“GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGY: TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK WE DURNUKLY ÖSÜŞ BABATDA TÄZE BAŞLANGYÇLARY” ATLY DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Ýakynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabat mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi we onuň çäklerinde kabul edilen Jarnamanyň taryhy ähmiýeti, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň “Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli 2019-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: “Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlyk we Durnukly ösüş babatda täze başlangyçlary” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň başlyklyklyk etmeginde geçirilen GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri, Arkalaşygyň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljegini kesgitlemek boýunça düýpli gürrüňleriň edilendigi bellenildi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň GDA başlyklyk eden ýylynda bu guramanyň işine ýeterlik derejede itergi berendigi barada bellenilip, şunda ilkinji nobatda ykdysady meseläniň ileri tutulandygy aýdyldy.

Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň” kabul edilmegi hemmeleriň kalbynda buýsanç döretdi. Maslahatyň dowamynda onuň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.

Paýtagtymyzda geçirilen sammitiň iň bir tolgundyryjy pursatlarynyň biri hem GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň hormatly Prezidentimizi “Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi kabul edendigidir. Bu belent sylagyň Arkadag Prezidentimize gowşurylmagy ähli halkymyzy begendirdi.

Maslahata gatnaşanlar Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň barha beýgelýändigi barada aýratyn buýsanç bilen gürrüň etdiler. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar dünýä ähmiýetli ynsanperwer ýörelgelerini öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza özleriniň alkyşlaryny beýan etdiler.


Yza

Şeýle hem okaň