Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň yzysüre
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ YKDYSADY BINÝADY
Şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde,
geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3
göterime deň bolandygy bellenildi. 1 million 400 müň tonnadan gowrak
bugdaý hasylynyň ýygnalandygy baradaky hoş habar bolsa ýurdumyzda azyk
howpsuzlygynyň üpjün edilýändigini ýene bir gezek tassyklad. Munuň özi önüm
öndürijileri goldamak we eksporty höweslendirmek boýunça döwlet tarapyndan milli strategiýanyň dogry kesgitlenilendiginiň
nobatdaky güwäsidir.
Ykdysadyýet çylşyrymly
ulgamlaryň biri bolup, onuň dürli düzümleriniň arasynda sazlaşygyň üpjün edilen
ýagdaýynda ýokary netijeleri gazanyp bolýar. Munuň şeýledigini “Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly şygar bilen geçýän
şu ýylyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler aňryýany bilen
görkezýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini senagat
pudagynda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, söwdada 8,5 göterime,
hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.
Ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny
pugtalandyrmak islendik döwletiň möhüm strategik wezipeleriniň hatarynda
kesgitlenip, oňa görä, halklary ýakynlaşdyrýan we döwletleri dostlaşdyrýan ulag
ulgamynyň ösdürilmegine wajyp mesele hökmünde garalýar. Şunda ulag ulgamynyň
ähli görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw
ugurlarynyň ösdürilmegine, ulag infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet
berilýär. Häzirki döwürde hormatly
Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan ulag toplumynyň ösüşiniň esasy
aýratynlygy ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan halkara taslamalaryň
birnäçesiniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim
ösüşiň gazanylmagy bu günki gün öz amatly geografik ýerleşişini ýokary derejede ulanmak bilen,
Türkmenistan daşalýan ýükleriň möçberini yzygiderli artdyrýandygyna, ýurdumyzyň
üstaşyr geçirijilik ukybynyň
ýokarlandygyna şaýatlyk edýär.
Maýa goýumlar durmuş-ykdysady we maliýe durnuklylygyň
binýatlaýyn şertleriniň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny
üpjün edýän pudaklarynyň durnukly ösüşine ýardam berýär. Munuň üçin döwlet tarapyndan alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň milli
ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän uzak möhletleýin maksatlardan we
wezipelerden ugur almagy möhüm şertleriň biridir. Onda öndürilýän bäsdeşlige
ukyply önümleriň möçberleriniň artmagyna mümkinçilik berýän diwersifikasiýa,
senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak syýasatyna giň orun berlen ýagdaýynda netijeli
bolýar. Ýurtda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy, ilkinji nobatda,
ykdysadyýeti ösüşiň täze hil derejesine çykarmaga mümkinçilik berýän ugurlaryň
biridir. Has takygy, maýa goýumlar önümçiligiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, oňa
sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, milli ykdysadyýetiň
diwersifikasiýalaşdyrylmagyna itergi berýär. Munuň netijesinde, ýurtda işe
girizilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň sany näçe köp boldugyça, importy çalyşýan,
eksporta gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi şonça-da artýar.
Şol bir wagtda täze iş orunlarynyň döredilmegi netijesinde, ilatyň iş bilen
üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyny ýurtda amala aşyrylýan işjeň häsiýetli
maýa goýum syýasatynyň oňyn netijeleriniň ýene-de biri hökmünde
häsiýetlendirmek bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda amala
aşyrylýan maýa goýum syýasaty energetika pudagynyň, agrosenagatyň, şeýle-de
sanly ykdysadyýetiň uly depginde ösmegine ýardam berýär. Soňky birnäçe ýylyň
dowamynda maýa goýumlaryň düzüminde eýeçiligiň görnüşleri boýunça bolup geçýän
özgerişlikler ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýagny
maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň diňe bir döwlete degişli böleginde däl,
eýsem, döwlete dahylsyz böleginde hem, şeýle-de daşary ýurt maýadarlar üçin hem
amatlyklary döretmek zerurlygyndan ugur alýar. Milli ykdysadyýetimiziň
düzümleýin özgerdilmegini üpjün etmekde hem geljekki ösüşlere niýetlenen bu
serişdeleriň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda
maýa goýumlaryň ýene bir uly möçberi daşary ýurt tehnikalaryny,
tehnologiýalaryny satyn almaga gönükdirilýär. Innowasiýalara daýanýan
ykdysadyýetiň kemala gelýän şertlerinde enjamlaryň, tehnologiýalaryň importy
dünýä derejesinde aýry-aýry ýurtlaryň bu ugurdaky ösüşiniň başlangyç tapgyrynda
kabul edilen kadadyr. Ýurtda öndürilýän innowasion önümleriň möçberini
tapgyrma-tapgyr artdyrmak üçin bu ugra maýa goýumlaryň gönükdirilmegi zerurdyr.
Dünýäde ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilmegi, onuň tölege
ukyplylygy, şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň döwlet kadalaşdyrylyşy bu
wezipleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji alty aýynda maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň 4,3
göterim ýokarlanmagy ýurdumyzda jemi içerki önümiň
ösüşiniň durnukly saklanmagyny şertlendirýän sebäpleriň biri bolup, ol milli ykdysadyýetiň
ösüşini çaltlandyrýan ygtybarly ýoldugyny
tassyklaýar. Hususan-da, daşary ýurt maýa goýumlarynyň döwlete degişli
däl pudagyň ösüşine edýän täsiri örän uludyr. Ol, bir tarapdan, telekeçiler
tarapyndan öndürilýän harytlaryňdyr ýola goýlan hyzmatlaryň täze görnüşleriniň
ýüze çykmagyna mümkinçilik döredýän bolsa, beýleki tarapdan, tehniki we
tehnologik kuwwatyň artmagyna ýardam berýär.
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Watan harmanyna bugdaýyň boý hasylynyň
tabşyrylandygy baradaky habar hemmelerde buýsanç duýgusyny döretdi. Dünýäde we ýurdumyzda
häzirki kemala gelen täze şertlerde oba hojalyk pudagyny ösdürmek wajyp
makroykdysady mesele bolmak bilen bir hatarda, ol syýasy we jemgyýetçilik
durmuşymyzyň esaslaryny hem öz içine alýar. Oba hojalyk pudagyny döwrebap derejede
kämilleşdirmegiň zerurlygy onuň çözýän meseleleriniň wajyplygy bilen
düşündirilýär. Bu pudakda öndürilýän azyk önümleri diňe bir makroykdysady
görkeziji bolan jemi içerki önümiň artmagyna ýardam bermän, eýsem, azyk
garaşsyzlygymyzy hem üpjün edýär. Çünki azyk önümleri ýurduň içinde, ýagny
hususy önümçiligiň hasabyna näçe köp öndürildigiçe, şonça-da ýurduň azyk
babatynda beýleki döwletlere garaşlylygynyň derejesiniň pes bolýandygy
hemmelere mälimdir. Bu ýagdaý, öz gezeginde, azyk garaşsyzlygynyň islendik
döwletiň syýasy garaşsyzlygynyň baş şerti bolup durýandygyny, şol bir wagtda hem
azyk önümleri bilen üpjünçilik derejesiniň durnuklylygynyň ýurduň azyk
howpsuzlygynyň pugtalanmagyna ýardam berýändigini görkezýär.
Häzirki döwürde raýatlaryň daýhançylyk işi bilen has
höwesli meşgullanmagyna itergi berýän dürli ykdysady mehanizmleri,
höweslendiriş çärelerini göz öňünde tutýan obasenagat toplumynyň işini
kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan düýpli özgertmeler oba hojalyk pudagyny düşewüntli
ugra öwürmek boýunça döwlet tarapyndan amatly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň
güwäsidir. Şunda esasy maksat netijeli işleýän obasenagat toplumyny döwrebap
ösdürmegiň hasabyna ýurdumyzyň import garaşlylygynyň derejesini azaltmakdan,
azyk önümleriniň içerki önümçiligini höweslendirmekden ybarat bolup, bu işe
hususy önüm öndürijileri giňden çekmek şu günüň möhüm wezipesidir.
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ykdysady we hukuk
çäreleriň ulgamy hökmünde ýerli önümçiligiň hasabyna, şeýle-de oba ilatynyň
ýaşaýyşy we hojalyk işi üçin amatly şertleri döretmek arkaly ony amala aşyrmak
ugrunda häzirki döwürde uly işler alnyp barylýar. Daýhançylyk bilen
meşgullanýan raýatlarymyza döwlet tarapyndan dürli ugurda berilýän goldaw
işleriň netijeli guralmagyna ýardam
berýär.
Köp
derejede oba hojalyk önümçiliginiň howa şertlerine baglylygy, ýagny önümleriň
we girdejileriň möwsümleýin häsiýeti oba hojalygyna hyzmat etmek üçin
ýeňillikli maliýe-karz ulgamynyň döredilmegini talap edýär. Häzirki döwürde onüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny,
gurallaryny we abzallaryny hem-de suw tygşytlaýjy tehnikalarydyr enjamlary
satyn almak üçin, satyn alynýan serişdeleriň doly bahasynyň 70 göterimine çenli
möçberde hem-de galan bölegi üçin bolsa, aljak girdejilerini girew goýmak
arkaly bank karzlaryny bermek, şeýle-de önüm öndürijilere, daýhan
birleşiklerine we oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna oba we suw hojalygynda
ulanylýan ekskawatorlary hem-de buldozerleri satyn almak üçin ýyllyk 1 (bir)
göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her
ýyl deň paýlarda gaýtarmak şertinde ýeňillikli bank karzlaryň berilmegi önüm
öndürijiler üçin amatly şertleriň döredilendiginiň aýdyň güwäsidir.
Häzirki
döwürde önüm öndürijilere meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde berilýän
ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we
döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyly, galan ýer
böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna
girmeýän oba hojalyk ekinleriniň hasyly ýetişdirilýär. Mundan başga-da
şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndürilen önümleri önüm öndürijileriň öz
ygtyýarynda galdyrmak ýa-da döwlet satyn alyş nyrhlaryndan döwlete tabşyrmak
mümkinçiliginiň döredilmegi hem daýhanlaryň bu işe höwesleriniň artmagyny
şertlendirýär.
Strategik
ähmiýetli önümleri döwletiň satyn almagy ol ýa-da beýleki bazara gatnaşyjylara
goldaw bermegiň ýene-de bir netijeli çäreleriň biri bolup, ol importy çalyşýan
strategiýany goldamaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, döwletiň önümleri satyn
almagy höweslendiriji häsiýetli mehanizm bolup çykyş edýär. Geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda oba hojalyk pudagynda 2
göterim ösüşiň gazanylmagy ýurdumyzda
oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw bermegiň
gurallarynyň dogry kesgitlenendiginden habar berýär.
Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn
netijeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň saklanylýandygynyň aýdyň güwäsi
bolup, ol geljekki ösüşlerimiň mizemez binýadyny emele getirýär.