YKDYSADY DIPLOMATIÝA: BELENT SEPGITLERI NAZARLAP

Türkmenistan bu gün dünýä bileleşigine ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn nusgasyny görkezýär. Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýäniň 100-den gowrak döwletleri bilen ýola goýan söwda-ykdysady gatnaşyklary hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady diplomatiýanyň netijeliliginden nyşan. Şol bir wagtda bu ýagdaý halkara ykdysady giňişliginde ýurdumyzyň tutýan ornunyň pugtalanýandygyny alamatlandyrýan möhüm ölçegdir. «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini daşary ykdysady strategiýasynyň ýol-ýörelgesine öwürmegi başaran Türkmenistanyň häzirki döwürde öňe sürýän milli bähbitleri köp babatda ählumumy ösüşe degişli iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumy munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleriň çäklerinde alyp barýan işleri döwletara gatnaşyklaryň netijeli gurallarynyň biri bolup, ol Hazarýaka sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekde bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny äşgär edýär.

Öňde boljak bu foruma dürli ýurtlaryň hökümet agzalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, tanymal işewür toparlarynyň, ylmy işgärleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň uly gyzyklanma bildirmekleri sebitleýin ösüş üçin onuň näderejede wajyp bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu, öz gezeginde, ýurdumyzyň we beýleki Hazarýaka döwletleriniň ykdysady ösüşi üçin onuň ähmiýeti we ondan garaşylýan netijeler barada her birimiziň gözýetimimiziň has-da giňelmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, giň okyjylar köpçüligine häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady diplomatiýanyň mazmunyny açyp görkezmek, onda sebitleýin hyzmatdaşlygyň tutýan ornuny aýdyňlaşdyrmak döwrüň möhüm talaplarynyň biri bolup durýar. Ahyrky netijede, ol bu ugurda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň düýp mazmunyna düşünmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara hyzmatdaşlygyň geoykdysady şertlerine aýratyn ähmiýet berýän ýurtdugyny her ädimde subut edýär. Dünýä ösüşiniň ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerinde ýurt Baştutanymyzyň halkara ykdysady gatnaşyklaryň hil taýdan tapawutlanýan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrunda uly tagallalar etmeginde uly many bar: ýurtlaryň arasynda özarabaglanyşygyň güýçlenmegi olaryň milli bähbitlerini sazlaşdyrmak meselesi babatynda täzeçil garaýyşlaryň kemala getirilmegine zerurlyk döretdi.

Şu ýerde döwletiň syýasy garaşsyzlygynyň esasy görkezijisi bolan milli bähbitler baradaky bilimlerimizi giňeltmek möhüm bolup durýar. Milli bähbitler döwlet syýasatynyň binýatlaýyn düşünjesi bolup, ol milletiň ösüşiniň möhüm ugurlaryny, ýurduň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň ýollaryny, şeýle-de onuň ähli raýatlarynyň hem-de halkyň abadançylygynyň hatyrasyna gönükdirilen döwlet işini aňladýar. Başgaça aýdylanda, ol döwletiň häzirki döwürde akyl ýetirilen möhüm ähmiýetli isleglerini kesgitleýär. Milli bähbitleriň düzüm bölegi bolup durýan ykdysady bähbitler ýurduň ykdysady garaşsyzlygyny goramak, durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly bolup, onuň düýp mazmuny milli ykdysady ösüş üçin has amatly şertlerde döwletiň esasy bähbitlerini ykdysady serişdeler arkaly üpjün etmekden ybaratdyr. Her döwletiň öz milli ykdysady bähbitleriniň bardygyny, şol bir wagtda olaryň köpdürlüdigini nazara alsak, onda birnäçe döwletleriň arasynda olary sazlaşdyrmak meselesiniň näderejede çylşyrymly meseleleriň biri bolup durýandygyna göz ýetirmek bolýar. Ykdysady meseleler boýunça döwletara gepleşikleriň geçirilmegi, halkara derejede forumlaryň we duşuşyklaryň guralmagy dünýä tejribesinde milli bähbitleri sazlaşdyrmakda öz oňyn netijelerini görkezen gurallaryň biridir.

Täze şertlerde hiç bir döwlet beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmän, milli ykdysadyýetini özbaşdak ösdürmäge ukyply däldir. Bu ählumumylaşýan ykdysadyýetiň esasy häsiýetleriniň biri bolup, ol döwletara gatnaşyklary ösdürmekde täze diplomatik usullaryň, döwrebap çemeleşmeleriň ulanylmagyny şertlendirýär. Bu wezipeler ýurduň ykdysady diplomatiýasy arkaly amala aşyrylýar. Hususan-da, halkara ykdysady taslamalar amala aşyrylanda ýurdumyzyň milli ykdysady bähbitleri bilen bir hatarda, beýleki hyzmatdaş döwletleriň hem bähbitleriniň utgaşdyrylmagy ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli bolmagyna getirýän şertlerdir. Hut şu deliller halkara giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen tarapynyň orta atýan tekliplerini özüne çekiji edýär we olaryň durmuşda amala aşyrylmagyny şertlendirýär.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň V sammitinde hormatly Prezidentimiziň Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky teklibi munuň şeýledigini aňry ýany bilen subut edýär. Bu forumyň geçirilmegine dünýä jemgyýetçiliginiň, hususan-da, Hazar sebitine girýän döwletleriň uly gyzyklanma bildirmekleri şol ýurtlaryň tebigy baýlyklarynyň we uly mümkinçilikleriniň tutuş dünýäniň, şol sanda sebitiň bähbitleri üçin ulanylmagyna taýýardygyny aýan edýär.

Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Sebäbi islendik ýurduň ösüşi we howpsuzlygy köp derejede ony gurşap alýan geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlara bagly bolýar. Umumy geografik giňişlikde ýerleşýän ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ösdürilýän hyzmatdaşlyk olaryň arasynda özara düşünişmek ýörelgelerine eýerýän gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz köptaraplaýyn sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistan üçin şeýle hyzmatdaşlygyň geografiki ýerleşişi we Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de onuň bilen goňşy sebitleriň taryhy umumylygy uly ähmiýete eýe bolmak bilen bir hatarda, anyk geosyýasy we geoykdysady şertler hem köp derejede öz täsirini ýetirýär.

Dünýä ykdysadyýetiniň şu güni we geljegi nukdaýnazaryndan seljerilende, durmuş-ykdysady meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine zerurlyk döreýär. Munuň esasy sebäbini hödürlenýän halkara taslamalaryň amala aşyrylmagynda ýüze çykýan töwekgelçilikli ýagdaýlary kemeltmekde we olaryň öňüni almakda bilelikdäki tagallalaryň netijesiniň ýokary bolýandygy bilen düşündirmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň ykdysady diplomatiýasynyň çäklerinde doly möçberli we oňyn hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dünýä bileleşiginiň dykgatyna täze çemeleşmeleri we teklipleri hödürleýär. Ykdysady çygyrda amala aşyrylýan sebitleýin hyzmatdaşlyk dünýä tejribesinde şeýle gatnaşyklaryň netijeli görnüşleriniň biri hökmünde özüni görkezdi.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyyň daşary ykdysady strategiýasynyň geoykdysady ugruny durmuşa geçirmekde ulag pudagyna aýratyn orun degişlidir. Bu strategik pudagyň ösüş mümkinçilikleri transmilli taslamalary amala aşyrmak arkaly durmuşa ornaşdyrylýar. Hususan-da, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň V sammitinde kabul edilen iki sany özarabaglanyşykly we biri-birini şertlendirýän Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda we Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyklara gol çekilmegi sebitleýin hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hukuk esaslaryny emele getirýär. Netijede, iri halkara taslamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýyny düýpli berkitmek bilen, ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna amatly goşulyşmagyny hem üpjün edýär.

Ulag pudagy dünýäde ählumumylaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren sebäpleriň biri bolup, häzirki döwürde ol sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Her bir döwlet öz geografiki taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Ahyrky netijede, bu dürli ugurlarda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli ulag gatnawlarynyň artmagyna, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklaryň we syýahatçylygyň uly depginde ösmegine itergi berýär. Şu nukdaýnazardan, halkara ähmiýetli ulag maksatnamalary diňe bir olara gatnaşýan döwletler üçin ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem şol ýurtlaryň tutuş jemgyýetçilik ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynda Hazar deňzi sebitiniň ýurtlarynyň arasynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesiniň möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi yklymlary birleşdirmekde, ykdysadyýeti ösdürmekde onuň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Çünki ýurdumyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň, Gündogaryň we Günbataryň çatrygynda geografiki taýdan amatly ýerleşmegi içerki ösüş üçin, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat edýän möhüm esas hökmünde çykyş edýär. Birinji Hazar ykdysady forumynda gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ulag ulgamyny ösdürmek babatynda gepleşikleri geçirmek, hödürlenjek teklipleri ara alyp maslahatlaşmak we degişli çözgütleri kabul etmek meýilleşdirilýär. Şeýle forumlaryň geçirilmegi bilelikde sebitiň şu gününi we geljegini nazarlaýan halkara taslamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna badagla berýär. Sebitara infrastrukturasynyň häzirki zaman giň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi bu sebitiň döwletleriniň mundan beýläk-de global ykdysady ösüşe netijeli goşulyşmagyna güýçli itergi berjekdigini alamatlandyrýar. Mundan başga-da, ol bu ýurtlarda maýa goýumlarynyň artmagyna we netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin şertleri üpjün etmäge ýardam berjekdigi gümansyzdyr. Foruma gatnaşjak döwletler tarapyndan ulag, syýahatçylyk, maýa goýumlar, energetika meseleleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň halkara geoykdysady giňişligiň täze keşbiniň kemala gelmegine ýardam berjekdigine ynamy güýçlendirýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynda ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýän meseleleriň köpdürlüligi olar babatynda ýurdumyzyň hususy garaýyşlarynyň giňden beýan edilmegini şertlendirýär. Ýagny, Türkmenistan özüniň Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ýurtda bar bolan infrastruktura we aragatnaşyk mümkinçiliklerinden, ýokary ulag-üstaşyr geçirijilik ukyplaryndan goňşy ýurtlaryň, ahyrky netijede, dünýä bileleşiginiň netijeli ulanmagy nukdaýnazardan garamagy ýurdumyzda alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň oňyn netijeleridir. Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň köp sanli milli ykdysady taslamalary üstünlikli amala aşyrmakdaky tejribesi we uly mümkinçilikleri dürli sebitleriň ýurtlarynda gyzyklanma döredýär. Hazarýaka sebitinde iri halkara deňiz portlarynyň biri bolan Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleri köp ýurtlaryň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berýän şertleriň biridir. Çünki deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin bu halkara portuň ähmiýeti uly bolup, ol diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, beýleki döwletleriň hem ykdysady ösüşine öz oňyn täsirini ýetirýär.

Geçiriljek günleri barha ýakynlaşýan birinji Hazar ykdysady forumy, bir tarapdan, Türkmenistan döwletiniň sebit we ondan daşarky çäklerdäki hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda iri halkara taslamalary hödürleýän we goldaýan ýurt hökmündäki ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjek netijeli gural bolup durýar. Beýleki tarapdan, ol dürli ýurtlaryň umumy bähbitlerine esaslanýan sebit hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki modelini işläp taýýarlamak ugrunda ädilen ýene-de bir netijeli ädimleriň biridir.

Türkmenistanyň dünýä ösüşiniň meselelerini bilelikde çözmek boýunça öňe sürýän garaýyşlary we teklipleri diňe biziň döwletimiziň ýa-da Hazarýaka ýurtlarynyň ileri tutulýan ugurlaryna jogap bolman, eýsem, bütin dünýä bileleşiginiň bähbitleriniň hatyrasyna howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam edýär. Öňde boljak bu forum bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ykdysady diplomatiýanyň dünýä ýüzünde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.



Maýagözel BABAÝEWA, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, № 192 (29458), 03.08.2019ý.



Yza

Şeýle hem okaň