ŞA SERPAÝYŇYZ GUTLY BOLSUN!

2019-njy ýylyň 25-nji sentýabryndaky Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, watandaşlarymyzyň köp sanlysy köpýyllyk ak ýürekli hem-de halal zähmetleri üçin döwlet sylaglaryny mynasyp boldular. Şu mynasybetli ykdysady toplumyň binasynyň mejlisler zalynda ählumumy agzybirlik we ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen sylaglary gowşuryş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gatnaşdy. Ol ýygnananlary Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, bagt, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze sepgitleri we döredijilik üstünliklerini arzuw etdi. Döwlet sylaglaryny buýsanç duýgusy we tolgunma bilen kabul eden adamlar işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Dabarada Halk Maslahatynyň Aşgabatda geçirilen ikinji mejlisinde kabul edilen täze wajyp çözgütleriň döwletimiziň okgunly ösüşine kuwwatly itergi berjekdigi hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat etjekdigi aýratyn nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň milletimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň berkidilmegine, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi ugrunda güýç-gaýratlaryny we ukyp başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Biz hem ulgamymyzyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan işgärlerimizi, ýagny Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň Maddy üpjünçilik bölüminiň esasy hünärmeni O.Baýramowany, Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümçesiniň baş hünärmeni O.Amanmyradowy, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň Başlangyç pensiýa maýasyny hasaplamak, pensiýalary bellemek bölümçesiniň baş hünärmeni M.Öwezowy tüýs ýürekden gutlaýarys. Bu berilen şa serpaýyna biziň ulgamymyza berilen baha diýip hasaplaýarys we şu mynasybetli hem biziň begenjimiziň, buýsanjymyzyň çägi ýok. Geljekde hem ulgamymyzyň agzybir işgärleri bolup, Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan dünýa nusgalyk ynsarperwer tutumlaryny durmuşa geçirmekde jan aýaman halal zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Goý, merdana halkymyzy bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşatmak üçin uly aladalar edýän eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!




Yza

Şeýle hem okaň