HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMEN ALABAÝY» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň ykdysady toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzyň birine öwrülen türkmen alabaýyna bagyşlan «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Täze kitabyň tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler bu ajaýyp kitabyň pederlerimizden miras galan alabaý itiniň taryhyny bilmek üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen bellediler.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň dünýä çykaran gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýy barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän kitabynyň neşir edilmegi milli mirasymyzy çuňňur öwrenmekde we wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki tebigata bolan söýgini çagalykdan kalbynda besleýän türkmen üçin haýwanat dünýäsine bolan gyzyklanma, söýgi gündelik durmuşy bilen aýrylmaz baglydyr. Hünärmenler türkmen alabaýyny taryhyň bütin dowamynda başga tohumlar bilen garyşman, özüniň gadymy hem-de gaýtalanmajak görnüşini saklap gelen ýeke-täk it tohumy hökmünde ykrar etdiler. Ginnesiň rekordlar kitabynda at-abraýy ýurduň çäginden çykyp, uzak ülkelere ýaýran alabaýlaryň birnäçesine orun berilýär. Geçen döwürlerde, müňýyllyklara uzaýan taryhyň dowamynda türkmen alabaýynyň ady gaýduwsyzlygyň, goragyň, mertligiň nusgasyna öwrülen bolsa, häzirki döwürde wepalylyk we dostluk manysynda köňüllere dolýar. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tumary hökmünde alabaýyň şekiliniň saýlanyp alynmagy we oňa Wepaly adynyň berilmegi bilen, alabaý bütin dünýäde täze gyzyklanma eýe boldy. Onuň egni milli lybasly ýa-da sport lybasyndaky keşbi türkmen sportunyň röwşen geljeginiň buşlukçysyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň:

Ýurdum — joşgunyň mekany,

Toýuň, buşlugyň mekany!

Gujurly, syzgyr, wepaly,

Merdan türkmen alabaýy — diýip belleýşi ýaly, alabaýyň nyşany ýeňişleriň nyşanyna öwrüldi. Milli guwanjymyz bolan ahalteke bedewi hem-de alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna hem-de dostlaryna öwrülen jandarlardyr.

Mähriban Prezidentimiz milli mirasymyzyň öçmez-ýitmez nusgalaryna şan berdi, olaryň şöhratyny dünýä ýaýdy, iň esasy-da, her bir gymmatlygymyz barada giňişleýin we çuňňur öwrenip, taryhy maglumatlary toplap, ajaýyp eserleri halkymyza peşgeş berdi. Türkmen alabaýyna bagyşlanan täze kitap hem örän gymmatly maglumatlara baý bolup, ata-babalarymyzyň nusgalyk mirasyna buýsanjymyza buýsanç goşýar.

Kitapda alabaýlar barada gürrüň berilmek bilen: «Hakyky tohum it eýesiniň eline dişini degirmez. Şonuň üçin ýaşajyk çagalar hem alabaýa lukma berip bilýändir» diýlip bellenilýär. Munuň özi türkmen alabaýlaryna Gahryman Arkadagymyz tarapyndan berilýän belent bahadyr.

Kitap «Dünýä abadanlyk nuruny saçsyn!», «Ilkinji hem ynamdar syrdaş», «Çagalyk dosty — wepaly dost», «Wepalylygyň hem-de batyrlygyň keşbi», «Türkmen tohum iti alabaý hakynda dürli döwürlerde ýandepderçäme ýazyp alan belliklerim» atly bölümlerden ybarat bolan täze kitap ösüp gelýän ýaş neslimizi watançylyk, milli mirasymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemekde düýpli gollanma bolar diýip ynam bilen aýtmak bolar.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň şeýle gymmatly kitaplary dowamat-dowam bolsun, ylhamy elmydama joşgunly bolsun!




Yza

Şeýle hem okaň