5-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Bu mejlisde hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekmegi, şeýle-de obada işleýän mugallymlaryň zähmet hakyna ep-esli möçberde goşmaça töleg goşmak, olary ýeňillikli şertlerde ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklary döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň dabaralanmasydyr.
Maral Ýaýlyýewa,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak ministrliginiň
usulyýet müdirliginiň başlygy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, il-ýurt bähbitli başlangyçlary bilen gözel Diýarymyz ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler türkmenistanlylaryň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýarlyga gönükdirilen durmuş syýasatynyň özeninde bolsa raýatlarymyzyň maddy hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmak, olaryň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ýaly möhüm wezipeler durýar. Bu işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugurda gazanýan görkezijileri göwünleri galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiz dünýä nusgalyk ynsanperwer durmuş syýasatyny alyp barýar. Döwlet her bir zähmetkeşiň girdejilerini artdyrmak, maşgalanyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin makroykdysady çäreleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75-80 göterimi her ýyl durmuş maksatly ugra gönükdirilýär. Her ýyl zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bu bolsa Döwlet Baştutanymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş taglymatynyň her bir türkmen raýatynyň bagtyýar, bol-elin eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendiginiň subutnamasydyr.
2019-njy ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna durmuşa geçirýän beýik işlerinden mysaldyr.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanynda Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynynyň möçberi, pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek we döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin üçin binýatlyk ululyklaryň möçberi, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi kesgitlenildi.
Täze ýylyň başyndan zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna amala aşyrylar. Munuň özi diňe bir ilatyň girdejilerini artdyrmaga däl, eýsem edara-kärhanalaryň iş öndürijiligini has ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiziň Permanynda 2020-nji ýylyň başyndan başlap, ýurdumyzda zähmet hakynyň iň pes möçberiniň hem has ýokarlanandygyny we 870 manat möçberde kesgitlenendigini bellemek zerur. Munuň özi iň pes zähmet haky bilen bagly zähmet haklaryna goşulýan hasaplamalaryň we beýleki degişli tölegleriň hem möçberiniň artmagyna getirer. Permandan gelip çykyan şu we beýleki özgerişler ilatyň pul girdejileriniň köp ugurlar boýunça ýokarlanmagyna ýardam berer.
Zähmet haklaryny we oňa deňleşdirilen beýleki tölegleri yzygiderli artdyrmak boýunça amala asyrylýan çäreler ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goldamak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Bu tölegler ilatyň pul görnüşindäki girdejisiniň esasy bölegini düzýär. Şol sebäpli olaryň möçberiniň ýokarlanmagy raýatlaryň maddy baýlygynyň artmagyna gös-goni täsirini ýetirýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna şert döredýär.
Ýurt Baştutanymyzyň aladasy bilen halkyň durmuşynda bolup geçýän şeýle oňyn özgerişler çagalara, ýaş enelere, ýaşuly neslimize uly ýardam, goldaw berýär. Durmuş kömegi hökmünde ilata tölenilýän pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň yzygiderli ýokarlandyrylyp durulmagy adam, ýaş nesil hakyndaky bimöçber aladalaryň diňe bir bölegidir.
2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň rowaçlyklaryň Watany hökmündäki abraýyny artdyrmaga, halkara giňişlikde Tükmenistan döwletimizi mundan beýläk-de abadançylygyň höküm sürýän ýurdy hökmünde tanatmaga şert döreder.
Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda «Türkmenistan girdejileriniň derejesi boýunça ortaçadan ýokary bolan ýurtlaryň hataryna degişli edilýär. Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş derejesi batly depginlerde ösýär. Halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan maksady bolup durýar. Ykdysady ösüş türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ähli jähetlerinde öz beýanyny tapýar, ähli çeşmelerden ilatyň girdejileriniň durnukly artmagyna ýardam berilýär. Halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarylygy hem durnukly ösüşiň düzümleriniň biridir. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi her ýyl ilatyň pul girdejileriniň we ortaça aýlyk haklarynyň artmagyna ýardam berer. 2018 – 2030-njy ýyllar üçin döwürde ortaça aýlyk haky 3,9 esseden hem gowrak artar» diýlip bellenilýär. Şeýlelikde, durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda ilatyň pul girdejilerini artdyrmaklyga möhüm orun degişli bolup, ol ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Baş wezipesi ýakyn ýyllarda döwletimizi öňkiden hem berkitmekden, onuň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan, ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakdan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakdan ybarat bolup bolup durýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem şu ýyllar üçin hökmany zähmet hakynyň ýyllyk ýokarlandyrylmagynyň möçberi ortaça 10 göterim möçberinde göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglanyşykly, zähmetiň önümçilik ösüşiniň depginine we işçi güýjüniň hiline laýyk gelýän, zähmet bazarynda bäsleşige ukyplylygyň sazlaşygyny üpjün edýän işgärleriň, iş berijileriň we döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen zähmet bazaryny sazlaýan netijeli gurluşy döretmekde aýlyk haklaryny durnukly ýokarlandyrmagy kämilleşdirýän işler dowam etdirilmegi göz öňünde tutulan.
Milli ykdysadyýetiň her ýylda yzygiderli ösmegi, jemi içerki önümçiligiň barha artmagy, beýleki makroykdysady görkezijilerde gazanylýan ösüşler raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmäge, ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, iň esasy-da, olaryň pul girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugrunyň milli ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýşyny hil taýdan özgertmeklige gönükdirilendigini görkezýär.
Ilatyň girdejileriniň artmagy ýurtda sarp edijilik ukybyny hem ýokarlandyrýar. Netijede, zähmet haklarynyň köpeldilmegi ykdysadyýetiň ösmegine hem öz täsirini ýetirýär. Ykdysadyýeti yzygiderli ösdürmegi we şol bir wagtda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy başarýan döwletimiz bu gün durmuş-ykdysady ösüşiň derejesi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar.
Durmuşyň ähli ugurlarynda adam hakdaky aladany esasy orunda goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, mertebesi belent, işleri hemişe rowaç bolsun!
«Türkmenistan» gazeti, № 178 (29444), 18.07.2019ý.