Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni uly üstünliklere, rowaçlyklara, şanly wakalara beslenýär. 2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmen puly – manadyň dolanyşyga girizilen gününiň 26 ýyllygy dabaraly belleniler.
Rana Galaýewa.,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Usulyýet müdirliginiň baş hünärmeni.
1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň taryhynda ähmiýetli waka boldy. Ol türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň pugtalandyrmagynyň ýolunda möhüm ädim boldy. Milli pula eýe bolmak we maliýe-pul özgertmelerini durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýeti özüniň yzygiderli ösüşi hem-de halkara gatnaşyklary ulgamyna has-da ýakynlaşmagy üçin kuwwatly itergi aldy.
Pul dolanyşygy öz gözbaşyny iň gadymy döwürden alyp gaýdýar. Uzak geçmişde adamlaryň arasynda alyş-çalyş edilen wagtynda onuň öwezini tutup biljek aýratyn haryda-pula isleg döräpdir. Ýer ýüzüniň dürli ýerlerinde, dürli eýýamlarda ýelekler, balykgulaklar, merjenler, kumuş, altyn ýaly dürli zatlar şunuň ýaly puluň wezipesini ýerine ýetiripdir.
Pullar adamzat siwilizasiýasynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, pul dolanyşygynyň taryhy bolsa ýer ýüzüniň islendik ýerinde jemgyýetiň ösüş derejesiniň esasyny düzýän örän möhüm şertleriň biridir.
Pullaryň metal şaýylyklar görnüşinde peýda bolmagy döwletiň kemala gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Metal pullary we ýasalyş tehnikasy boýunça şaýylyklara meňzeş bolan medallary, žetonlary öwrenýän ylma “numizmatika” diýilýär.
Türkmenistanyň çäklerinde örän gadymy şäherleriň harabaçylyklarynyň hemmesinde diýen ýaly metal pullar - şaýylyklar tapyldy. Ol şaýylyklar gadymy söwdany, pul dolanyşygyny, geçen eýýamlaryň ykdysadyýetini öwrenmegiň çeşmesidir. Bular alymlar tarapyndan giňden öwrenilýär. Şaýylyklarda geçen eýýamlaryň äheňleri, ony taýýarlaýjy nakgaşlaryň ussatlygy, ussahanalaryň tehniki mümkinçilikleri öz beýanyny tapypdyr. Şeýle hem bu şaýylyklar gadymyýetiň halklarynyň ideologik baýlyklaryny, syýasy ýörelgelerini, jemgyýetçilik durmuşyny öwrenmek üçin örän möhüm çeşmedir.
Gadymy teňňeler ýa-da numizmatik materiallar öwrenilende näbelli şäherleri, patyşalyklary, hökumdarlary we olaryň ýaşaýyş durmuşyny, kanunlaryny, ýurduň uzak geçmişdäki başga ýurtlar bilen ykdysady, syýasy we söwda aragatnaşyklaryny, onuň içerki ykdysady ýagdaýyny, halk köpçüliginiň durmuş derejesini häsiýetlendirýän gymmatly taryhy maglumatlary almak bolýar.
Belli bir agrama, forma we gymmata eýe bolan metal pul dünýäde ilkinji gezek Kiçi Aziýada ýerleşen Lidiýa döwletinde biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda çykarylypdyr. Ol pullar elektrden - altyn bilen kümüşiň gyryntgysyndan ýasalypdyr. Metal pul soňra grek şäherlerine, Eýrana we beýleki ýurtlara ýaýrapdyr.
Türkmenistanyň çäklerinde ulanylan iň gadymy metal pul biziň eýýamymyzdan öňki VI asyra degişlidir. Ol Eýranda Ahemeniler nesilşalygy tarapyndan çykarylan, agramy 8 grama barabar bolan altyn puldyr. Bu sebitde altyndan soňra, kümüş şaýylyklar zikgelenip başlapdyr.
Adamzat medeniýetine örän uly täsir eden ýagdaýlaryň biri-de Beýik ýüpek ýolunyň döremegi we rowaçlanmagydyr. Ol Ýewropanyň we Aziýanyň köp halklarynyň gazananlaryny özünde jemläp dünýä ýüzüniň keşbini düýpli özgerdipdir. Pileden ýüpek taýýarlamagyň usullaryny bilmeýän ýewropalylar şu ajaýyp mata uly isleg bildiripdirler, we olar şol matalaryň Gündogar Ortaýer deňziniň ýurtlaryna eltilmegini gurnapdyrlar. Harytlaryň görnüşi barha artypdyr. Halkara söwdanyň ösmegi maliýe işleriniň ösmegini şertlendiripdir.
Pullar adamzat siwilizasiýasynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, pul dolanyşygynyň taryhy ýer ýüzüniň islendik ýerinde halkyň medeniýetiniň, jemgyýetiň ösüş derejesiniň esasyny düzýän örän möhüm ýagdaýlaryň biridir.
Häzirki döwürde manadyň durnuklylygy we onuň goraglylygy halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň esasy gözbaşlarynyň biridir.
Milli pulumyz eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmegiň aýrylmaz görkezijisi, döwletiň karz-pul syýasatynyň ygtybarly, ynamly guralyna öwrülip, durmuşymyza ykjam ornaşyp bildi. Döwletimizde nyrhlaryň durnukly, elýeterli saklanmagy türkmen manadynyň ygtybarlygyna janly şaýatdyr. Munuň özi ýurdumyzyň ilatynyň ýokary satyn alyjylyk ukybyny birkemsiz üpjün edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen puly bilen biz bagtyýar bolduk. Halkymyz bolelin durmuşa ýetdi. Halkymyzy eşretli we owadan geljege alyp barýan Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!
«Watan» gazeti, № 132 (13110), 31.10.2019ý