“HALAL ZÄHMET - BAGTYÝAR DURMUŞYŇ KEPILIDIR!” ATLY WAGYZ – NESIHAT DUŞUSYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň mejlisler zalynda korrupsiýa garşy hereket etmegiň meseleleri barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi gurady. Wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligiň we onuň garamagyndaky Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi we Pensiýa gaznasynyň müdirlikleriniň işgärleri, şeýle hem ýaşuly nesliň, hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň baş maksady hormatly Prezidentimiziň döwlet durmuşyna ters gelýän parahorluk we korrupsiýa ýaly ýaramaz hadysalaryň öňüni almakda öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine bagyşlanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, jemgyýetçilik durmuşynyň bu hadysalary ykdysadyýetden başlap, ahlaga çenli, biziň durmuşymyzyň dürli ugurlaryna örän ýaramaz täsirini ýetirýär.

Duşuşykda çykyş edenler öz çykyşlarynda korrupsiýa garşy göreşmekde jemgyýetiň öňünde durýan esasy wezipelere we bu ugurda alnyp barylýan işlere ünsi çekdiler.

Ýurdumyzda jemgyýetimiziň kämil ösüşini üpjün edýän kanunlar kabul edildi. “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda”, “Döwlet gullugy hakynda”, “Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda” dünýä ülňülerine laýyk gelýän kanunlar hereket edýär. Şeýle kanunlaryň kabul edilmegi ýaramaz hereketlere garşy göreşi has-da güýçlendirmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her bir adamyň zehinini we ukyp-başarnygyny amala aşyryp bilmegi hem-de öz halal, tutanýerli zähmetiniň miwesini görüp bilmegi üçin ähli oňaýly şertler döredildi. Ýaşuly nesliň wekilleri, şol sanda zenan-eneler jemgyýetiň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, milletiň agzybirligini, jebisligini, bitewüligini berkitmek işinde paýhasly maslahatçylar diýip, duşuşykda çykyş edenler bellediler.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Watanyny jany-teni bilen söýýän, ýokary ahlak ýörelgelerine, ýurduna we halkyna wepalylyk däplerine ygrarly adamlary kemala getirmegiň şu günüň baş maksadydygy nygtaldy.

Umuman, korrupsiýa garşy hereket etmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň guran wagyz-nesihat duşuşygy netijeli we ähmiýetli çäre boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde hem eziz Watanymyzyň bähbidine tutanýerli zähmet çekip, öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek maksadynda güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.


Yza

Şeýle hem okaň