Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabyň ellerimize gowuşmagy buýsançly göwünlerimizi galkyndyran ajaýyp wakadyr. Ata-baba kitaba gymmatly gadyr goýup gelýän türkmen halky üçin kitapdan gymmatly çeşme ýokdur. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu ajaýyp ylmy eser ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynyň işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly ylmy çeşmedir.
Ruslan JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan
goramak ministrliginiň Usulyýet müdirliginiň
başlygynyň orunbasary
Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen bu kitap dünýäniň syýasy-ykdysady we medeni gurşawynyň köpçüligine häzirki zaman Türkmenistany açyp görkezýär. Kitabyň gatlary Watanymyzyň ösüşini aýdyň görkezýän suratlar bilen bezelip, estetiki gözelligi hem hili bilen tapawutlanýar. Munuň özi giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekmäge, kitabyň many-mazmunyna düşünmäge, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň, içeri we daşary syýasatynyň ösüşine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, durnukly ösüş maksatlary Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary üçin häzirki zaman dünýäsinde global strategiýa hökmünde çykyş edýär. 2016-2030-njy ýyllary öz içine alýan durnukly ösüş maksatlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý 70-nji mejlisinde kabul edildi. Kitabyň “Awtordan” atly bölüminde hem Hormatly Prezidentimiziň bu mejlise gatnaşyp, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bähbitlerini göz öňünde tutýan başlangyçlar bilen çykyş edendigini belläp geçýär. Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän teklipleri halkara jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa mynasyp boldy. Bu başlangyçlar bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidildi. Ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlaryndan öň Müňýyllygyň maksatlarynyň wezipelerini hem üstünlikli durmuşa geçirendigini Alym Arkadagymyz kitapda aýratyn belläp geçýär.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak babatda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär. Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda Türkmenistan dünýä döwletleri üçin nusga alarlykly işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynda Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisi – 17 sany ählumumy maksatlar boýunça ýurdumyzyň durmuşa geçirýän işleri açyk beýan edilendir. Kitabyň sahypalarynda statistik maglumatlaryň we orta möhlet üçin bellenen çaklamalaryň hem çyzgydyr grafikleriň getirilmegi kitabyň ykdysatçylar bilen bir hatarda giň okyjylar köpçüligi üçin hem düşnükli we peýdaly bolmagyny üpjün edýär. Munuň özi kitabyň amaly taýdan ähmiýetini ýokarlandyrýar.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasy öz mazmuny boýunça her bir adamyň bähbitlerine gönükdirilendir. Ol Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär. Kitapda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň strategik wezipeleri, onuň ileri tutulýan ugurlary, hormatly Prezidentimiziň möhüm halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň netijesinde gazanylan üstünlikler beýan edilýär. Parasatly Adöwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň özeninde bolsa halk hakynda alada ýatyr. Kitabyň içinde getirilýän käbir sanlar hem muny aýdyň tassyklaýar. Her ýyl maşgala girdejileriniň ýokarlanmagy hem Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny aňladýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäni içeri syýasatymyzyň mazmuny hökmünde kesgitlän Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk hem gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleri kabul edilýän kanunlardyr kararlarda, döwlet maksatnamalarynda we meýilnamalarynda aýdyň beýan edilýär. Muňa mysal hökmünde “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli Maksatnamany” görkezmek bolar. Bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde tutuş ýurdumyzda 10 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýumlaryň özleşdirilendigini Gahryman Arkadagymyz kitapda aýratyn belleýär.
2007-2017-nji ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň bedew bady bilen öňe gitmegi we Jemi içerki önümiň ösüşi netijesinde Türkmenistan depginli ösýän ýurtlaryň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Alym Arkadagymyz “Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynda bu döwri senagatlaşma-maýa goýum galkynyşy diýip häsiýetlendirdi. Munuň dünýä ykdysady ulgamyna Türkmenistanyň çalt girýändigini, daşary ýurt maýa goýumlaryň paýynyň artýandygynyň, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylýandygyny, hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylýandygyny, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlanýandygyny aňladýar. Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan sebit syýasaty dogrusynda hem kitapda giňişleýin maglumatlar getirilýär. Türkmenistanyň daşary syýasaty “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda üstünlikli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň berkidilmegine ýardam berjek iri halkara taslamalar durmuşa geçirilýär. Bitarap Türkmenistan döwletimiz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esaslarda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Dünýäniň abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen ygtybarly hyzmatdaşlygyny barha berkidýär.
Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak we ekologiýa syýasaty bu günki gün ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Durnukly ösüşiň maksatlary bolsa ykdysady, durmuş meselelerinden başga-da ekologik jähetleri hem göz öňünde tutýar. Bu ajaýyp kitapda Türkmenistanyň öňe sürýän suw we ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek boýunça başlangyçlary, daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak, adamlaryň saglygyny goramak, sarp edişiň we önümçiligiň durnukly nusgasyny kemala getirmek boýunça Türkmenistanyň amala aşyrýan çäreleri beýan edilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň goşulan halkara resminamalary we kabul edilen kanunlar hem aýratyn bellenilip geçilýär.
“Açyk gapylar” syýasatyny ýöredýän Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sebitiň we dünýäniň ählumumy meselelerini adamzadyň, röwşen geljegiň hatyrasyna çözmek üçin döwletleriň hem halklaryň tagallalaryny birleşdirmekde oňyn Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli alyp barýar. Dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar we geosyýasy meseleler babatynda ýurdumyz ähli döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutumak nukdaýnazaryndan işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Kitabyň “Durnukly ösüş maksady bilen makroykdysady deňölçegliligi hem-de daşary ykdysady syýasaty kämilleşdirmegiň meseleleri” atly babynda mähriban Arkadagymyz bular dogrusynda giňişleýin belläp geçýär. Türkmenistan sebitde işleri ählumumy maksatlara laýyk getirmäge girişen ilkinji ýurtlaryň biri bolup, Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-si, wezipeleriniň 148-si we görkezijileriniň 175-si millileşdirildi. Munuň özi Türkmenistanyň inklýuziw ösüşini çaltlandyrmaga we dünýäde ýurdumyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrmaga mümkinçilik berýär.
Şu ýyl Türkmenistan Meýletin milli synyny taýýarlap, iýul aýynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň maslahatynda «Adam hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de inklýuziwligi we deňligi üpjün etmek» ady bilen geçiriljek Ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Gün tertibi – 2030-y amala aşyrmak boýunça öz tejribesini tutuş dünýä görkezer. Ýeri gelende aýtsak, Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilişi öz içine alýan ýurdumyzyň Meýletin milli syny taýýarlananda hem Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitaby gymmatly çeşme hökmünde peýdalanyldy.
Ählumumy Gün tertibiniň yglan edilmegi bilen Bitarap Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge girişen ilkinji döwletleriň biridir. Ýurdumyzyň ilatynyň giň gatlaklarynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlary barada bilimleri giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça Okuw-usulyýet merkeziniň hem döredilendigini bellemek gerek. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça esasy ileri tutulýan ugurlary hem çäreleri kesgitlemäge we ylmy taýdan öwrenmäge mynasyp goşant goşar. Alym Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren “Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitaby aýratyn hem ykdysatçylar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly ylmy çeşme we ýankitap bolup durýar.
Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, halkymyzyň eşretli durmuşy we bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
«Watan» gazeti, №74 (13052), 2019-njy ýylyň 18-nji iýuny