«TÜRKMENIŇ ALTYN ASYRY» BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI BELLI EDILDI!

Mähriban Arkadagymyzyň 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabryndaky «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda» kararyna laýyklykda, iň gowy makalalary we oçerkleri üçin Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň zähmet gory bölüminiň baş hünärmeni Maýagözel Amanmyradowna Babaýewa «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan edildi we Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat pul baýragy bilen sylaglandy.

Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýunyň öňüsyrasyndaky bu şatlykly waka mynasybetli Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligiň hürmenleriniň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda kärdeşleri M.Babaýewany Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň, dünýä ýüzündäki belent at-abraýynyň, ýurdumyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, jemgyýetimiziň asudalygynyň, edebiýatymyzda, medeniýetimizde, sungatymyzda gazanan üstünliklerimiziň taryhy ähmiýetini, gadyr-gymmatyny giňden şöhlelendirýän täze, kämil eserleri döretmekde üstünlikleri arzuw etdiler.

Şeýle hem maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyr» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşige edebiýat we sungat işgärleriniň ençemesiniň yzygiderli gatnaşýandygyny, bu bäsleşik her ýylda ýurdumyzda täze zehinleri ýüze çykarmaga, döredijilik işgärleriniň hünär-başarnyklaryny kämilleşdirmäge, türkmen sungatyny we edebiýatyny kämil eserler bilen baýlaşdyrmaga uly ýardam berýändigi barada aýratyn belläp geçdiler hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň her bir raýatynyň işlemegi, okamagy, gurmagy, döretmegi üçin ähli şertleri döredýändigi we şeýle şertlerden peýdalanyp çekýän ujypsyzja zähmetimiz üçin şa serpaýlaryny gowşurýandygy üçin uly minnetdarlyk bildirdiler we Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.


Yza

Şeýle hem okaň