RAÝAT GORANYŞY BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň merkezi edarasynda “Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda halas ediş işlerini gurnamak” meseleleri barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi bilelikde guradylar. Wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligiň merkezi edarasynyň we onuň garamagyndaky edaralaryň işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyş müdirliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyş müdirliginiň döwlet gözegçilik bölüminiň uly ofiser-gözegçisi polkownik N.Nurlyýew häzirki wagtda adatdan daşary ýagdaýlaryň görnüşleri, hususan hem tebigy we tehnogen häsiýetli howplar ýüze çykanda raýat goranyşy guramak, onuň aýratynlyklary we halas ediş işleri barada belläp geçdi. Aşgabat şäheriniň raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyşy bölüminiň, raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň başlygy podpolkownik K.Jepbarow dünýäniň dürli sebitlerinde tebigy we tehnogen häsiýetli howplaryň ýüze çykmagy bilen emele gelen adatdan daşary ýagdaýlar barada, bu howplaryň netijesinde ýetirilen zyýan barada çykyşynda belläp geçdi. Çykyşlaryň dowamynda ýörite taýýarlanan slaýdlar hem gatnaşyjylara görkezildi. Munuň özi Ministrligiň ulgamynyň işgärleriniň raýat goranyşyň esaslaryny has-da gowy öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Umuman, “Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda halas ediş işlerini gurnamak” meseleleri boýunça Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň bilelikde guran wagyz-nesihat duşuşygy netijeli we ähmiýetli çäre boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar asuda, parahat ýurtda ýaşaýandyklary üçin buýsançlaryny beýan edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamak bagtyny peşgeş beren hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar.




Yza

Şeýle hem okaň