Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde guramagynda, «Zähmetiň geljegi we Halkara Zähmet Guramasy» diýen at bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Halkara Zähmet Guramasynyň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahata Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, Halkara Zähmet Guramasynyň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
«Watan» gazeti, № 67 (13045), 2019-nji ýylyň 1-nji iýuny
Maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýetiň berilýändigi bellenilip geçildi. Şeýle-de Zähmet we iş bilen üpjünçilik meseleleri barada giňişleýin pikir alşyldy we halkara bilermenleriniň Halkara Zähmet Guramasynyň «Halkara zähmet kadalary», «Iş bilen üpjünçilik çygryndaky syýasat hakynda» konwensiýalaryna degişli teklipleri uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Maslahatyň dowamynda durmuş hyzmatdaşlygyň tarapdarlary bolan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň çykyşlaryna hem aýratyn orun berildi.
Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugry bolup, onuň esasyny oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri düzýär. Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki döwürde täze anyk many-mazmun bilen has-da baýlaşýar.
Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýetiniň agzalary durmuş-zähmet we iş bilen üpjünçilik çygrynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, durnukly ösüşi gazanmakda ýardam bermäge taýýardyklaryny aýtdylar. Maslahata gatnaşanlar halkara bilermenler bilen duşuşyklary we maslahatlary geçirmäge döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.