SANLY ÖZGERTMELER HALKYŇ HYZMATYNDA

Häzirki döwürde dünýä giňişliginde bolup geçýän sanly «böwsüş» Türkmenistanyň bu ählumumy hadysa goşulyşmagyna zerurlyk döretdi we möhüm döwlet syýasaty hökmünde sanlylaşdyrmak işini milli ösüşiň meýilnamasyna girizilmegini şertlendirdi. Berkakar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup, adam bähbitlerine gönükdirilen bu özgertmeleriň netijeliligini artdyrmakda sanly ykdysadyýet birnäçe artykmaçlyklary özünde jemleýär. Ýurdumyzda 2018-nji ýylyň noýabr aýynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hut şu wezipelerden ugur alýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça daşary ýurtlarda toplanan tejribäniň, hususan-da, onuň ýapon nusgasynyň öwrenilmegi ýurdumyzda ykdysadyýetiň bu görnüşini ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berer.

Bu gün ykdysadyýetiň sanly görnüşini özleriniň milli ulgamlaryna ornaşdyrýan ýurtlar onuň döredýän artykmaçlyklaryny ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň hatyrasyna ulanmagy başardylar. Bu ýagdaý häzirki döwürde sanly gurşawyň ýurduň täze hile geçmeginiň netijeli ýollarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär. Şunda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere her döwletiň özüçe çemeleşýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Häzirki döwürde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hasaplanýan Ýaponiýada toplanan oňyn tejribe köplerde uly gyzyklanma döredýär.

Häzirki döwürde ylymyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösen ýurdy bolan Ýaponiýada amala aşyrylýan sanly özgertmeleriň beýleki dünýä ýurtlarynyň sanly strategiýalaryndan tapawutly aýratynlygy, ilkinji nobatda, olaryň ýurduň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendigi bilen baglanyşyklydyr. «Günüň dogýan ýurdunda» durmuş meselelerini çözmekde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyna uly ähmiýet berilmegini birnäçe sebäpler bilen düşündirip bolar. Ýagny, dünýä göz ýetirmekde, onuň gurluşyny düşündirmekde ýapon milletiniň öz filosofiýasynyň bardygy munuň birinji we esasy sebäbi hökmünde bellenilýär. Ýaponiýada köpçülik tarapyndan ykrar edilýän, beýik akyldarlaryň biri hasaplanýan Konfusiniň pentleri we öwüt-nesihatlary ynsan ömrüniň asylly, şol bir wagtda manyly we düşünjeli ýaşalmagynyň esas goýujy gymmatlyklaryny emele getirýär. Şeýle-de olar durmuşyň dürli çygyrlarynda adamyň özüni alyp barşyny kesgitleýär. Bu ýagdaý ykdysadyýet bilen medeniýetiň aýrylmaz arabaglanyşygyny görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly okuw kitabynda belleýşi ýaly, «Häzirki zaman ykdysady pikir ýokary göterilişiň ykdysady ösüşiň şol medeniýetiň gymmatlyklary bilen sazlaşykly bolan halatynda başlanýandygyny tassyklaýar» diýen sözleriniň dogrudygyna aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Ösüşiň häzirki zaman ýapon nusgasy, ykdysadyýet bilen medeniýet sazlaşykly ösdürilende köpleri haýran edýän ykdysady netijeleriň gazanylýandygyny görkezýär.

Ykdysady taýdan özlerini alyp barşynda hem bu gymmatlyklaryň kesgitleýji orun eýelemegi bu ýurduň ykdysady ösüşinde uly öňegidişligiň gazanylmagyny şertlendiren sebäpleriň biridir. ХХ asyryň ikinji ýarymynda Ýaponiýanyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikler bütin dünýäni haýran etmek bilen, bu hadysanyň «ýapon gudraty» diýlip atlandyrylmagyna esas döretdi.

Ykdysady syýasatda durmuş ulgamyna aýratyn ünsüň berilmeginiň ýene-de bir sebäpleriniň biri ýurtda kemala gelen demografik ýagdaý bilen şertlendirilendir. Ýagny, Ýaponiýada, bir tarapdan, çaga dogluşynyň pes derejesi, beýleki tarapdan, ilatynyň ömrüniň dowamlylygynyň uzak bolmagy, ilatyň düzüminde ýaşuly nesliň agdyklyk etmegine getirdi. Bu ýagdaý möhüm öndüriji güýç bolan zähmet gorlaryny ulanmakda köp kynçylyklary döredýär.

Häzirki döwürde Ýaponiýada durmuşa geçirilýän sanly strategiýa özüniň gurşap alýan möhüm wezipeleriniň gerimi we möçberi bilen tapawutlanýar. Onuň esasy maksady her kim üçin amatly şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şunda jemgyýetiň her bir agzasynyň biri-biriniň durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin isleginiň bardygyndan ugur alynýar we sanly serişdeleri ulanmak arkaly olar üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hut şu aýratynlyklar Ýaponiýada amala aşyrylýan sanly strategiýanyň «Jemgyýet 5.0» diýlip atlandyrylmagyna mümkinçilik berdi. Çünki ýurtda kemala gelen hakyky şertlerden ugur alýan hem-de adamlaryň abadan durmuşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen bu özgertmeler adam ölçegli ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny tutuş dünýä äşgär edýär. Netijede, milli aňyýetde mäkäm orun tutan gymmatlyklara daýanmagyň esasynda ykdysady we durmuş ulgamlarynyň ösdürilmegi bilimler jemgyýetiniň ösen ýurdunda «ýapon gudratynyň» häzirki döwürde hem dowam etmegine itergi berýär.

Hakykatdan-da, «Jemgyýet 5.0» strategiýasynyň möhüm tarapy – hemmeler üçin deň mümkinçilikleri döretmekden, her bir adamyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin şertleri üpjün etmekden ybaratdyr.

Ýokarda bellenen demografik sebäplere görä, işçi güýjüniň ýetmezçiligi duýulýan ýapon jemgyýetinde bu çylşyrymly meseläni çözmek üçin özboluşly çemeleşme ulanylýar: täze tehnologiýalaryň giň gerimi gartaşan adamlaryň goşmaça mümkinçiliklere eýe bolmagyna itergi berýär. Hususan-da, bu maksatlary amala aşyrmagyň möhüm çözgüdi bolup robototehnika çykyş edýär. Mysal üçin, uly ýaşly adamyň fiziki güýjüniň çäklidigini göz öňünde tutup, kynçylyk döreýän çygyrlarda robotlaryň mümkinçiliklerini ulanmaklyga uly ähmiýet berilýär. Şunda robotlar agyr predmetleri götermek, süýşürmek üçin ulanylýar. Mundan başga-da, ylymyň gazananlaryny ýaşuly nesliň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirmek, şol bir wagtda olaryň zähmet işjeňliginiň bellibir derejede ýokarlandyrylmagyny gazanmak alnyp barylýan durmuş syýasatynyň möhüm ugruny emele getirýär. Mysal üçin, gözüň görşüni we gulagyň eşidişini gowulandyrýan enjamlaryň zähmete ukyply ýaşdan ýokary ýaşlylar üçin elýeterli bolmagy lukmançylyk ulgamynda ulanylýan sanly enjamlaryň diňe bir durmuş taýdan däl, eýsem, ykdysady taýdan hem bähbitli bolup durýandygyny görkezýär.

Bu strategiýanyň döwlet derejesindäki maksady – tehnologik ösüşe ugur görkezmekden we iri kompaniýalary durmuşa gönükdirilen tehnologiýalary döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr. Bu konsepsiýanyň çäklerinde hususy kärhanalar we telekeçiler adamlaryň durmuşlarynyň özgermegine öz goşantlaryny goşýarlar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ýapon nusgasynda ol ýa-da beýleki tehnologiýalary jemgyýeti ösdürmegiň hatyrasyna ulanmaklyga ýykgyn edilýär. Köp döwletlerde sürüjisiz dolandyrylýan tertipde ulag sürmeklik synag döwrüni başdan geçirýän ugurlaryň biridir. Ilatyň ýaşuly düzüminiň abadan durmuşyny üpjün etmegi özüne maksat edinýän Ýaponiýa döwleti ylymyň bu ugurda gazanan oňyn netijelerini ýerli durmuş şertlerine uýgunlaşdyrmagy başardylar.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Günüň dogýan» ýurdunyň esasy geografik aýratynlygy onuň uly ýer böleginde däl-de, eýsem, köp adalarda ýerleşýändiginden ybaratdyr. Şol ýerlerde ýaşaýan ilatyň durmuş abadançylygyny üpjün etmek wezipesinden ugur alyp, olaryň arasynda ulag ugurlaryny, ulagyň görnüşlerini ösdürmek meselesini möhüm meseleleriň birine öwürýär. Şeýle ýerlerde gartaşan adamlaryň sanynyň köp bolmagy bolsa, bu meseleleriň has-da çylşyrymlaşmagyna getirýär. Ýöne oýlap tapmaga ökdelän ýapon milleti bu meseleleri çözmekde hem özboluşly ýoly saýlamagy başardylar. Häzirki döwürde Ýaponiýada sürüjisiz dolandyrylýan awtobuslar synagdan geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, sürüjisiz dolandyrylýan awtobuslary jemgyýetçilik ulagyň göz öňünde tutulmadyk ýa-da ykdysady taýdan maksadalaýyk bolmadyk sebitlerde ulanmak zerur hasaplanýar. Bu ýagdaý häzirki döwürde ýapon jemgyýetinde sanly tehnologiýalary ulanmak babatynda uly öwrülişigiň bolup geçýändigini görkezýär: tehnologiýalary diňe girdeji almak üçin ulanmak nukdaýnazaryndan onuň jemgyýet üçin peýdaly bolmagyny gazanmak bilen bagly garaýşa ýykgyn edilýär.

Häzirki döwürde demografik meseleleriň bardygyna garamazdan, Ýaponiýanyň öňünde işsizlik meselesiniň ýokdugy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu ýurtda amala aşyrylýan sanly strategiýa önümçilikde meşgullanýan işgärleriň azaldylmagyna gönükdirilen däldir. Tersine, ol senagat kompaniýalarynyň işewürligi giňeltmek, önümiň hil görkezijilerini ýokarlandyrmak, energonetijeliligi gowulandyrmak bilen bagly öňde duran wezipeleriniň şol bir adam sany bilen amala aşyrylmagyny aňladýar. Şunda adam sanynyň tebigy taýdan kemeljekdigi hem hasaba alynýar.

Bu strategiýanyň ikinji tarapy «serişdeleriň interneti» adyna eýe bolan täze tehnologiýalaryň giňden ýaýramagy we oňa islegleriň barha artmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu ugur adam zehininiň, bilimleriniň we kär başarnyklarynyň ykdysadyýetde täze ýaýrawlaryň döremegine getirýär, netijede, ol iş üpjünçiligiň gowulanmagy üçin hem täze mümkinçilikleri döredýär. Şunda ýaşuly nesle öz mümkinçiliklerini amala aşyrmak üçin başga, ýagny adaty iş orunlaryna meňzemeýän iş orunlaryny döretmäge, işe ýerleşdirmekde özboluşly çemeleşmeleri ulanmaklyga çalşylýar.

Bu günki gün Ýaponiýanyň sanly ykdysadyýeti ösdürmekde gazanan oňyn netijeleriniň bütin dünýä ýurtlary üçin öwrenerliklidigi äşgärdir.



Maýagözel BABAÝEWA, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 139 (29405), 08.06.2019ý.



Yza

Şeýle hem okaň