2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Maliýe, ykdysadyýet ulgamynyň edaralarynyň guramagynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmegiň meseleleri barada wagyz-nesihat we öňüni alyş maslahaty geçirildi. Maslahata Maliýe, ykdysadyýet ulgamynyň işgärleri, şeýle hem ýaşuly nesliň, hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň geçirilmeginiň esasy wezipesi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde demokratik esaslara we hukuk düzgüniniň ýokary tutulmagyna garşy täsir edýän, döwletiň esaslarynyň we milli howpsuzlygynyň gowşamagyna getirýän hem-de esasy gymmatlygy bolan adamlaryň we olaryň hukuklarynyň garşysyna hereket edýän, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini bökdeýän we ilatyň ýaşaýyş-durmuşyna zyýan ýetirýän ýaramaz ýagdaý hökmünde korrupsiýa garşy göreşmek we ony ýok etmek maksady bilen, «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakyndaky» Türkmenistanyň kanuny esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda çykaran 236 belgili karary bilen tassyklanan Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasynda hem-de 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda geçirilen Hökümet maslahatynda Hormatly Prezidentimiziň hiç kime, hiç haçan halkyň puluny ogurlamaklyga ýol berilmejekdigini nygtaýşy ýaly döwletiň ähli edaralarynyň we raýat jemgyýetiniň institutlarynyň, her bir raýatyň korrupsiýa garşy hereketlere işjeň gatnaşygyny üpjün etmek we olaryň işlerini utgaşdyrmak arkaly korrupsiýanyň döremegine getirýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hem-de türkmen jemgyýetiniň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda korrupsiýanyň gutarnykly ýok edilmegini gazanmak barada bolup durýar.
Maslahatda çykyş edenler hususan-da, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere, durmuş we ykdysady ösüşlere, gazanylýan üstünliklere korrupsiýanyň we parahorlygyň zyýanly täsiri barada çykyş edip, şeýle ýaramaz ýagdaýa türkmen topragynda ýol berilmejekdigini nygtap geçdiler.
Korrupsiýa we parahorluga garşy göreşiň hemmeleriň borjudygy, Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýaşamaga, işlemäge, döretmäge ähli amatlyklaryň bardygy, ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuşa geçirilýän özgerişlere öz şahsy goşandyny goşup, halal zähmet çekmelidigi hakyndaky çagyryşlar bilen maslahat jemlenildi.