DURMUŞ SYÝASATY – ROWAÇLYGYŇ KEPILI

Häzirki döwürde milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan köpderejeli we köpugurly durmuş syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistan döwletimiziň rowaclygyň we bagtyýarlygyň höküm sürýän ýurdy hökmündäki derejesiniň mundan beýläk-de pugtalanmagyna itergi berýär. Adam bähbitlerini, olaryň erk-isleglerini we hajatlaryny kanagatlandyrmagy özüne maksat edinen döwletde diňe gülläp ösüşiň, öňe gidişligiň üpjün edilýändigini durmuş hakykatymyz görkezýär.

Rowaçlygyň ýurdy Türkmenistan bu gün adam baradaky alada bilen gurşalan, öz gözbaşyny ynsanperwerlikden alyp gaýdýan gymmatlyklara ýugrulan durmuş syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipesinden ugur alýan onlarça döwlet maksatnamalarynyň ählisinde durmuş meselelerine aýratyn orun berilýär. Ilkinji nobatda, adam bähbitlerine gönükdirilen durmuş ähmiýetli wezipeleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde durmuş ulgamynda gazanylýan oňyn netijeleriň hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýeti ösdürmegiň adam ölçegli nusgasynyň esasynda mümkin bolandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Halkara giňişliginde ýurdumyzy il bähbidini ileri tutýan döwlet hökmünde tanatmakda häzirki döwürde giňden amala aşyrylýan iri durmuş maksatnamalarynyň ähmiýeti örän uly bolup, onuň many-mazmuny “Döwlet adam üçindir!” diýen ýol-ýörelgede jemlenendir.

Halkara ülňülere laýyklykda islendik döwletiň durmuş ösüşiniň derejesine baha berlende birnäçe görkezijilerden ugur alynýar. Şunda ilatyň pul girdejileriniň derejesi esasy görkezijileriň biri bolmak bilen, onuň düzümine zähmet haky, talyp haky, diňleýji haky, döwlet kömek pullary, pensiýalar, emläkden we telekeçilikden gelýän gatançlar we beýleki tölegler girýär. Bu görkezijiniň ösüş meýline eýe bolmagy bolsa, ýurtda durnukly we sagdyn ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy, durmuş taýdan goraglylyk derejesiniň kepillendirilmegi üçin amatly şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär. Başgaça aýdylanda, bu görkeziji milli ykdysadyýetiň ösüşe ukyplydygyny, şeýle-de ýurtda adam maýasyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň baş maksady bolupdy, häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Ykdysadyýetiň barha durnuklaşýan häzirki şertlerinde ildeşlerimiziň durmuşynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň netijesinde gündelik durmuşymyza degişli meseleleri üstünlikli çözmek üçin döwletimizde giň mümkinçilikler döredilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet maksatnamasy munuň şeýledigine aňryýany bilen şaýatlyk edýär.

Şunda ykdysadyýetde bolup geçýän özgertmeleri nazara alyp, ilatyň girdejilerini yzygiderli ýokarlandyrmak arkaly raýatlarymyzyň ýokary ýaşaýyş hilini üpjün etmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Ilatyň girdejileri ykdysadyýet bilen durmuş ulgamynyň arasyndaky aragatnaşygy üpjün etmek bilen, bu görkeziji ykdysady ösüşde ýetilen sepgidi, şeýle-de raýatlarymyzyň abadançylyk derejesini häsiýetlendirýär. Bu ýagdaý milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde adam faktoryna esasy ornuň degişlidigini görkezýär. Şunda zähmet haky ilatyň pul girdejileriniň esasy çeşmesi bolmak bilen, ol işgärleriň zähmete bolan höwesini artdyrmakda esasy orny eýeleýär. Şol bir wagtda zähmet haky ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýän işgärleriň önümçiligiň netijeliligini artdyrmaklary üçin maddy taýdan höweslendiriji şert hökmünde hem çykyş edýär. Zähmet hakynyň iş beriji bilen işgäriň arasynda ýüze çykýan zähmet gatnaşyklarynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýandygyny nazara alsak, onda zähmet bazarynyň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklary sazlaýan netijeli gurluşy döretmekde oňa möhüm ornuň degişlidigine göz ýetirmek bolýar.

Ilatyň pul girdejileri babatynda söz açylanda, munuň özi hökmany suratda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak meselesine syrygýar. Bu ýagdaý ilatyň pul girdejilerini artdyrmak meselesiniň ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak meselesi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýandygyndan habar berýär. Durnukly ösüşiň binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde iş bilen meşgullyk raýatlarymyzyň maddy ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönüden-göni täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy global strategiýa hökmünde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüşleriň kepili hökmünde iş bilen meşgullyga aýratyn ähmiýet berilmeginiň özi ýöne ýerden däldir.

Şu nukdaýnazardan, döwletde iş bilen meşgullanýanlaryň sany näçe köp boldugyça, maddy üpjünçiliginden, ýaşaýyş abadançylygyndan kanagatlanma derejesi ýokary bolan raýatlaryň köp bolýandygy durmuş tejribesinden bellidir. Ýokarda bellenip geçilenler ilaty iş bilen üpjün etmek meselesiniň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmak, öý hojalyklaryň pul girdejilerini artdyrmak babatynda näderejede wajypdygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynda bu barada şeýle belleýär: «Iş bilen üpjünçilik her bir adamyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynda ýerine ýetirýän möhüm wezipesinden başga-da, köp durmuş meseleleriniň çözgüdiniň, ykdysadyýetiň önümçiliginiň ösüşiniň we ilatyň durmuş goraglylygynyň kepili bolup durýar». Şeýlelikde, durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda ilatyň iş üpjünçilik derejesine möhüm orun degişli bolup, ol ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.

Şeýle aýrylmaz baglanyşygyň bolmagy ýurdumyzda iş bilen üpjünçilik ulgamynda özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagyny şertlendirýän sebäpleriň biridir. Bu, ilkinji nobatda, adamyň esasy öndüriji güýç bolup durýandygy, häzirki döwürde ykdysady işde adam faktorynyň ähmiýetiniň barha artýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda özüniň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak isleýän köp ýurtlaryň adam maýasyny ösdürmäge çalyşmaklarynyň ýöne ýerden däldigi düşnüklidir.

Tutuş dünýäde we ýurdumyzda emele gelen täze şertleri nazara alyp, hereket edýän edaralarda, kärhanalarda we guramalarda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, ahyrky netijede, zähmete ukyply ilaty doly iş bilen has üpjün etmek meseleleri möhüm ähmiýete eýe bolýar. Munuň esasy sebäbi bazar gatnaşyklarynyň giňden ösdürilmegi bilen zähmet haklarynyň ýokarlanmagyny önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün edilmegini gazanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu şertleriň üpjün edilmegi ýokary durmuş-ykdysady netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidentimiziň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulyndaky mejlisinde gol çeken «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permany ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksadyndan ugur alýar.

Ilatyň girdejilerini artdyrmak meselesiniň “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenmegi hem hut ýokarda durlup geçilen deliller bilen düşündirilýär. Şunda adamlaryň aýlyk iş haklaryny we gazançlaryny yzygiderli ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejisiniň artmagyny gazanmak wezipesinden ugur alynýar. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, 2019-njy ýylda hem zähmet çekýän raýatlarymyzyň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak barada döwlet derejesinde kabul edilen çözgüt şeýle özgertmeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzda maddy binýadyň döredilendigine güwä geçýär.

Döwletimizde ilatyň ýaşaýyş derejesini ösen döwletiňkä derejesine ýetirmek wezipesiniň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenmegi ýakyn döwürde hem adam bähbitlerine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyna, bu ugurda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan işleriň rowaçlyklara beslenjekdigine güwä geçýär. Hususan-da, häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna we ilatyň pul girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagy üçin maddy binýadyň döredilmegine ýardam berýär. Şol bir wagtda «ýokary sanly tehnologiýalaryň asyry» hasaplanýan häzirki döwürde zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýän tehnologiýalary önümçilige, hyzmatlar bazaryna giňden ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler ykdysady ösüşimiziň hil görkezijilerine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki döwürde milli ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikler, öz gezeginde, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda täze menzillere ýetmäge itergi berýär.



Maýagözel BABAÝEWA, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory bölüminiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

«Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň 2019-njy №1


Yza

Şeýle hem okaň