RÖWŞEN GELJEGE BADALGA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu taglymaty ýurdumyzyň her bir raýatyna hyzmat etmek, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek boýunça durmuş ugurly syýasatyndan gözbaş alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň durmuşa geçirilmegi hem bu ugurdaky tagallalar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Adam hakdaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti döretmek bilen baglanyşykly edilýän tagallalaryň örän möhüm ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň ýörite resminamasy esasynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllar aralygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýada Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti döretmegiň möhüm meseleleri öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Konsepsiýany üç tapgyrda amala aşyrmak maksat edinilýär. Konsepsiýany amala aşyrmagyň birinji tapgyry, 2019-njy ýyly öz içine alyp, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaranyň bellenilmegi, sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça Pudagara toparyň döredilmegi, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň we ony amala aşyrmagyň çäreleriniň meýilnamasynyň işlenilip taýýarlanmagy göz öňüne tutuldy. Mundan başg-da, birinji tapgyr ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýadyny seljermek, edara-kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýeti ösdürmekde taýýarlyk derejelerini kesgitlemek, olaryň maddytehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribesi bolan milli we halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek ýaly çäreleri öz içine alýar. 2020 — 2023-nji ýyllary öz içine alýan ikinji, 2024 — 2025-nji ýyllary öz içine alýan üçünji tapgyrlarda hem sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ýurdumyzyň geljekki ösüş strategiýasy anyk beýanyny tapýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, alnyp barylýan giň gerimli işlerde raýatlaryň eşretli we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly tagallalar özüniň anyk beýanyny tapýar. Bu Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan täze, döwrebap obalaryň, şäherçeleriň, şeýle-de etraplardaky şäherleriň üsti ýetiriler, iri önümçilik kärhanalary peýda bolar.

Ýeri gelende, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatlarda täze zawodlaryň we fabrikleriň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilikleriň gurulmagyna köp mukdardaky serişdeleriň gönükdirilýändigi, sebitleri ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmaga döwlet hem-de dürli ugurly hususy kärhanalaryň işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Munuň özi ilat üçin täze iş orunlarynyň döredilmegini, ilaty iş bilen üpjün etmegiň derejesiniň artdyrylmagyny şertlendirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda » öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň we şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň hem tassyklanylandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Bu zatlar halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy barada edilýän hemmetaraplaýyn aladanyň dabaralanmasydyr. Adam hakdaky alada döwlet syýasatynda ileri derejede ähmiýet berýändigi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.



Amanýaz ORAZMYRADOW, Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň başlygynyň orunbasary, başlygyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn alyp baryjy.
«Ahal durmuşy» gazetiniň 2019-njy ýylyň 16-njy awgustyndaky № 98 (4092)



Yza

Şeýle hem okaň