2019-njy ýylyň 10-njy iýunynda Ženewadaky Milletler Köşgünde Halkara Zähmet konferensiýasynyň 108-nji mejlisi öz işine başlady. Plenar mejlisinde HZG-niň agza ýurtlarynyň 40-dan gowrak döwlet hem-de hökümet baştutanlarynyň çykyş etmeklerine garaşylýar.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti plenar mejlisiniň dowamynda çykyş eder, Türkmenistanyň HZG-daky agzalygynyň geçen 25 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň milli kanunçylygy ösdürmek we ony iş ýüzünde ulanmak arkaly HZG-niň ratifisirlenen we ratifisirlenmedik konwensiýalarynyň çäklerinde halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmegi boýunça, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy ugrunda ýurdumyzyň esasy gazananlaryny giňden açyp görkezer.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti HZG-niň 100 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanyp ýurdumyzda geçirilen çäreler hakynda habar berer. Has takygy, çykyşda degişlilikde guramanyň agza-ýurtlaryny onuň ýüz ýyllygyny bellemäge hem-de guramanyň binýatlyk ýa-da gollanylýan resminamalaryna goşulyşmaga çagyran zähmet ulgamynyň geljegi hakyndaky HZG-niň Baş direktorynyň ählumumy başlangyjyna goşant goşmak bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň «Halkara Zähmet Guramasynyň 1976-njy ýylyň «Halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky» 144-nji Konwensiýasyna goşulmak hakynda» karary bellenilip geçiler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Mary welaýatynyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden düzülen Türkmenistanyň wekiliýeti Zähmet kadalarynyň ulanylmagy boýunça Komitetiň, Standartlaryň işlenilip düzülmegi boýunça Komitetiň we Doly düzüm komitetiniň işlerine gatnaşarlar.
108-nji mejlisiň çäklerinde HZG-niň giňişliginde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we zähmet ulgamyndaky global başlangyçlarynyň utgaşdyrylyp durmuşa geçirilmeginiň ösdürilmegi boýunça meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy maksady bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň HZG-niň ýokary derejeli wekilleri we beýleki ýurtlaryň wekiliýetleri bilen duşuşyklary meýilleşdirilendir.
Maslahatyň jemleri boýunça «HZG-niň 100 ýyllygynyň jemleýji resminamasynyň» kabul edilmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet web-saýty http://mfa.gov.tm