1-NJI OKTÝABR - ÝAŞULYLARYŇ HALKARA GÜNI

Ýaşuly nesillere hormat goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymdan gelýän mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Toý – tomaşanyň ýaraşygy bolan nurana gojalara, güler ýüzli enelere goýulýan hormat, olara bolan söýgi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadag Prezidentimiziň saýasynda has-da artýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün etmek, ilatyň durmuş ýagdaýy bilen içgin tanyşmak maksady bilen, welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda iş saparlary bilen bolan wagtlary, ikinji nobatda, ýaşulylar bilen mähirli salamlaşyp, olaryň saglyk, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlary bilen gyzyklanmagy we olar bilen geňeşmegi ýaşuly nesliň kalbynda çuňňur kanagatlanma duýgularyny döredýär.

Ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň 1-ne «Ýaşulylaryň halkara güni» aýratyn ruhubelentlik bilen döwlet derejesinde uludan bellenip geçilýär.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagyndaky edaralarda hem Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýaşulylaryň halkara gününe bagyşlanyp, aýdym-sazly çäreler geçirildi.

Toý desterhanynyň başynda guralan şatlykly çäreler turuwbaşdan şirin aýdym-sazlara beslendi. Çäreleriň dowamynda ýaňlanan şirin owazly aýdym-sazlar, degişme sahnalar, wäşileriň öýkünme çykyşlary mähirli el çapyşmalar bilen garşylandy.

Geçirilen çäreleriň dowamynda ýaşuly raýatlara baýramçylyk gutlag sözleri aýdylyp, olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Berkarar dӧwletimiziň bagtyýarlyk dӧwründe «Dӧwlet adam üçindir!» diýen şygary ýol-ýӧrelge edinýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan dӧredilip berlen eşretli, bagtyýar durmuşyň gadyr-gymmatyny her ädimde duýup ýaşamaklygy hem-de ähli zatdan ileri tutulýan ynsan saglygyny gorap saklamakda yzygiderli edilýän işleriň bimӧçberdigi barada dabara gatnaşan ýaşulylar uly buýsanç bilen belläp, bu bagtyýarlygyň gӧzbaşynda duran Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň adyna müň kerem alkyş sӧzlerini aýtdylar.


Yza

Şeýle hem okaň