ZENAN WE DÖWÜR

Üçünji müňýyllykda dünýä jemgyýetçiligi dünýäniň ähli künjeklerinde adam hukuklaryny goramagy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde öňe çykarýar. Adam hukuklarynyň pugta berjaý edilmegi, kanunlaryň ählumumy hökmürowanlygy islendik döwletiň jemgyýetçilik ösüşiniň kämillik derejesini kesgitleýär. Adamyň ýaşamaga, zähmet çekmäge, bilim almaga, hünär öwrenmäge, maşgala gurmaga bolan we beýleki binýatlaýyn hukuklary barada gürrüň edilende, köplenç, gender deňligini üpjün etmegiň zerurlygy barada söz açylýar.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Türkmenistan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni döwlet syýasatynyň gözbaşynda goýýan döwletdir. Aýallaryň we erkek adamlaryň deň hukuklylygyny üpjün etmekde we goramakda ýurdumyzyň tutýan orny, öňe çykarýan hukuk kadalary, ileri tutýan jemgyýetçilik ýörelgeleri köpasyrlyk taryhymyza hem millilik ýolumyza daýanýar. Şol sebäpden bu ýörelgeler halkymyzyň kalbynda orun alyp, nesiller tarapyndan pugta berjaý edilýär, halkara jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Zenanlara goýulýan sarpanyň elýetmez derejelere göterilmegi ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýolunyň ynsanperwerlige ýugrulandygyny görkezýär.

Türkmenistan gender deňligini goramak meselesinde toplumlaýyn, hemmetaraplaýyn çemeleşmek usulyna ygrarly bolmagynda galýar. Döwletimiz bu ugurda iri halkara guramalary bilen ýakyn arabaglanyşykda iş alyp barýar, ählumumy derejede kabul edilen kadalaryň pugta berjaý edilmegini aýrylmaz şert hökmünde belleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gender deňligi barada halkara Konwensiýasyna goşuldy. Bu ýagdaý ýurdumyzyň dünýä ösüşi bilen deň gadam urýandygyny, öňe barýandygyny görkezýär.

Gender deňligi aýal-gyzlaryň hem-de erkek adamlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle-de jemgyýetdäki borçlarynyň deň goýulmagyny, olara deň garalmagyny we deň derejede berjaý edilmegini mizemez kada hökmünde öňe çykarýar. Türkmenistan adam hukuklarynyň goragynda pugta durýan döwletdir. Gender deňligi zenanlaryň kanunyň, jemgyýetiň, milli adatyň, ruhy-ahlak ýörelgeleriň öňünde deň kadalara tabyn bolýandygyny, deň hukuklara we borçlara eýedigini aňladýar.

Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda amala aşyrylýan işler, berjaý edilýän asylly kadalar halkymyzyň kämil ruhy-ahlak ýolunyň ynsana hormat goýmaga ýugrulan many-mazmunyny doly açyp görkezýär. Olaryň esasylarynyň biri zenan maşgalalara tebigy gözelligiň, näzikligiň, ahlak päkliginiň iň ýokary nusgasy hökmünde garamak dessurydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belent adamkärçilik hem watançylyk göreldesine gyşarnyksyz eýerýän halkymyz gyz-gelinlere erkekler bilen deň hukuklary üpjün edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyza goýulýan hormat-sylag, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek milli kanunçylygymyzda anyk beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda», «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary maşgala gymmatlyklaryny goramagyň, maşgala binýadyny pugtalandyrmagyň, maşgala abadançylygyny berkitmegiň altyn kadalaryny öz içine alýar.

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, döwletimiz tarapyndan aýallara çaga doglanda we oňa üç ýaşa çenli seretmek üçin döwlet kömek pullary, pensiýa ýaşyna ýetende pensiýalar ýa-da durmuş kömek puly berilýär. Çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn kömek puly hem-de çaganyň üç ýaşy dolýança oňa seretmek boýunça kömek puly, çaga seredýäniň işleýändigine ýa-da işlemeýändigine garamazdan, bellenilýär hem-de tölenilýär. Ýaş bäbekli gelinlere uzak möhletli tölegli hem çaga seretmek boýunça tölegsiz rugsatlar berilýär. Bu döwürde onuň iş orny saklanyp galýar. Reproduktiw saglygy goramak meselesinde-de zenanlar barada uly alada edilýär. Nesil dowamatynyň sagdynlygyny üpjün etmek, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek meseleleri döwletimiziň üns merkezinde saklanýar. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak, çaganyň irki ösüşi bilen baglylykda hemmelere görelde alarlyk işler bitirilýär.

Ajaýyp döwrümizde ene sarpasy, zenan sarpasy jemgyýetimizi pugtalandyrýan egsilmez güýje öwrüldi. Zenanlara hormat goýmak, eneleri mukaddeslik derejesinde başyňa täç etmek döwlet syýasatynyň gözbaşlarynda goýlandyr.

Türkmen zenany — döwletli törüň eýesi, mähriban uýa, eziz ene, jogapkärli döwlet işgäri, nesil terbiýesiniň kämil mekdebi. Zenanlar döwletli ojagyň mähir oduny söndürmän saklaýar, özüniň päk söýgüsi hem wepasy bilen gerçeklere egsilmez gaýrat bagyşlaýar, çagalaryny öz mähri hem paýhasy bilen penalaýar, hemişe olaryň ömrüni hem bagtyny diläp ýaşaýar.

Ýurdumyzda «Ene mähri» diýen hormatly at döredilendir. Bu at sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren enelere dakylýar. Göreldelik edebi, halal zähmeti, jemgyýetçilik işjeňligi bilen tapawutlanan zenanlar «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolýarlar. Toýly günde gursagyna orden-medal dakynyp, öňe çykanda, halkymyz olara guwanýar, ýaşlar olara meňzemegi maksat edinýär.

Munuň özi ýurdumyzda adam hukuklaryna we azatlyklaryna goýulýan hormat-sarpanyň ýokarydygyny görkezýär. Her bir adamyň gursagynda ýaşaýan arzuwlara gol berýän şeýle mertebeleri halkymyza bagyşlaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!



Aksona ATAÝEWA, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmeti kadalaşdyrmak we zähmet haky müdirliginiň baş hünärmeni.
«Watan» gazeti № 97 (13075), 2019-njy ýylyň 10-njy awgusty.



Yza

Şeýle hem okaň