MERDANA PEDERLERIMIZIŇ GAHRYMANÇYLYGY WATANSÖÝÜJILIGIŇ GÖRELDE MEKDEBIDIR

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde XX asyryň ýowuz urşunda söweşen weteranlary, mukaddes borjuny mynasyp berjaý edip, ojaklaryna dolanyp gelenleri, şeýle hem tylda zähmet çekenleri, wepat bolanlaryň yzynda galan ýanýoldaşlaryny sylaglamak çäreleri geçirildi.

“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli bilelikde guran «MERDANA PEDERLERIMIZIŇ GAHRYMANÇYLYGY WATANSÖÝÜJILIGIŇ GÖRELDE MEKDEBIDIR» atly wagyz-nesihat duşuşygy hem şeýle çäreleriň biri boldy. Duşuşyga uruş we tyl weteranlary, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professor-mugallymlary we talyp-ýaşlary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda uruş ýyllaryna degişli hem-de Bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän çykyşlar institutyň “Hazyna” aýdym-saz topary tarapyndan ýerine ýetirildi.

Weteranlar biziň hemişe ýatlap, sarpa goýýan taryhymyzy özünde saklaýan ýurdumyza, hormatly Prezidentimize, asuda döwürde ýaşaýan we öňlerinde ajaýyp mümkinçilikler açylan ýaş nesillere tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny wagyz-nesihat duşuşygynda aýratyn bellediler.

Her ýylyň 9-njy maýynda türkmenistanlylar Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Watan goragçylaryny ýatlaýarlar. Ýurdumyzda eýýäm ýetmiş ýyldan gowrak wagt bäri Ýeňiş güni ýaş nesliň hem-de urşa gatnaşanlaryň we tylda zähmet çekenleriň nesliniň arasynda mäkäm, üznüksiz eriş bolup hyzmat edýär. Häzirki we geljekki nesilleriň röwşen geljegi we bagtyýarlygy üçin şirin janlaryny gaýgyrmadyk gahrymanlaryň atlary hem türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Hormatly Prezidentimiz «Biz merdana watandaşlarymyzyň söweş edermenligi we ak ýürekden çeken zähmeti bilen külli adamzadyň öňünde bitiren beýik işlerine tüýs ýürekden guwanýarys. Dünýäde baky parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýäris.» diýip belleýär.

Geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynyň agyr synaglaryny başdan geçiren ýaşuly nesliň wekilleriniň mynasyp durmuşyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn aladalary netijesinde fronta gatnaşyjylara, tylda zähmet çekenlere we esger ojagyny saklap oturan enelere köp sanly ýeňillikler berilýär. Beýik Ýeňşiň hormatyna her ýyl uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan naçar enelerimize dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Uruş we tyl weteranlary, öz nobatynda, ata Watanymyza birkemsiz gulluk etmegiň mysalyny görkezmek bilen, jemgyýetiň agzybirliginiň we jebisliginiň has-da berkemegine uly goşant goşýarlar, ýaşlara parasatly wesýetlerini we maslahatlaryny berýärler, ösüp gelýän nesilde watançylygyň, gahrymançylygyň, edermenligiň belent duýgularyny terbiýelemek boýunça asylly işleri geçirýärler. Wagt olaryň hataryny hernäçe kemse-de, jemgyýetimizde uruş weteranlary, tylyň edermen zähmetkeşleri, wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary hem-de şol agyr derdi başdan geçirenler olar üns hem-de mähir bilen gurşalýar. Olaryň durmuş tejribesi hem-de urşuň alawy bilen çabran ýatlamalary ýaşlar üçin gahrymançylyk mekdebidir.




Yza

Şeýle hem okaň