üçin täze ugurlary saýlap almakda giň mümkinçilikleri açýar.
Zähmet bazarynyň täze talaplaryna laýyk gelmek üçin bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi zerurdyr. Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) ugurlaryna aýratyn üns berilýär, sanly sowatlylygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm bölegine öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda hem sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň açylmagy, okuw meýilnamalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de ýaşlaryň halkara bilim giňişligine işjeň goşulyşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Emeli aň kärhanalara çykdajylary azaltmaga hem-de önümçiligiň netijeliligini we işleriň takyklygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen logistika zynjyrlary netijeli dolandyrylýar, enjamlaryň näsazlygy öňünden çaklanyp, abatlaýyş işleri wagtynda geçirilýär. Netijede, işgärler fiziki taýdan agyr ýa-da gaýtalanýan işlerden boşap, has döredijilikli we ýokary hünäri talap edýän ugurlara gönükdirilip bilner. Bu ýagdaý zähmet öndürijiliginiň umumy derejesiniň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle-de bolsa, tehnologiýalaryň çalt ösüşi işgärleriň käbir toparlary üçin uýgunlaşma döwrüni talap edýär. Täze şertlerde gaýtadan taýýarlykdan geçmek, hünär derejesini ýokarlandyrmak we bütin ömrüň dowamynda bilim almak düşünjesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Döwlet tarapyndan goldanylýan gaýtadan okatmak maksatnamalarynyň zähmet bazaryndaky deňagramlylygy saklamaga ýardam berýändigini dünýä tejribesi görkezýär. Bu ugurda hususy pudak bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem netijeli hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet dolandyryşynda, bank ulgamynda, söwdada we aragatnaşykda sanly hyzmatlaryň geriminiň giňemegi ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, emeli aňy ornaşdyrmak üçin zerur bolan tehniki binýat kem-kemden berkidilýär, internet infrastrukturasynyň hili ýokarlandyrylýar we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
Islendik tehnologiýa, şol sanda emeli aň hem, ilkinji nobatda adam maýasyna daýanýar. Şonuň üçin hünärmenleriň döredijilik ukybyny ösdürmek, analitiki pikirlenmegi kämilleşdirmek we sanly başarnyklary ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bilermenleriň bellemegine görä, geljekde iň gymmatly işgärler diňe bir tehniki bilimli bolman, eýsem, çeýe pikirlenýän, täze şertlere tiz uýgunlaşýan we topar bilen netijeli işleşip bilýän hünärmenler bolar.
Emeli aňyň giňden ulanylmagy maglumatlaryň goragy, şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi we algoritmleriň aç-açanlygy ýaly meseleleri hem gün tertibine girizýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede emeli aňy kadalaşdyrmak boýunça umumy ýörelgeleri işläp taýýarlamak bilen bagly işler alnyp barylýar. Tehnologiýalaryň jemgyýetiň bähbidine hyzmat etmegini üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýar.
Bilermenleriň pikirine görä, emeli aň zähmet bazarynyň doly özgerdilmegine getirmän, eýsem, ony hil taýdan täze derejä çykarar. Adam bilen tehnologiýanyň sazlaşykly hyzmatdaşlygy ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň birine öwrüler. Şu nukdaýnazardan esasy wezipe tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy öwrenmek bilen bagly bolup durýar. Öz wagtynda amala aşyrylýan strategik ädimler täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna we milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegine hyzmat eder.
Emeli aň XXI asyryň iň möhüm tehnologik gazananlarynyň biri hökmünde zähmet bazarynyň geljegini kesgitleýän esasy şertleriň hatarynda durýar. Ol zähmet öndürijiligi artdyrýar, täze ykdysady mümkinçilikleri açýar, hünärmenleriň hünär derejesine bolan talaplary ýokarlandyrýar.
Türkmenistan bu ählumumy özgerişlerden çetde galman, innowasion ösüş ýoluny ynam bilen dowam etdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary hem-de hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we adam maýasyny ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» kesgitlenen belent maksatlaryň we möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda sanlylaşdyrmak işleriniň täze derejä çykmagyna ýardam berer.
Häzirki döwürde emeli aňda jemlenen mümkinçilikler ony diňe bir öňdebaryjy tehnologiýa hökmünde häsiýetlendirmän, eýsem, geljegi gurmagyň möhüm guraly hökmünde hem baha bermäge esas döredýär. Emeli aňy netijeli ulanmagyň esasynda zähmet bazarynyň bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy, ýaşlar üçin täze mümkinçilikleriň açylmagy we ykdysady ösüşiň has-da çaltlandyrylmagy bilen bagly oňyn netijeleriň gazanylýandygy onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Şeýlelikde, adam bilen tehnologiýanyň sazlaşygy esasynda gurulýan geljek türkmen jemgyýeti üçin abadançylygyň we ösüşiň täze sahypasyny açmaga ýardam berer.